«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 5-nji sany çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky 5-nji sany okyjylara ýetirildi.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda 18-nji maýda bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýlaşylan «Döwlet berkararlygynyň synmaz sütünleri» atly makala ýerleşdir...
GDA döwletleri ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny taýýarlaýarlar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirýärler. Bu barada BELTA agentligi Belarus döwletiniň energetika ministrligine salgylanyp habar berýär.
Arkalaşygyň çäklerinde energetika pudagynda özara gatnaşyklar meselesi Peterburg halkara ykd...
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen geler
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol 11-15-nji iýun aralygynda Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda resmi saparda bolar. Bu barada koreý lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Belläp geçsek, Ýun Sok Ýol Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatn...
Kynçylyksyz bolmasa-da, ilkinji ekipažly Boeing Starliner Halkara kosmos stansiýasyna bardy
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda bortunda astronawtlar Sunita Wilýams we Barri Wilmor bolan köp gezeklik Boeing Starliner kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) birleşdi. Ýaýlym NASA-nyň saýtynda alnyp baryldy.
Tehniki näsazlyklar sebäpli ençeme gezek gijikdirilen uçuş ahyrynda bir gije-gündiz wagt aldy. Starliner-iň HKS bilen birleşme...
Günorta Koreýa Aýa we Marsa barmak meýilnamasyny yglan etdi
Günorta Koreýa 2032-nji ýyla çenli Aýa we 2045-nji ýyla çenli Marsa öz apparatlarynyň ugradylmaga gönükdirilen giň kosmos maksatnamasyny yglan etdi diýip, Phys.org habar berýär.
Prezident Ýun Sok Ýol ýakyn onýyllyklarda barlag üçin 70 milliard dollar beriljekdigini habar bedi.
Maksatnamanyň çäginde, Koreýa NASA-nyň 2026-njy ýyla çenli...
“Lesteriň” gahrymany we Gwardiolanyň öňki kömekçisi Enso Mareska “Çelsi” toparynyň ýolbaşçysy boldy
“Çelsi” Enso Mareskanyň topara baş tälimçi wezipesine bellenendigini habar berdi. 44 ýaşly italiýaly tälimçi ýene bir möwsüme uzaltmak mümkinçiligi bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.
Mareskanyň tälimçilik usuly Pep Gwardiolanyň çemeleşişine golaý. Mareska 2022/23 möwsümde onuň “Mançester Siti” tälimçiler ştabynda işledi. Ol " Mançester Siti...
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çapdan çykdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyzyl kitabyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutany Gutlagynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy...
Türkmen agyr atletikaçysy Süleýman Jafarow ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy
17 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Süleýman Jafarow 102 kilograma çenli agramda ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Ýaryş Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirildi.
Ştangany birden götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdiren Süleýman bu görnüşden altyn medal gazandy. Itekläp götermek boýunça görkezen 170 kilogramlyk netijesi...
Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
3-nji iýunda wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Tü...
Türkmenistanda welosportuň nazaryýeti we usulyýeti boýunça kitap neşir edildi
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan “Welosportuň nazaryýeti we usulyýeti” atly okuw kitaby neşir edildi. Bu barada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda habar berdiler.
Bu kitap Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňil we agyr atletika kafedrasyn...
Warner Bros. "300 spartaly" filminiň prikwel serialyny taýýarlaýar
Warner Bros. Television “300 spartaly” («300 спартанцев») filminiň prikwel serialynyň taýýarlanýandygyny mälim etdi. Ozal filmiň asyl nusgasynyň üstünde işlän Zak Snaýder taslamanyň režissýory we prodýusseri bolar diýip, Variety ýazýar.
Filmiň sýužetiniň jikme-jiklikleri barada entek hiç zat aýdylmady, ýöne serialyň 2006-njy ýylda görkezilen...
Arnold Şwarseneggeriň mähnet göwresi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Kaliforniýa ştatynyň Santa-Fe-Springs şäherindäki ShowFX sergisinde Arnold Şwarseneggeriň “Fubar” serialynyň gahrymanynyň keşbindäki äpet göwresi goýlupdyr. 6,75 metrlik heýkel aktýoryň iň uly göwresi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Rekordlar kitabynda heýkeliň boýunyň ortaça žirafyňkydan we ABŞ-nyň prezidentler...
Marsda nirä eltýäni näbelli ullakan gowak tapyldy
Marsyň üstünde ýerasty gowaga eltýän bolmagy mümkin ullakan çukur tapyldy. Obýekt NASA-nyň MRO planetara stansiýasyndaky HiRISE kamerasy arkaly tapyldy diýip, Hi-Tech habar berýär.
Çukur sönen Arsia Dagy wulkanyndan birnäçe km uzaklykda ýerleşýär.
Çukuryň tapylan sebiti wulkan düzlügidir we geçmişde bu wulkanlar işjeň ýagdaýda bolupdy...
Zimbabwede dinozawryň täze görnüşi tapyldy
Alymlaryň halkara topary Orta Zambezi derýasynyň basseýninden dinozawryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdi. Acta Palaeontologica Polonica žurnalynda bu sebitde soňky 50 ýylda tapylan ilkinji dinozawrdyr diýip bellenýär.
Tapyndyny Günorta Afrikanyň Witwatersrand uniwersitetiniň, ABŞ-nyň Stouni-Bruk uniwersitetiniň we Beýik Britaniýany...
Ilkinji ekransyz noutbuk görkezildi
Bir ýyllyk synagdan soň, Sightful kompaniýasy düýbünden ekransyz Spacetop G1 – AR kompýuterini çykardy. Täze önüm 1900 dollar bahasy bilen öňünden sargyt edilip bilner diýip, Wired habar berýär.
Spacetop G1, 100 dýuýma golaý diagonally wirtual displeý döredýän XREAL AR-äýnegi bilen işleýär. Enjam, Qualcomm Snapdragon QCS8550 prosessory, 16 G...
Aşgabadyň kinoteatrlary tomaşaçylara dürli žanrlardaky filmlerini hödürleýär
Şu hepde “Aşgabat” kinoteatry we “Türkmenistan” kinokonsert merkezi tomaşaçylara horror, komediýa, fentezi we başdan geçirmeler ýaly dürli žanrlardaky filmlerini we multfilmlerini hödürleýärler.
“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde:
7-nji iýun (anna güni):
·19:00 – “Göze görünmeýän erbetlik” (Невидимое зло, 2023)
9-njy...
FotoLab goşundysy arkaly futbolkalara onlaýn görnüşde surat çap etdirip bolýar
Bokallara, telefon çehollaryna surat çap etmek hyzmatyny ýerine ýetirýän FotoLab ykjam goşundysy ak futbolkalara hem suratlary çap edip berýär. Munuň üçin bar gerek zat - gerekli suratyňyz saýlap telefondan ykjam goşunda ýüklemek!
Islendik adam FotoLab ykjam goşundysynyň “Futbolkada çap etmek” diýen bölüminden futbolkany saýlap, çap etmek s...
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy diplomatik missiýasyny tamamlaýar
4-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlaýan Mohammad Faýazi bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-inda habar berýärler.
Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beý...
Wenesiýa ýene çäklendirme girizdi: syýahatçylar topary 25 adamdan köp bolmaly däl
Wenesiýada syýahatçylar üçin täze çäklendirmeler hereket edip başlady. Indi sesi gaty çykaryjy gurallary ulanmak gadagan edilýär, syýahatçylar topary bolsa 25 adamdan köp bolmaly däldir. Bu çäreler syýahatçylygyň şähere ýetirýän täsirini azaltmak üçin girizildi diýip, BBC salgylanyp, russiatourism.ru habar berýär.
2024-nji ýylyň başyndan Wen...
“Bawariýa” Germaniýanyň günortasynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi
“Bawariýa” futbol kluby Germaniýanyň günortasynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi. Bu barada toparyň metbugat gullugynyň resmi saýtdaky habaryna salgylanyp, “Çempionat” ýazýar.
“Suw joşmasy uly zyýan ýetirip, elhenç jebirlere sebäp boldy. Şeýle adatdan daşary ýagdaýlarda aýratyn jemgyýetçilik ruhy zerur we muny häzir ýe...