WSJ: Apple we Meta emeli aň pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

Meta korporasiýasy bilen Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri geçirdiler. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär.
Meta öz sanly önümlerini iPhone arkaly ýaýratmakda Apple-iň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dow...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

6-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

6-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar...

Dowamy »

230 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Özbegistana syýahatçylyk akymy boýunça Türkmenistan ilkinji bäşlige girýär: 5 aýda 53,8 müň syýahatçy

2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 2,8 million daşary ýurtly raýatlar syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana geldi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,6% köp. Bu barada, Özbegistanyň statistika gullugy habar berýär.
Syýahatçylaryň sany boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary ilkinji orunlary eýeleýärler: Täjigistan (871,5 müň), Gyrgyzystan (857 müň)...

Dowamy »

229 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” II integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly mekdep okuwçylarynyň arasynda tapgyrlaýyn geçirilýän II integrirlenen olimpiadanyň 3-nji jemleýji tapgyry geçirilýär.
Düzgünnama esasynda jemleýji tapgyr Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 5 günlük...

Dowamy »

229 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

4 ýylyňa 514 müň dollar: ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleriniň ilkinji onlugy hödürlendi

Kolumbiýa uniwersiteti Amerikanyň iň gymmat ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu ýerde 4 ýyllyk okuwyň bahasy 514 müň dollara barabar.
CNBC-niň maglumatlaryna görä, amerikan uniwersitetlerinde okuwyň bahasy soňky 60 ýylda üç esse ýokarlanyp, ýylda ortaça 17,7 müň dollara ýetdi. Ýöne iň abraýly okuw edaralarynda bahala...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Türkmenistanda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasab...

Dowamy »

228 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Gün 20 minut dowam eden güýçli M derejeli alawy çykardy

Günüň üstünde M5.8 derejeli alaw hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU "IPG") salgylanýan TASS habar berýär.
20 minut dowam eden alaw 21-nji iýunda Aşgabat wagty bilen ir sagat 04:16-da 3719 tegmiller toparynda bolup geçdi.
Ondan öň Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy...

Dowamy »

226 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Boeing Starliner-iň yzyna gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen ýene yza süýşürildi

Boeing korporasiýasynyň iki astronawt bilen CST-100 Starliner gämisiniň orbitadan Ýere gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen yza süýşürildi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasynyň (NASA) beýanynda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, NASA-nyň we Boeing-iň ýolbaşçylygy missiýany korrektirlemek kararyna geld...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Pariždäki Sena derýasy Olimpiada ýaryşlary üçin ýaramsyz bolup çykdy

Pariždäki Sena derýasy onda triatlon we açyk suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlaryny geçirmäge rugsat bermek üçin diýseň hapa bolup çykdy. Bu barada Frans Press agentligine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
“Senadan alnan nusgalar standartlara laýyk gelmeýär. Suwuň hili ýagyş, güýçli akym, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi we möwsümleýin kad...

Dowamy »

206 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Ýapon alymlary haýsy balyklaryň ömrüňi uzaldýandygyny anykladylar

Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetiniň barlagçylary ownuk balyklary kellesi, süňkleri, iç-goşy bilen bilelikde yzygiderli iýmegiň ömrüň dowamlylygyny uzaldyp biljekdigini anykladylar.
Barlaga 35 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky 80 802 adam gatnaşdy. 9 ýyllyk gözegçiligiň dowamynda alymlar ölüm ýagdaýyny hasaba aldylar we synaga gatnaşyjylaryň iýýän iý...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Akio Toýoda dawaly ýagdaýa garamazdan, Toyota-nyň ýolbaşçysy wezipesine gaýtadan saýlandy

Toyota-ny esaslandyryjy Kiitiro Toýodanyň agtygy Akio Toýoda kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy. IXBT-iň habar bermegine görä, karar paýdarlaryň ýygnagynda kabul edilip, Toýoda direktorlar geňeşiniň beýleki dokuz agzasy bilen birlikde öz wezipesinde galdy.
Toýoda sport ulaglaryna bolan höwesi we gibrid te...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Hytaýda kuwwaty 18 MWt bolan 260 metrlik ýel turbinasy peýda boldy

Hytaý 18 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň güýçli deňiz ýel turbinasyny gurmagy tamamlady. Dongfang Electric Corporation kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen täze gurnama ýylda 72 GWt arassa energiýa öndürmäge ukyply, bu Hytaýyň gündogar kenarýakasynda energiýa deňagramlylygyny üpjün etmäge kömek eder diýip, Electrec ýazýar.
Täze turbina diame...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sloweniýadaky ilçisini belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine belledi.
E.M.Aýdogdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär.

Dowamy »

254 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi şol bir wagtda Gresiýada hem ilçi bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Toýly Babaýewiç Kömekowy Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) wezipesine belledi.
T.B.Kömekow şol bir wagtda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär.

Dowamy »

263 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Pržewalskiniň ýabany atlary 200 ýyldan soň Gazagystanyň sähralaryna gaýdyp geldi

The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, öň Praganyň we Berliniň haýwanat baglarynda saklanýan, Pržewalskiniň ýabany atlarynyň dünýäde iň soňky galanjalary Gazagystana getirildi.



Alty baýtal we bir aýgyr soňky 200 ýylyň dowamynda Gazagystanyň sähralarynda görlen ilkinji ýabany atlar bolar. Olaryň öňki nesilleri mü...

Dowamy »

259 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Hatda kosmosdan hem görünýär: Teslada satylmadyk awtoulaglaryň ummasyz gory üýşdi

Tesla kompaniýasy kuwwatlyklarynyň artmagy we satylmadyk awtoulaglaryň ummasyz ätiýajynyň toplanmagy meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, ITHome habar berýär.
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 433 371 awtoulag öndürdi, ýöne bary-ýogy 386 810 awtoulag satdy we 46 561 awtoulag ammarlarynda galdy.
Sherwood News-yň bellemegine...

Dowamy »

259 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň Döwlet sirklerinde şüweleňler geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet sirki 16-njy iýunda sagat 18:00-da sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar.
ykyşlaryň dowamynda sahnada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň dünýä belli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak “Pawlin” kepderileriniň...

Dowamy »

238 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Elwis Presli gologramma görnüşinde sahna dolanyp biler

ABBA-nyň gologrammalarynyň konsert syýahaty bilen belli bolan Şwesiýanyň Pophouse kompaniýasy Elwis Presliniň sanly awataryny syýahata ibermegi meýilleşdirýär.
Financial Times-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa Sony Music we Authentic Brand Group bilen janly konsertler üçin “rok-n-roll şasynyň” obrazyny we döredijiligini ulanmaga mümkinçilik...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Aşgabadyň kinoteatrlarynda 13 – 16-njy iýunda görkeziljek filmler we multfilmler

Şu hepde Türkmenistanyň kinoteatrlarynda dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin filmleriň giň toplumy, şol sanda birnäçe premýeralar hödürlenýär.
Täzelikleriň arasynda baş keşbi Jennifer Lopeziň ýerine ýetirmeginde ylmy-fantastiki “Atlas” filmi, “10 ömür” animasion komediýasy, “Uçýan gämi” fentezi-mýuzikli, “Pariždäki akulalar” we “Gara dul. Ajal ne...

Dowamy »

256 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Aşgabat “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forumyny we sergisini kabul eder

Şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Oguzabat» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara forum we sergi geçiriler.
Serginiň temasy gurluşyk tehnologiýalary, a...

Dowamy »

321 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago