Katarda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň baş baýragy görkezildi
Katarda ýakyn günlerde başlanjak futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň baş baýragy ― arzyly kubok görkezildi. Dabaralaryň çäklerinde janköýerlere onuň bilen surata düşmek mümkinçiligi döredildi.
Ýaryşyň guramaçylyk toparynyň metbugat gullugy ony: «Ýylgyryşlara sebäp bolýan kubok» diýip atlandyrýar.
Yklym ýaryşynyň 12-nji ýanwarda badalga...
Radukanu tennise dolanýar
Dünýäniň 301-nji raketkasy Emma Radukanu ýylyň ilkinji Uly tuwulgasy bolan Awstraliýanyň açyk çempionatyna gatnaşar.
Bu amerikaly Lowren Dewisiň ýaryşa gatnaşyp bilmezligi bilen mümkin boldy. Ýeri gelende aýtsak, Beýik Britaniýaly tennisçi şu hepde sporta gaýtadan gaýdyp geldi. Ol elinden operasiýa geçirip, uzak wagtlap kortlardan uzak galyp...
Nowak Jokowiçli Serbiýa «United Cup»-yň ýer eýelerinden utuldy
Tennis boýunça Uly tuwulga tapgyryna girýän Awstraliýanyň açyk çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilýän «United Cup» ýaryşynda ýarymfinalçylar belli boldy.
Çärýekfinalda Awstraliýanyň milli ýygyndysy düzümine dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç hem bolan Serbiýany 3:0 hasabynda ýeňdi. Jübütleýin duşuşyklarda awstraliýaly Storm Hanter bilen...
«Flydubai» türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.
Ähtnama laýyklykda, taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uça...
Türkmenistanda täze futzal möwsümi Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlanar
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň futzal möwsümi Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlar. Bu barada TFF-niň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy.
Naýbaşu kubok ugrundaky duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetin...
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi
«China Aviation Industry General Aircraft»kompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş g...
Meşhur futbolçy we tälimçi Mario Zagallo aradan çykdy
Braziliýaly ady rowaýata öwrülen futbolçy we tälimçi Mario Zagallo 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS onuň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyna salgylanyp habar berýär.
Mario Zagallo brazil we dünýä futbolyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol futbolçy we tälimçi hökmünde dört gezek dünýäniň çempiony boldy. Futbol oýnan ýyllarynda 19...
Germaniýany görülmedik çabga basdy
Germaniýa yzgytsyz howa aralaşdy, ýurtda sowukdan ötri, yzy kesilmeýän çabgalar guýýar. Ýurduň has-da merkezi we demirgazyk-günbatary çabgadan ýaňa gark bolara geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Netijede, meýdanlar köllere döndi, ýollar suwuň astyna gitdi, köçelerde gaýykly ýüzübermeli. Gatlalar suwa bäs gelip bilmän, derýalar kenardan agýar. Met...
Tokioda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy
Ýaponiýada şu ýylyň ilkinji söwda auksionynda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy. Bu 1999-njy ýyldan bäri bu ugurdaky söwdalaşyklarda dördünji gymmat balykdyr diýip, «MIR 24» ýazýar.
Balygyň agramy 238 kilograma deň. Ondan taýýarlanjak suşini indi diňe Ýaponiýada däl, Nýu-Ýorkuň we Şanhaýyň garbanyşhanalarynda-da dadyp bilerler.
...
Futzal boýunça TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölümi şu ýyl toparlaryň täze möwsümie taýýarlygyny gözden geçirmek üçin ilki federasiýanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirmekçi. Bu barada bölümiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Onuň gürrüň bermegine görä, ýurtda futzal möwsümi geçen ýylyň çempiony «Deňizçi»...
V Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşany we şygary tassyklanyldy
2026-njy ýylyň 18 ― 24-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde Paraaziýa oýunlary geçiriler.
Ýaryşyň guramaçylyk topary ýakynda onuň resmi nyşanyny we şygaryny tassyklady. Oýunlaryň şygary «Bir ýürege derman boluň!» diýlen jümle bolar. Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşanyny bolsa habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda görýä...
Sadio Mane dogduk obasyna üçünji uly sowgadyny hem bagyşlady
Ýakynda Senegalyň Bambali obasynda täze stadion açyldy. Ol «Al-Nassryň» hüjümçisi Sadio Maneniň serişdeleriniň hasabyna guruldy.
Täze stadionyň açylyş dabarasyna hüjümçiniň hut özi gatnaşdy. Sadio mundan ozal dogduk obasynda hassahana bilen mekdep hem gurdurypdy.
Mane 13-nji ýanwarda Kot-d’Iwuarda başlanjak Afrika kubogyna gatnaşmak ü...
Aşgabatda 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň özboluşly badalgasy boldy.
Turkmenportalyň habarçysynyň habaryna görä, çärä gatnaşyjylaryň arasynda Tü...
Baýden Türkmenistanyň Prezidentini täze ýyl bilen gutlady
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdenden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen kärdeşine özüniň we maşgalasynyň adyndan iberen gutlag hatynda ABŞ-nyň Prezidenti:
Alymlar kofäniň garaşylmadyk peýdasyny agzadylar
Ýaponiýaly alymlar kofe içgisi ýadyňy we ünsüňi gowulandyrýar diýen netijä geldiler diýip, «Springer» neşirine salgylanýan «Report.az» ýazýar.
Ýagny ýurduň Sukuby uniwersitetiniň ylmy işgärleri bu ugurda geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda syçanlara 30 günläp, kofeniň, pažitnigiň we ýapon turpunyň düzüminde saklanýan trigonellin berdiler. S...
«Altyn globus — 2024» baýragynyň laureatlary belli boldy
ABŞ-da kino we telewideniýe hünärmenleriniň geçen 2023-nji ýylda gazanan ýokary netijeleri mynasybetli gowşurylýan «Altyn globus» baýragynyň 81-nji gezekki gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär.
Baýraklar nominasiýalar boýunça aşakdaky ýaly görnüşde paýlanyldy:
Iň gowy režissýor<...
Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş keros...
Gresiýada Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyldan soňra gaýtadan açyldy
Dünýä meşhur serkerde Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyllap bölekleýin abatlandy, munuň üçin 20 million ýewro sarp edildi diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Informburo.kz» ýazýar. Köşk nusgawy antik döwrüň iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar.
Saloniki port şäheriniň golaýynda ýerleşýän köşgi 2300 ýyl mundan öň gurupdyrlar...
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar
Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
Balkan welaýat...
Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi
Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kaçyr öz ýurdunyň ilkinji astronawty Alper Gezerawjiniň 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda kosmosa uçjakdygyny habar berdi. Bu barada türk habar beriş serişdelerine salgylanyp, «Trend» ýazýar.
Gezerawji kosmosa ispan, italýan we şwed astronawtlary bilen bilelikde ugrar.
Dört ada...