Paramount Pictures “Sonik kinoda” älemini ösdürmegi meýilleşdirýär. Kinokompaniýa franşizanyň beýleki personažlary, şol sanda Şadou barada aýratyn filmleri çykarar. Şeýle çözgüt wideooýunlar boýunça düşürilen filmleriň girdeji üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle filmleriň biri-de üç hepde prokatyň dowamynda 720 mln dollardan gowrak girdeji gazanan “Minecraft kinoda” filmi boldy. Ol halkara prokatda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär we iň girdejili wideooýun ekranlaşdyrmasynyň arasynda ikinji orny eýeleýär. Birinji orunda 1,36 mlrd dollar gazanan “Doganlar Super Mario” multfilmi galýar. Şeýlelikde, “Minecraft kinoda” filminiň üstünligi meşhur oýunlara esaslanan maşgala filmlerini döretmäge bolan gyzyklanmany artdyrdy. Paramount muny ösüş üçin geljegi uly ugur hökmünde görýär.