15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär
2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi. Bu waka kriptowalýuta bilen amala aşyrylan ilkinji resmi söwda hasaplanýar.
Şu...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Pekinde Sun Sinlin adyndaky merkeze baryp gördi
22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Pekin şäherindäki Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.
Wekiliýet merkezde Sun Sinlin adyndaky gaznanyň çagalaryň saglygyny berkitme...
Türkmenistanly ýaşlar Täjigistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar
21–24-nji maý aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň ýaşlar forumy geçirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, halkara ýaşlar forumyna Bilim ministrliginiň...
Dünýägözel Gulmanowa Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň meýdançasynda...
Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
“Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” ady bilen geçirilen mejlisiň işine Mer...
Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär.
Arhipelag ýedi adadan ybarat. 1965-nji ýyldan bäri Diego-Garsiýa adasynda Beýik Britaniýa bilen ABŞ-nyň bilelikde ulanýan harby bazasy ýerleşýär.
Ylalaş...
“Kitap” bilim merkezinde tomusky okuwlara 50%-den 100%-e çenli arzanlaşyk bilen ýazylyp bolýar
“Kitap” bilim merkezinde täze okuw möwsümi üçin ýazylyşyk başlady!
Okuwlar 10-njy iýunda başlanýar.
Bilim merkezinde şu ugurlar boýunça okuwlar hödürlenýär:
DIL okuwlary:
Iňlis dili
Rus dili
Nemes dili
Fransuz dili
Hytaý dili
TOEFL/IELTS (Halkara synaglar...
Türkmenistan we Belarus Respublikasy Hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň mejlisine taýýarlanýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Belarus Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Stanislaw Çepurny bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýakyn wagtda geçiri...
Lebap welaýatynyň pileçileri pile tabşyrmak baradaky tabşyrygy ýerine ýetirdiler
Lebap welaýatynyň pileçileri şu ýylky pile tabşyrmak baradaky tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler. Netijede 1 müň 10 tonna pile taýýarlanyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, eýýäm welaýatda meýilnamadan daşary 30 tonnadan gowrak pile taýýarlanyldy. Çärjew, Halaç, Dänew, Kerki etraplarynyň ýüpekçile...
Türkmenistanyň biržasynda BAE-den gelen telekeçiler bilen söwdalaşyklar geçirildi
21-nji maýda Türkmenistanyň birža meýdançasynda ýerli we daşary ýurt telekeçileriniň gatnaşmagynda işjeň söwdalaşyklar bolup geçdi - diýip, TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.
Daşarky bazarda BAE-den gelen telekeçiler türkmen hyzmatdaşlary bilen boýalan nah matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu geleşik daşary ýurt hyzmatdaş...
Aşgabatda Türk aşhanasynyň hepdeliginiň çäklerinde resmi agşamlyk nahary berildi
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň rezidensiýasynda 21-nji maýda Türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan resmi agşamlyk nahary berildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Türkiýeden gelen ýokary derejeli myhmanlardan ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy.
Şeýle hem hormatly myhmanlaryň hatarynda çärä Türkiý...
Balkan welaýatynda 2025-nji ýylda abatlanýan nebit-gaz guýularynyň sany artýar
Balkan welaýatynda ýerleşýän känlerden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky Guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden neb...
22-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň parlamentarileriniň Hytaýa iş sapary başlandy, 20-nji maýdan başlap Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine goşmaça awtobus gatnawy ýola goýlar, «Aşgabat» Türkmenistan Kubogynyň çärýek finalynyň birinji oýnunda «Altyn Asyry» ýeňdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Çarşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel G...
Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy
Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy.
T-Roc Black Edition Plus indi 19 dýuýmlyk gara tekerler, tokly açylýan ýükdan, açarsyz giriş ulgam, yzky görnüş kamerasy,...
Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"
On ýyllap (2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli) küşt boýunça dünýä çempiony titulyna eýeçilik eden norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen täze üýtgeşik rekord goýdy – ol 143 müň adama garşy küşt oýnuny oýnady. Oýun deňme-deňlik bilen tamamlandy.
Oýun 4-nji aprelden 20-nji maý aralygynda (46 gün) Chess.com platformasynda “Fişeriň küşti” düzg...
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi
20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi.
Taslama FAO bilen Türkmenistanyň...
Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi
Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy.
Model ilkinji gezek «Arene» atly programma üpjünçilik platformasy bilen guruldy, bu bolsa ony «s...
20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizdi.
Awtobus Aşgabatdan (A. Nyýazow şaýoly, 422, Halkara awtomenzil) sagat 10:30-da, Türkmenbaşydan bolsa sagat 10:00-da ugraýar. Ozal bu ugur boýunça diňe bir...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy
21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, saparyň maksady - ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli...
“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.
Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar.
2024/25 möwsüminde Fligiň ýolbaşçylygynda topar i...