Professional futbolçylar birleşmesiniň Halkara federasiýasy (FIFPro) 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparynyň düzümini yglan etdi. Topar 68 ýurtdan 26 müňden gowrak futbolçynyň ses bermegi esasynda kesgitlenildi. Bu sanawda iň köp wekil fransuzlaryň “Pari Sen-Žermen” klubundan bar — toparyň bäş oýunçysy ýylyň iň gowy ýygyndysyna girizildi. Olaryň arasynda "Altyn top" baýragynyň eýesi Usman Dembele, şeýle hem Aşraf Hakimi, Nunu Mendeş, Witinýa we şu tomusda "Mançester Siti" klubuna geçen derwezeban Janluiji Donnarumma bar. Mundan başga-da, ýylyň ýygyndysyna "Liwerpuldan" Wirjil wan Deýk, Madridiň "Realynyň" wekilleri Kilian Mbappe bilen Jud Bellingem, "Çelsiden" Koul Palmer we "Barselonadan" Pedri bilen Lamin Ýamal saýlandy. Mbappe, wan Deýk we Bellingem yzly-yzyna ikinji ýyl bäri ýylyň simboliki ýygyndysyna girýärler. Geçen möwsüm PSŽ üçin aýratyn üstünlikli boldy: klub Çempionlar Ligasyny, ýurduň çempionatyny, Fransiýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle hem FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir