ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy ýurduň tutuş taryhynda iň dowamlysy boldy diýip, NBC News habar berýär. Ol 1-nji oktýabrda başlady we eýýäm 35 gün bäri dowam edýär. Mundan öň federal edaralaryň işiniň rekord dowamlykda togtadylmagy 2019-njy ýylyň başynda Donald Trampyň ilkinji prezidentlik döwründe bolup geçdi. Şol wagt şatdaun 34 gün 21 sagat dowam etdi. Bu gezek Kongres hökümetiň maliýeleşdirme meselesi boýunça ylalaşyga gelip bilmedi, çünki demokratlar lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin salgyt ýeňilliklerini uzaltmagy we bu maksatnama üçin serişde bölüp bermegi talap edýär. Respublikanlar bu pikirlere garşy çykýar. Býujet çökgünligi sebäpli 650 müň töweregi federal işgär tölegsiz rugsatda, ýene 600 müňüsi zähmet haksyz işlemegini dowam etdirýär – düzgün boýunça, şatdaun tamamlanandan soň, olara tölener. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli ABŞ-nyň ykdysadyýeti her hepde tas iki milliard dollar ýitirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir