Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy

Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler. Ylmy makala Planetary Science Journal neşirinde çap edildi.
2020 VN40 Gü...

Dowamy »

157 0
Täzelikler, 4 months ago


Millionlarça dollara durýan aýfonlar: Sotheby's taryhda iň gymmat smartfonlar barada gürrüň berdi

“Sotheby's” auksion öýi bahasy millionlarça dollar durýan dünýäniň iň gymmat smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi.
Gürrüň gymmat bahaly daşlar bilen bezelip, elde ýasalan modeller hakda barýar. Bu enjamlar diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem kolleksionirlemegiň we maýa goýmagyň serişdesi hem hasaplanýar diýip, Sotheby’s International...

Dowamy »

165 0
Täzelikler, 4 months ago


Tramp onlarça ýurtlar üçin anyklaşdyrylan import paçlaryny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp onlarça ýurtlar babatda import paçlaryny girizmek hakynda permana gol çekdi diýlip, Ak tamyň saýtynda habar berilýär. CNN-iň belleýşi ýaly, resminama ahyrky möhletiň gutarmagyna – 1-nji awgusta birnäçe sagat galanda kabul edildi. Bu möhlet Prezident tarapyndan Birleşen Ştatlar bilen söwda şertnamalaryny baglaşmak üçi...

Dowamy »

155 0
Täzelikler, 4 months ago


NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär

NASA ýakyn ýyllarda astronawtlary Aýa ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada edaranyň direktorynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Şon Daffi Fox News bilen söhbetdeşlikde habar berdi.
Missiýanyň birinji tapgyry geljek ýyla meýilleşdirilýär – ekipaž gonmazdan Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrar. Şondan soň agentlik Ýeriň hemrasyna gonuşy göz öňü...

Dowamy »

216 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Hanym Týusso muzeýi Teýlor Swiftiň bir wagtyň özünde 13 heýkelini döretdi

Hanym Týusso muzeýi dört yklymyň 13 şäherinde Teýlor Swiftiň mumdan ýasalan 13 sany täze heýkelini hödürledi. Bu muzeýiň 250 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy.
Bu başlangyç aýdymçynyň aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolan The Eras Tour konsert syýahatynyň tamamlanmagyna bagyşlanýar.
Muzeýiň saýtynda habar berlişi ýaly, heýkeller...

Dowamy »

154 0
Täzelikler, 4 months ago


Angliýada ilkinji gezek futbol oýny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer

“Býornli” futbol kluby taryhda ilkinji gezek futbol oýnuny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer. Synag görkezilişi 9-njy awgustda bolar, şol gün klub öýünde “Lasio” italýan toparyna garşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Taslama sport pudagynda VR tehnologiýalaryna ýöriteleşen Rezzil kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Ýaýl...

Dowamy »

171 0
Täzelikler, 4 months ago


SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy

Apple-iň Hytaýyň Weibo sosial ulgamyndaky resmi akkaunty ýalňyşlyk bilen täze Samsung Galaxy Z Flip7 eplenýän smartfonynyň mahabat wideosyny hödürledi. Wideo tiz wagtdan aýryldy, ýöne ulanyjylar ýalňyşlyga üns berip ýetişdi we indi ol gülküli ýagdaýlaryň birine öwrüldi diýip, MacRumors ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, ýalňyşlyk kompaniýa...

Dowamy »

151 0
Täzelikler, 4 months ago


Apple iOS 26-dan öň soňky uly täzelenmäni – iOS 18.6-ny çykardy

Apple iPhone üçin iOS 18.6-ny hödürledi. Täzelenme möhüm düzedişleri we howpsuzlyk kämilleşdirmelerini öz içine alýar. Bu 2025-nji ýylyň sentýabrynda iOS 26 çykmazdan ozal, ulgamyň soňky uly täzelenmesi bolsa gerek diýip, 9to5mac ýazýar.
Esasy üýtgeşmeleriň arasynda “Photos” programmasynda “Ýatlamalar” bölüminde kontentiň görünmegine päsgel...

Dowamy »

210 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy

Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi.
Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar. Bu ýylky arheologik möwsüm ozal öwrenilmedik meýdança gönükdirild...

Dowamy »

168 0
Täzelikler, 4 months ago


“Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldana Cartier-iň ilçisi boldy

Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi.
Ol Saldananyň zehininiň, gözelliginiň we näzikliginiň kompaniýada elmydama seslenme döredendigini we t...

Dowamy »

158 0
Täzelikler, 4 months ago


Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde resminamalary kabul etmek işi dowam edýär

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
Maliýe we karz.
Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
Salgytlar we salgyt salmak.
Ykdysadyýet we hojalyk hukugy.
Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýala...

Dowamy »

224 0
Bilim, 4 months ago


Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi

Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi.
Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen. Suratyň aşagyndaky ýazgyda modeliň emeli aňyň kömegi bilen döredilendigini tassyk...

Dowamy »

156 0
Täzelikler, 4 months ago


“Tomus, güýz, gyş, zibil...” Alymlar täze möwsümleriň dörändigini öňe sürýär

Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň we Beýik Britaniýadaky Ýork uniwersitetiniň alymlary adamzat işiniň Ýeriň tebigy sazlaşygyny düýpgöter üýtgedendigini aýdýar. Bu hem täze möwsümleriň – “tüsse” we “zibil” möwsüminiň peýda bolmagyna getirdi diýip, ylmy gözlege salgylanyp, Live Science habar berýär.
Alymlaryň nygtamagyna görä, “tüsse” möwsümi he...

Dowamy »

155 0
Täzelikler, 4 months ago


Jeýms Kemeron “Awatar” älemi boýunça multserial döretmekçidigini aýtdy

Režissýor Jeýms Kemeron Empire bilen söhbetdeşlikde “Awatar” älemi boýunça animasion taslama döretmekçidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol eýýäm bu pikiri Disney-iň ýolbaşçylygy bilen maslahatlaşdy.
“Men animasion serial-antologiýa döretmek isleýändigimi aýtdym” – diýip, Kemeron gürrüň berdi. Ol formatyň “Animatrisa” golaý boljakdygyny düş...

Dowamy »

176 0
Täzelikler, 4 months ago


JPMorgan ilkinji eplenýän iPhone-yň çykjak senesini we bahasyny mälim etdi

Apple kompaniýasynyň iPhone Fold atly ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň sentýabrynda çykar we onuň bahasy 1999 dollar bolar. Bu barada JPMorgan-yň içerki hatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär.
Analitikler geljekki iPhone 17 hatarynyň ultra-inçe iPhone 17 Air modeliniň peýda boljakdygyna garamazdan, ulanyjylarda uly gyzykla...

Dowamy »

178 0
Täzelikler, 4 months ago


Taryhda ilkinji gezek tutuş döwleti howanyň üýtgemegi bilen baglylykda göçürýärler

Tuwalu ada-döwleti özüniň 11 müň raýatynyň ählisini deňziň derejesiniň ýokarlanmagy we deňiz harasatlaryň köpelmegi bilen bagly göçürmäge taýýarlanýar. 2023-nji ýyldan başlap, ýurduň Awstraliýa bulen howa ygtyýarnamasy esasynda göçýänleri kabul etmek barada ylalaşygy hereket edýär.
Tuwalunyň ortaça belentligi umman derejesinden bary-ýogy 2 m...

Dowamy »

181 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanda giriş synaglary başlandy

Şu gün Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle-de mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär mekdeplerine giriş synaglary başlandy.
Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Turkmenportala» habar bermeg...

Dowamy »

266 0
Bilim, 4 months ago


App Store kontenti has takyk kesgitlemek üçin 13+, 16+ we 18+ ýaş kategoriýalaryny girizýär

Apple App Store-da ýaş reýtingleriniň ulgamyny täzeläp, kontenti ýaşa görä has takyk kesgitlemek üçin dört kategoriýany (4+, 9+, 12+, 17+) bäş kategoriýa bilen çalyşdy.
Indi iOS 26-da, macOS 26-da we operasion ulgamlaryň beýleki täze wersiýalarynda 12+ we 17+ kategoriýalary 13+, 16+ we 18+ bilen çalşyldy. Ulanyjylar ýaş kategoriýasyna laýyk...

Dowamy »

177 0
Täzelikler, 4 months ago


Ýaponiýada zenanlaryň ortaça ömür dowamlylygy 87,13 ýyla deň boldy

Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça eýýäm 40-njy gezek dünýä rekordyny täzeledi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan NHK habar berdi.
Resmi san maglumatyna görä, 2024-nji ýylda ýurtda zenanlaryň ortaça ömri 87,13 ýaş, erkekleriňki bolsa 81,09 ýaş boldy.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilend...

Dowamy »

174 0
Täzelikler, 4 months ago


Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin bot peýda boldy

Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin resmi bot peýda boldy. Bu barada “Kod Durowa” habar berýär.
Täze gural mini-programma esaslanýar we ýüzi skanirlemek funksiýasyny ulanýar.
Boty aýratyn ýa-da sazlamalar menýusy arkaly işe girizmek bolýar. Häzirki tapgyrda ol ýaşy tassyklamagy kanuny derejede talap edýän ýurtlarda işleýär....

Dowamy »

233 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär.
XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat.
Teker bazasy 2895 mm, gabarasy 4815 x 1890 x 1650 mm...

Dowamy »

238 0
Tehnologiýa, 4 months ago


“Koýot vs. Akme” animasion-oýun filminiň çykjak senesi belli boldy

“Koýot vs. Akme” (Койот против „Акме“) filmi 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda ABŞ-da prokata çykar. Bu barada Comic Con konwentinde taslamanyň tanyşdyrylyşyndan soň yglan edildi diýip, Variety habar berýär.
Reliziň senesi ilkinji resmi posterde hem görkezildi, onda koýotyň silueti bilen ýerdäki jaýryk şekillendirilýär.
Film kino bilen...

Dowamy »

189 0
Täzelikler, 4 months ago


ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklamaga kömek etjek plastyr oýlanyp tapyldy

ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklap bilýän mikro iňňeli silikon plastyr işlenip taýýarlandy. Bu barada Biosensors we Bioelektronika ylmy žurnalynda habar berildi.
Enjam syçanlarda we doňuzlarda geçirilen synaglardan üstünlikli geçip, melanomany howply däl çişlerden tapawutlandyrmaga ukyplydygyny görkezdi.
Plastyr ýyldyz...

Dowamy »

226 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy

30-njy iýula geçilen gije Kamçatkanyň (Russiýa) kenaryndan 161 km uzaklykda 32 km çuňlukda 8,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitreme boldy diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geofizika gullugynyň şahamçasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Seýsmiki hadysanyň güýjüni Ýewropa-Ortaýer deňziniň seý...

Dowamy »

186 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanly ýaş küştçüler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.
Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi. Türgenler ýokary netijelerii görkezip, 2 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Bu netije...

Dowamy »

245 0
Sport, 4 months ago