Ata Watan
Stambulda 5 müňe golaý adam horon tansyny oýnap, Ginnesiň kitabyna girdi
Stambulda bäş müňe golaý adam bir wagtda türkleriň däp bolan horon tansyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada TRT Haber telekanaly habar berýär.
Bu köpçülikleýin çykyşa şäheriň müňlerçe ýaşaýjysy we myhmanlary gatnaşdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tans tamamlanandan soňra bu üstünligi resmi taýdan hasaba aldy.
...
Paragwaý garaşylmadyk ýagdaýda Germaniýany penaltiler tapgyrynda ýeňdi we 1/8 finala çykdy
Paragwaýyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Germaniýanyň ýygyndysyny oýundan soňky penaltiler tapgyrynda ýeňip, 1/8 finala çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Boston şäherinde geçirildi.
Esasy we goşmaça wagt 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Paragwaýyň düzüminde 42-nji minutda H...
Türkmenistan TDG-niň sammitine hem-de СOP31 maslahatyna gatnaşar
Türkmenistanyň Milli Lideri Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti...
Marokkonyň ýygyndysy penaltiler tapgyrynda Niderlandlary ýeňip, DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykdy
Marokkonyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Niderlandlaryň ýygyndysyny oýundan soňky penaltiler urgularynda ýeňip, indiki tapgyra çykdy. Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen duşuşygyň netijesinde Niderlandlaryň ýygyndysy ýaryş bilen hoşlaşdy.
Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda...
Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze resminamalara gol çekdiler
Türkmenistanyň wekiliýetiniň önümçilik, bilim, ylym we amalyýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan «Merkezi Aziýa + Hytaý» formatyndaky maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaýyň Urumçy şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminama gol çekildi.
Hususan-da, Hytaý Halk Respublikas...
4-nji iýulda Aşgabatda eko-festiwal geçiriler
4-nji iýulda Aşgabatda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Çäre 16:00-dan 19:00-a çenli aralygynda geçiriler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, festiwalyň...
Ýaponiýada täze diş çykarýan dermanyň synaglaryna başlandy, ol 2030-njy ýylda bazara goýberiler
Ýaponiýaly alymlar adama täze diş çykarmaga mümkinçilik berjek ilkinji derman serişdesiniň kliniki synagyna girişdiler. Derman eýýäm meýletinçilerde birinji synagy geçdi, alymlar ony 2030-njy ýylda bazara goýbermegi maksat edinýärler. Bejeriş ilkinji nobatda dogabitdi dişsiz adamlara niýetlenendir, geljekde ol şikeslerdir çüýremek sebäpli dişlerini...
Aşgabatda toplumlaýyn suw serişdelerini dolandyrmak boýunça pudagara duşuşyk geçirildi
Aşgabatda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak boýunça Konwensiýasynyň güýje girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan gibrid görnüşindäki pudagara maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Bu konwensiýa ilkinbaş...
Paragwaýyň Prezidenti milli ýygyndynyň Germaniýadan üstün çykandan soň 30-njy iýuny dynç güni diýip yglan etdi
Paragwaýyň Prezidenti Santýago Penýa milli ýygyndynyň futbol boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykmagy mynasybetli 30-njy iýuny baýramçylyk we dynç güni diýip yglan etdi. Bu barada ol özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.
«Şu gün tutuş ýurt baýram edýär. Öňe, Paragwaý!» — diýip, Prezident ýazdy.
Germaniýanyň milli...
Eýfel diňini ýyldyrym urdy
Pariždäki meşhur Eýfel diňiniň çürbaşyna ýyldyrym urdy, bu pursady şaýatlar surata düşürdiler. Ýerli habar beriş serişdeleri fransuz paýtagtynyň üstünde demiňi gysyp barýan yssydan soňra gök gübürdäp harasat gopandygyny habar berdiler. Yzysüre şähere güýçli ýagyş düşdi, adamlar asmandaky ýyldyrymlary synlamak üçin daş çykdylar.
Ýurduň depart...
Hytaýda maglumatlar 200 kilometrden gowrak aralyga 51,3 Tbit/s tizlik bilen geçirildi
Hytaý optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary arkaly maglumatlary geçirmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglaryň dowamynda inženerler aralyk optiki güýçlendirijileri (retranslýatorlary) ulanmazdan, 206,5 kilometr uzynlykdaky optiki süýümli geçirijide maglumatlary jemi 51,3 Tbit/s tizlik bilen geçirmegi başardylar. Bu barada hi-tech.mail.ru sa...
«SINOPEC-iň» Türkmenistandaky şahamçasy 4 ýylda 200 million amerikan dollarlyk nebit gazyp aldy
«SINOPEC-iň» Türkmenistandaky şahamçasy 4 ýylyň içinde umumy bahasy, takmynan, 200 million amerikan dollaryna barabar bolan 1 million tonnadan gowrak nebit gazyp aldy. Bu barada «Biznes reklama» gazetine salgylanyp, ussatnews.com habar berýär.
Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň bu taslamasy «T...
Gyrgyzystanda şu ýyl 9 million bag ekmekçi bolýarlar
Bu gün biziň wezipämiz geljek nesillere ýaşyl Gyrgyzystany miras galdyrmakdyr. Bu barada «Açyk iş otagy» taslamasynyň çäklerinde ýurduň tebigy gorlar, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministri Akyl Toktobaýew gürrüň berdi diýip, «kabar.kg» neşiri ýazýar.
Ministriň sözlerine görä, «Žaşyl Muras» başlangyjy kabul edileni bäri ýurtda 6 million dü...
Türkmen samboçylary Manilada geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 16 medal gazandylar
Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy 28-nji iýunda Manilada tamamlanan Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 16 medal gazandy. Türkmen türgenleriniň hasabynda 4 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medal bar. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) resmi saýtynda habar berilýär.
25–28-nji iýun aralygynda Filippinleriň paýtagty Maniladak...
BSGG: Ýewropadaky yssy 1300 adamyň ömür tanapyny kesdi
Ýewropada 21-nji iýundan bäri 1300 ölüm hasaba alyndy. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus sosial torda ýazdy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Gebreýesusyň sözlerine görä, ýylylyk stresi «ümsüm ganhor» bolmagynda galýar — Ýewropa şäherleriniň infrastrukturasy ýaşaýyş öýlerini, mekdepleri we iş...
Daewoo E&C kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky Koreýa bilim merkezine baryp gördi
Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky Koreýa bilim merkezinde Günorta Koreýanyň Daewoo E&C gurluşyk kompaniýasy tarapyndan merkeze täze okuw-usulyýet we görkezme esbaplarynyň toplumynyň gowşurylmagy mynasybetli koreý medeniýetine bagyşlanan amaly okuw sapagy geçirildi.
Çärä Daewoo E&C kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy jenap Çon Won Junyň şahs...
Hindistanyň gündogarynda 22 müň adam sil joşgunlaryndan ejir çekdi
Güýçli çabgalar Hindistanyň Assam we Arunaçal-Pradeş ştatlarynda sil joşmalara hem-de weýrançylyklara getirdi. Bu barada «Hindustan Times» gazetine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
Sil joşmalardan Assam ştatynyň alty okrugynda 22 müňden gowrak adam ejir çekdi. Ýagdaý has-da Dhemaji okrugynda çylşyrymly, ol ýerde 15 müň adam ejir çekdi, 96...
Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar
Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär.
Gazet çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, bu mümkinçilikden peýdalanmagyň iki şerti bar. Oňa laýyklykda, maýadarlar Argentinanyň pasportyny almak üçin...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: 40°С çenli yssy, ýöne ýagyşly
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şem...
Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer
Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny wada berýär.
Braziliýa – Ýaponiýa: Brazilleriň gysyşy ýa-da futbolda-da tertipli ýaponlar
Bu duşuşygy hüjümkär Braziliýanyň ýygynd...
GTA VI heniz çykmanka 3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy we eýýäm öz çykdajylaryny ödedi
«Grand Theft Auto VI-nyň» ilkinji gije-gündiziň dowamyndaky deslapky sargytlary 39 million nusgadan geçdi, olardan gelen umumy girdeji bolsa, çaklamalara görä, 3 milliard dollardan aşdy. Bu bolsa oýnuň resmi çykarylyşyndan hem öň bolup geçýär.
Öňünden sargytlaryň ilkinji tolkunynyň satuwlar başlanandan soň bir sagadyň dowamynda doly resmileş...
Gahryman Arkadag bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Ar...
Täjigistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär – Emomali Rahmon
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlap, Duşenbäniň Aşgabat bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
«Biz Täjigistan bilen Türkmenistanyň a...
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uza...
Mirziýoýew: Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykdy
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlap, iki ýurduň ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
«Bi...