Ak tam, daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller mälim etdi diýip, «USA Today» habar berýär.
«Amerikanyň gapylary gaçybatalga aljak bolýan şahslar üçin bütinleý ýapykdyr» – diýip, Mille...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň esaslary» atly okuw kitaby ilkinji gezek neşir edildi.
Okuw kitabyny taýýarlamakda ýurduň ugurdaş hünärmenlerinden we mugallymlaryndan yba...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy brendleriniň bazardaky ornuny barha berkitdi.
Kompaniýalar ozal Aziýa bilen deňeşdirilende kondisionerleriň o diýen meşhur bolmadyk Ýewropa ýurt...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago


Germaniýanyň halky köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki netijeliligi 80–90%-e ýetýär.
Radio ZET-iň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurtda takmyndan 22 million inedördül metr meýdany tutýan...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, 1 month ago


Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli täzelenme goldawy bilen üpjün edildi. Muňa garamazdan, enjam özüniň öňki modelinde bar bolan möhüm häsiýetnamalarynyň birini ýitirdi.
Samsung...

Dowamy »

91 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi

Şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurduň welaýatlarynda birnäçe medeni çäreler geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaralar Aşgabatda Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda Magtymguly...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


Azerbaýjandan sowgat «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu nebit tankeri Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna geldi. Şu mynasybetli Halkara de...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilişi ýal...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegi tabşyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýad...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, 1 month ago


Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe giriziler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, 1 month ago


Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ý...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününde geçirilen çäreler

Balkan welaýatynda dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň her güni ýatda galyjy we täsirli wakalara baý bolýar. Forumyň bäşinji gününde Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň Medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan usuly maslahat geçirildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Şol...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


BMG-niň Baş Assambleýasy «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň halkara onýyllygy barada» kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistan tarapyndan öňe sürlen «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň halkara onýyllygy barada» rezolýusiýany kabul etdi. Bu barada «howar.tj» neşiri habar berdi.
Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy 2027-2036-njy ýyllar aralygyny «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çärä diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


TOHU-da «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnal dörediler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-da habar berlişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen...

Dowamy »

85 0
Bilim, 1 month ago


Fransiýa «öz taryhynda iň yssy gijäni» geçirdi

Fransiýada «howa synlamalary ýöredilip başlanan 1947-nji ýyldan bäri iň yssy gije» hasaba alyndy. Ýurduň «Meteo-France» agentliginiň beýanatyna görä, ýurtda 30 sany dürli beketleriň maglumatlarynyň esasynda hasaplanan howanyň ortaça derejesi 22-nji iýundan 23-ine geçilýän gije 22 gradusa deň boldy.
Bu rekord öňki 21,6 gradus görkezijili reko...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, 1 month ago


Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi wideoroligi çap edildi

Gyrgyzystanyň dünýä brendine öwrülen, iň buýsançly hem-de giň gerimli taslamasy bolan Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi tanyşdyrylyş wideoroligi çap edildi diýip, «kabar.kg» habar berdi.
Bu ýyl 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli dowam etjek Oýunlar çarwa medeniýetiniň hem-de gaýtalanmajak sport ruhunyň birligini şöhratlandyra...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


DÇ-2026: Fransiýa Norwegiýany uly hasap bilen ýeňdi, Kabo-Werde we Belgiýa pleý-off tapgyryna çykdy

ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň nobatdaky ýaryş güni üç sany uly hasaply ýeňiş hem-de Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmagy bilen tamamlandy.
Duşuşyklaryň netijeleri
I toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Norwegiýany 4:1 h...

Dowamy »

73 0
Sport, 1 month ago


Ýaponiýa iki deňiz tupanyna taýýarlanýar: 2 million adam göçmeli

Ýaponiýada 2 milliondan gowrak adam güýçli ýagynlar we birbada iki sany deňiz tupanynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, göçmek barada duýduryş aldy diýip, «Kyodo» agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
Ýurduň meteorologik agentliginiň maglumatlaryna görä, 27-nji iýunda «Higos» deňiz tupany Ýaponiýanyň ýuwaş umman kenarýakasyndan...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


«Apple» önümleriniň nyrhyny gymmatladandan soňra paýnamalary pese gaçdy

«Apple» amerikan kompaniýasynyň paýnamalary ABŞ-da söwdalaşyklaryň jemleri boýunça 6,15 göterim arzanlady. Ýagdaý kompaniýa öz önümleriniň nyrhynyň gymmatlandan soňra emele geldi diýip, «ria.ru» ýazýar.
«Apple» penşenbede özüniň Ipad planşetleriniň hem-de MacBook noutbuklarynyň nyrhlaryny mazaly gymmatlatdy, kompaniýa muny önümleriniň şaýlar...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabat sentýabr aýynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini kabul eder

11-nji sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.
26-njy iýunda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň başlyklyk etmeginde ykdysady geňeşiň 110-njy mejlisi geçirildi.
...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň ara...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde «Ene tebigat» atly halkara sergisini geçirer

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde «Ene tebigat» atly halkara sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ge...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, 1 month ago


Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti birnäçe duşuşyklary geçirdi

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, ilki bilen, BMG-niň Ösüş maksatna...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago