Lihtenşteýnde taryhy kanun kabul edildi: indi zenanlar hem tagta geçip biler

Lihtenşteýniň Knýazlyk öýi tagtyň miras geçiş düzgünlerini üýtgetdi: indi zenanlar hem erkekler bilen deň hatarda tagty eýeläp biler.

Knýazlyk öýüniň 15-nji awgustda çap edilen metbugat beýanatyna görä, knýaz maşgalasynyň nesillerinden bolan zenanlar nesilşalyk bilen bagly meselelere gatnaşmakda erkekler bilen birmeňzeş hukuklara eýe...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Alymlar «ýalançy aýna» döretdiler

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary «ýalançy aýna» diýlip atlandyrylýan täze optik enjamy oýlap tapdylar.

Adaty aýnalardan tapawutlylykda, bu aýna özüne düşýän ýagtylygy diňe bir yza serpikdirmek bilen çäklenmän, ony öňünden bellibir şekile salýar. Özi-de muny hiç hili batareýasyz, ekransyz hem elektronikasyz ýerine...

Dowamy »

99 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Türkmenistan Serbiýadaky EXPO-2027 sergisinde milli pawilýonyň gurluşygyna girişer

Türkmenistanyň Prezidenti Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Belgradda (Serbiýa) geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin ýurduň milli pawilýonyny gurmaga we gurnamaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini giňd...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, 1 month ago


«Gelmezlik ähtimallygy — 0%»: McDonald’s ähli müşderileriniň maglumatyny toplaýar

Wired neşiriniň žurnalisti Riz Rojers tiz tagam (fast-food) torlarynyň hemişelik müşderileriniň şahsy durmuşyna näderejede içgin aralaşýandygyny anyklap görmegi ýüregine düwdi.

Kaliforniýa ştatynyň kanunçylygy toplanan şahsy maglumatlary talap etmäge rugsat berýär. Bu hukukdan peýdalanyp, žurnalist McDonald’s-a ýüz tutdy hem-de özüni...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


DPA: Germaniýanyň kenarýakasyny zäherli suwotular tutdy

Baltik deňziniň meşhur şypahanalarynda we Germaniýanyň demirgazygyndaky köllerde dowamly jokrama yssy sebäpli zäherli gök suwotular çaltlyk bilen köpelip başlady. Käbir ýerlerde häkimiýetler eýýäm suwa düşmegi gadagan etdiler diýip, DPA habar berýär.

​Kosmosdan alnan suratlar Rostok bilen Hiddenzeýe aralygyndaky kenarda suwotularyň u...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


«Lans» 45 minut azlykda oýnap, «PSŽ-ni» ýeňdi we Fransiýanyň Superkubogyny eýeledi

«Lans» Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda «Pari Sen-Žermeni» 1:0 hasabynda utup, öz taryhynda ilkinji gezek bu kubogy gazandy. Oýun Lans şäherindäki «Bollar-Delelis» stadionynda geçirildi.

Duşuşykda ýeke-täk goly 32-nji minutda «Lansyň» ýarymgoragçysy Florian Towen geçirdi. Az wagtdan soň, 39-njy minutda topar azlykda galdy....

Dowamy »

86 0
Sport, 1 month ago


Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagty...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda hepdäniň ikinji ýarymy ýagynly bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatyna görä, şu hepde ýurt boýunça üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda käbir sebitlerde ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Temperatura gijelerine iň pes +20°C-dan, gündizlerine iň ýokary +43°C-a ýeter. Şemalyň tizli...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


​Inçhon aeroporty ýolagçy sany boýunça Hitroudan öňe geçdi

Inçhon halkara aeroporty Günorta Koreýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýäde iň köp ýolagçy kabul eden aeroport hökmünde ykrar edildi.

​Aeroportlaryň halkara geňeşiniň (ACI) deslapky maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Günorta Koreýanyň baş howa derwezesi bütin dünýäden 38,39 million ýolagça hyzmat etdi. Bu sanlaryň...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Bezosyň konsorsiumy «Liwerpulyň» 30% paýyny satyn aldy: doly almak meýli hem bar

Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň gatnaşmagyndaky maýa goýum konsorsiumy Angliýanyň «Liwerpul» futbol klubunyň, takmynan, 30%-e barabar minoritar paýyny satyn aldy.

Baglaşylan geleşik barada klubuň resmi saýtynda habar berildi.

Satyjy hökmünde 2010-njy ýyldan bäri kluba eýelik edýän Fenway Sports Group (FSG) ameri...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


«Arsenal» iň tiz gol bilen Angliýanyň Superkubogyny gazandy

«Arsenal» Angliýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda «Mançester Sitini» 3:0 hasabynda utup, öz taryhynda 18-nji gezek bu kubogy aldy. Londonlylar eýýäm 23-nji sekuntda hasaby açdy — bu ýaryşyň taryhynda iň tiz geçirilen gol boldy.

Duşuşyk Kardiffdäki «Prinsipaliti Stediumda» geçdi.

Rekord derejede çalt geçirilen goluň...

Dowamy »

100 0
Sport, 1 month ago


EA dünýäsiniň täze patyşasy: Alibaba amerikan ägirtleriniň baryny yzda galdyrdy

Bloomberg-iň habar bermegine görä, Hytaýyň Alibaba Group ägirdiniň açyk emeli aň modelleri soňky alty aýyň içinde 3 milliardan hem köp gezek ýüklenildi.

​Kompaniýa hem günbatar, hem hytaýly bäsdeşlerini ep-esli yza galdyryp, uly aratapawut bilen bu görkeziji boýunça dünýäde lideri boldy.

​Hugging Face platformasy tarap...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 1 month ago


Akkumulýatorsyz we toksuz işleýän kompýuter ýasaldy

Reddit platformasynyň PickentCode lakamly ulanyjysy batareýasyz hem-de toga çatylman işleýän kompýuter ýasady. Bu kiçeňräk enjam işlemesi üçin zerur bolan elektrik energiýasyny hiç hili daşarky çeşmesiz öndürýär, diňe ýylylyk tapawudyndan güýç alýan kiçijik Stirling motoryny we generatory ulanýar.

​Bu kompýuteri döretmek üçin bary-ýo...

Dowamy »

109 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Louis Vuitton we Singer bilelikde 2 sany özboluşly Porsche 911 sportkaryny döretdiler

Louis Vuitton moda brendi we Kaliforniýanyň Singer atelýesi nusgawy Porsche 911-iň (964-nji nesli) binýadynda iki sany kaşaň sportkar hödürledi. Bu fransuz moda öýüniň awtomobil senagatyndaky ilkinji hyzmatdaşlyk taslamasydyr.

Ulaglaryň biri — gök we sary reňkli nagyşlary bolan zagpyran reňkli «Porsche 911 Reimagined by Singer — Clas...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 1 month ago


BMG: Işsiz ýaşlaryň sany dünýäde 67 milliona ýetdi

Dünýäde ýaşlaryň arasyndaky işsizlik derejesi 2025-nji ýylda 12,4% çenli artdy. Halkara zähmet guramasynyň (HZG) täze hasabatyna görä, häzirki wagtda 15-24 ýaş aralygyndaky 67 million töweregi adam işsiz galýar.

«Ýaşlaryň iş üpjünçiligindäki global tendensiýalar 2026: geljege dolanmak» atly hasabat 2023–2025-nji ýyllar aralygyndaky ý...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 1 month ago


Inžener Lamborghini bilen Jeep Wrangler-i birleşdirdi. Tanyş boluň: Jeeporghini!

ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň ýaşaýjysy üýtgeşik inženerlik taslamasynyň netijesini köpçülige görkezdi. Ol nusgawy italýan superkary Lamborghini Countach-yň kuzowyny 1995-nji ýylda öndürilen Jeep Wrangler ýolsuzlyk ulagynyň şassisi bilen birleşdirmegi başardy.

Iki ulagyň ölçegleriniň biri-birine gabat gelmegi bu pikiri amala aşyrmagy has...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, 1 month ago


Uzak ömre liftde ýetip bolmaýar: basgançakdan galmagy näme üçin endik edinmeli

Liftiň deregine yzygiderli basgançakdan ýokary galmak ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak töwekgelçiligini ep-esli azaldýar. Angliýanyň Gündogar uniwersitetiniň hem-de Norfolk we Norwiç uniwersitet keselhanasynyň alymlary 480 müňden gowrak adamyň maglumatlaryny seljerip, şeýle netijä geldiler. Bu barada Euronews habar berýär.

​Ylmy...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Rekordlar paýrap ýagdy: Ýohannes Libman we Keýt Duglas ýüzmekde super-netije görkezdi

Parižde geçirilýän suwda ýüzmek boýunça Ýewropa çempionatynda 19 ýaşly nemes türgeni Ýohannes Libman 1500 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.

Final bäsleşiginde Libman bu aralygy 14 minut 26,79 sekuntda geçmegi başardy. Bu bolsa amerikan ýüzüjisi Bobbi Finkiň öňki rekordyndan tas dört sekunt tiz wagt — Fink...

Dowamy »

94 0
Sport, 1 month ago


Türkmenistanyň Mejlisi Daşkentde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 14-nji awgustda Daşkentde geçirilen «Garaşsyz Özbegistan: 35 ýyllyk ösüş ýoly, özgertmeler, gazanylan netijeler we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň maksatnamasy umumy mejlisi we dürli ugurlar boýunça mowzuklaýyn bölümleri öz içine aldy. Halkara maslaha...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Mahaçew UFC 330-da Ien Gerrini ýeňip, promouşeniň rekordyny goýdy: ýaryşyň netijeleri

Filadelfiýada (ABŞ) UFC 330 ýaryşy tamamlandy. Esasy tutluşykda russiýaly söweşiji Islam Mahaçew irlandiýaly Ien «Maçado» Gerrini eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňip, ýarym orta agramda UFC-niň çempionlyk titulyny üstünlikli gorady.

Islam özüniň göreş tejribesi tutluşygy ynamly geçirdi. Ikinji raundda ol garşydaşynyň kelle...

Dowamy »

87 0
Sport, 1 month ago


Ispaniýadaky XVI asyryň köşgüni bäş ýyldyzly myhmanhana öwürdiler

Ispaniýanyň Penýaranda-de-Duero şäherindäki XVI asyra degişli Palacio de Avellaneda köşgi üç ýyla çeken abatlaýyş işlerinden soň bäş ýyldyzly myhmanhana öwrüldi.

Castilla Termal myhmanhanalar ulgamyna giren desga özüniň taryhy binagärlik keşbini saklap galdy. Onda 80 otag, döwrebap şertler we termal (ýyly suwly) bejergi proseduralary...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 1 month ago


BMW we Kith brendi bilelikde eşik toplumyny çykardy

BMW kompaniýasy Kith egin-eşik brendi bilen hyzmatdaşlygyny täzeden dikeldýär. Brendler bilelikde Chapter IV (Dördünji bap) atly täze geýim we öý harytlary toplumyny hödürlärler. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär.

Täze toplum meşhur aerikan köçe geýim (streetwear) brendiniň döredilenine 15 ýyl dolmagyna bagyşlanýar.

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Erendellde uly toý: Disney janköýerlerine goşa sowgat etdi

Disney kompaniýasy D23 tanyşdyrylyş çäresiniň çäginde janköýerlerini iki täzelik bilen begendirdi. Studiýa «Haýwanlar şäheri 3» (Zootopia 3) multfilmini resmi taýdan anons etdi, şeýle hem «Doňan ýürek» multfilminiň üçünji bölüminiň ilkinji promo-suratlaryny hem-de kadrlaryny hödürledi.

«Haýwanlar şäheri 3» multfilminiň sýužeti barada...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 1 month ago


Aşgabat ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumyny kabul eder

Bäşinji ITTC 2026 halkara logistika forumy we sergisi 24-26-njy noýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Duşuşygyň esasy temasy halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, logistikany we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bolar.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş» diýlip atla...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 1 month ago


Iň uly elektrik uçarynyň ýarym sagatlyk uçuş üçin çykdajysy 5 dollara-da ýetmedi

Şwesiýanyň Heart Aerospace kompaniýasy diňe elektrik energiýasy bilen işleýän X1 uçaryny ilkinji gezek asmana göterdi. Synag uçuşy 27 minut dowam etdi, muňa sarp edilen elektrik energiýasynyň çykdajysy 5 dollara-da ýetmedi, diýip, Engadget neşiri habar berýär.

Uçary döreden inženerleriň ýaňzytmagyna görä, X1 dünýädäki iň uly elektrik...

Dowamy »

117 0
Tehnologiýa, 1 month ago