GFR-niň Daşary işler ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Annalena Berbok BMG-niň Baş Assambleýasynyň düýn tamamlanan 80-nji sessiýasyndan soňra syýasaty terk etjekdigini mälim etdi. Bu barada ol «Handelsblatt» gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, TASS ýazýar. Çeşmelere salgylanýan «DPA» agentligi Annalena Berbogyň Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetinde mugallymçylyk etjekdigini habar berdi.