* * *

― Şundan bir ýüz ýetmiş bäş kilometrlikde edil şular ýaly bir oba bar ― diýip, Roza özüniň uzak bolar öýden, emma juda basym gutaran gürrüňine başlady. ― Elini çen bilen lagere tarap salgady. ― Gapdalynda-da edil şular ýaly lager bar. Men başda şol obada ýaşaýadym. Aslymyz Irkutskili. Men ýaşlygymdan ýetim galdym. Ýeke özüm. Dokuz-on ýaşlarymdadym. Garyndaşlarym hossar çykdylar. Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarydy. Olar ýetimleri gowy görýärdiler. Emma, hossarlarym dindar adamlardy we «hudaýsyzlar» hökmünde sowet hökümetini halamaýardylar. Şonuň üçinem meni çagalar öýüne bermediler. Özleri aldylar. Erbedem saklamadylar. Ýöne, meniň bar arzuwym basymrak ýaşymy dolduryp durmuşa çykmak we özbaşdak öýli bolmakdy.
Şonuň üçinem, mekdebi gutaryşym ýaly, kakabaşragam bolsa, goňşymyzyň Grişa atly ogluna durmuşa çykarman boldum. Hossarlarymam garşy bolup durmadylar. Mekdepde bile okanam bolsak, men Grişany gowy tanamandyryn ýa-da şol gylyk onda maňa öýlenenden soň peýda boldumy, bilemok, kakabaşlygyndan başga ol juda gabanjaňam ekeni. Ol meni hususan-da öz bile tirkeşýän, öýe getiribem oturyp-turuşýan dostlaryndan gabanýardy. Başlan wagtlary gowam ýaly. Niçikmi, aragyň humary beýnisine urýaram welin, şol keseli gozgap ugraýar. ― Roza gözlerini petige dikdi-de, bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly oýlanyp oturdy. ― Haýsydygy ýadyma düşenok, öz-ä bir baýramçylykdy. Bir klasda okan dostlarynyň biri bilen aşhanada günuzyn içip oturdy. Ahyram sözleri azaşdy. Içki jaýda oturan ýerimde gykylygyň ýene-de özüm hakyndadygyny aňdym. Üznüksiz edilýän şol bir esassyz pikir, içki kitüw, Grişanyň halys beýnisini sürpän bolsa gerek, bir «Oý» sesi çykdy, ylgap barsam dosty aşhananyň ortarasynda gana bulaşyp ýatyr. Ep-esli ululykdaky aş pyçagy o görgüliniň böwründen sokaýan bolsa nätjek. Bahanasam şol bir zat: «Sen gözüňi içki jaýdan aýyraňok», «Ýaňy hajathana çykanyňda-da, Roza seredip gözüňi gypdyň», «Sen şondan hantama...», «Meň ýanyma-da şoň üçin gelýäň...». Men bar zady eşidip otyryn. Dostam özüni aklap halys boldumy, nämemi, içiniň ýangyjyna: «Howwa, dogry şol! Men Rozany gowy görýän. Men mekdepdekä-de gowy görýärin. Duşuşýanam. Nemetýänem. Boldumy? Ynjaldyňmy? Sen şony eşitjek bolduňmy?..» diýip, ulyili bilen gygyryp başlady. Netijesem ana, ýaňky aýdanym.
― Öldümi... ― diýip, Omar howsalaly sorady.
― Şo wagt... Şol wagtyň özünde takga jany çykdy. Doktor gelere-de garaşmady. Grişanyň özi welin «zörledip» şeýle bir aglaýandyr welin, bu göreniň däl. Özem: «Roza! Rozyçka! Meni halas et! Meni gora!..» diýip, arkamda bukulýa. Ilki oňa üýtgändir öýtdüler. Açylyşansoň welin sagdygyny bildiler. Sag adam hökmünde-de basdylar.
― Köp berdilermi?
― Azam däl. On ýedi ýyl. Ýöne, adamyň ömrüni ýyl bilen kesgitläp bolýamy näme? Açylansoň-a ökünýärem welin, nätjek, şeýtanyň ugruna gidýäler-dä. Şü, arakman giden arak gursun. Ahyr bir gün biziň halkymyzyň başyna ýeter şü... ― Ol tarelkada duran ýumşajyk kakdan kesip alyp, agzyna saldy. Çaý owurtlady. ― Ony şo-ol, ýaňky diýýän lagerime iberdiler. Barşy ýalam «gel» diýip, hat yzyna hat iberdi. Dözmedim, bardym. Uruşmazlaryndan öň göwrämde üç-dört aýlyk çaga bardy. Gan görenimdenmi ýa gaty gorkupdyrynmy, o-da düşdi. Soň welin, zat galmady. Şol obada on bäş ýyl ýaşadyk welin, gök dyrnakla gözümiz düşmedi. Şondan soň ol: «Keýp edip gezmek üçin özüň bekledensiň şonyňy» diýip, meni özümden gabanyp ugrady. Boşamagyna iki ýyl galanda-da bir zatlara bulaşyp, lageriň içinde turan gozgalaňmy ýa uly bir özara urşa gatnaşyp, şonda-da öldürildi. Şeýdibem ýeke galdym. Bar azabym köýdi. ― Ol gözüne gelen ýaşyny süýem barmagy bilen sylyp, burnuny çekdi. ― Biz aýallar görgi üçin ýaradylan bor-a çemeli. Oňa çenli ýaşymam durugyşdy. Otuzdan aşdy. Otuz bäşe golaýlaşdy. Bar zatdan beterem ýekeligim. Yzyma, Irkutskä gidesim gelmedi. Çünki, ol ýerde maňa garaşýan ýokdy. Ol obada-da galasym gelmedi. Iň bir owunjak zadam Grişany ýatlatdy durdy. Görsem ýyl-ýyldan gam basyp barýar. Ýerimi üýtgedäýenimi kem görmedim. Şu oba göçüp geldim. Aşpez bolup, lageriň naharhanasyna işe girdim.
Ýaş-ýuş däldigim üçin göze-başa ilerinem öýtmedim. Emma bendi diýeniň näme, suwsan goýun ýaly bir açgöz millet-dä! Ölüp-öçüp barýalar. Derwezeden girenimden gözleri bilen ýalaňaçlaýarlar-da, gözlerini süzüşip, göwün solpularyndan çykýalar. Gaýdanymda-da geýindirip goýberýäler. Maýyny tapyp golaýlaşjak bolýanlaram bar. Ýöne, men ýüz beremok. Şeýle-de bolsa, azmilletlerden biri alyp ýatdy. Çynmy, ýalanmy, bilemok, ýöne ýoldaşlary oňa Çingiz han diýýärdiler. «Basym möhletim dolýar. Ýöne yzyma gidesim gelenok, özüň ýaly özüň ýaly bir maşgala duşsa öýlenjegem, galjagam» diýdi. Aýdyşyna görä ferma müdiri ekeni-de, bäş sany goýun üçin, onda-da nähak ýerden on ýyl beripdirler. O-da ony iňňän ýokuş görüpdir. Başga sebäp bar bolaýmagam mümkin, çünki lagere düşýänleriň arasynda özüni günäkär saýýan ýok. Men welin oňa ynandym. Belki ynanan bolandyryn, bilemok. Geçip barýan ömrüm üçin erkek küýsän bolaýmagymam ahmal. Ol daýanyklydy. Gujurlydy. Düşekde-de ol meniň üçin, Grişa görä kän sapalydy. Şonuň üçinem, men onuň köp zatlaryna göz ýuman bolmagym ahmal. Möhleti gutarandan soň ol hakykatdanam meniň ýanymda galdy. Az wagtlygam bolsa, lezzetli ýaşadyk. Grişa ýaly gaty bir gabanjaň bolmasa-da, lagerdäki işimden welin çykardy. Şu posýologyň içinde hojalyk üçin gap-gaç çykarýan «minizawodjagaz» bar. Şoňa işe girdi. Menem saldy. Bileje gatnap--işläp ýördük. Urşamyzokdyk, sögüşemzokdyk. Ýekeje gezek dagam maňa el galdyran ýeri ýokdur. Meni şeýle bir gowy görýädi welin, ýatanda golumy ýasanyp, saçymy ýüzüne ýapyp ýatardy. Mydama gujaklap, kellesini göwsüme ýaplap oturardy. Men ondan hoşaldym. Meni oňa duşurandygy üçin Hudaýdan müňdebir razydym. ― Rozanyň gözlerine çyg çaýyldy. ― Ýöne, ol birden üýtgedi. Suslandy. «Öýe gidip gelmesem bolmaz» diýmäni, köp wagtlap sessiz-üýnsüz, içini hümledip oturmany çykardy. Öýünden bir habar alandyr öýtsem, ol hiç kim bilen hat alyşmaýardy. Gitse dagy yzyndan bararyn öýdüp gorkýan bor-a çemeli, ol maňa öý salgysyny aýtmaýardy, dokumentlerini görkezmeýärdi. Adynyňam çyn adydygyny ýa lakamydygyny sorasam, «Aý, ol hökman däl» diýip, başdansowma jogap berýärdi. Dogry, men onuň salgysynam, adynam, lagerdäki naçalnikleriň üsti bilen bilip bilerdim. Ýöne, birinjiden-ä ol «basym ýazylyşarys» diýip, arkaýyn edýärdi, ikinjidenem ýarym göwün adam bilen ýaşaşyp, ony özüňe zor bilen ýanýoldaş edip bolmajakdygyna düşünýärdim. Hakykatdanam nähak basylyp, özüni on ýylyň jebrine sezewar eden adamlardan aryny almaga gitjek bolýandyr, diýen pikirem kelläme gelmän duranokdy. Umuman, men ol gitse-de, gitmese-de, gidenden soň dolanyp gelse-de, gelmese-de kaýyldym. Özümi şoňa taýynlaýardym. Onsoňam onuň yzynda garrylary, aýaly, çagalary bolmagam mümkindi. Ýöne, ondan bir nyşanjyk galaýsa welin gowy görjekdim. Bir günem... Bir günem tursam ýanymda ýok. Düşegi entek sowabam ýetişmändir. Men ol gidäýende-de beýdip, hoşlaşman, razylaşman gidiberer öýdemokdym. Şonuň üçinem, iç-daş çykandyr, goňşy-golamlara barandyr, diýdim-de, çaý demledim, ertirlik taýýarladym. Göwünli-göwünsiz iýip-içip oturyşyma oňa garaşdym. Emma bolmady. Gelmedi. Günortandan soň gelmejegine gözüm ýetdi. Şeýle bir erbet boldum. Bir ýyla golaý bir düşekde dalaşyp, bir ýassykda başlaşyp, ysyna, dem alşyna, ýürek damarlarynyň urşuna öwrenişen adamyňdan birdenkä aýra düşmek, adama örän agyr degýän ekeni. Dogry, yzyndan-a ylgamadym, gözläp ýola-da çykmadym, sorag-idegem etmedim, ýöne, şol gün gijesi bilen agladym. Hatjagaz dagy goýmadymyka diýip, öýüň içini gyzyl-dörjük etdim. Ýok!
― Belki dini meselede bir gapma-garşylyk ýüze çykandyr?
Roza azajyk ynjady.
― Beýle bolsa men ony bilerdim ahyry. Ýok! Ýene bir gezek ýok! Menem-ä bir Injili ýassygymyň aşagynda goýup ýatýanlardan, gije-gündiz Isanyň suratyna seredip mynajat okap ýörenlerden däl welin, o-da namaz okap, oraza tutup ýörenlerden däldi. Dogry, gyzyklanan wagtym ol maňa musulmançylygyň düzgün-tertiplerini gürrüň berýärdi, ýöne, şondan aňryk geçenokdy. ― Zenan uludan demini aldy. ― Howwa, gidenine doly gözüm ýetenden soň men köçä çykdym. Obany öýme-öý aýlandym, goh turuzdym, paý-u-pyýada demir ýola gitdim, diýsem ýalançy. Hudaý göwnüme giňlik salandyr-da... ― Ol gyzaryp oturan gyzyna tarap baş atdy. ― Ine, şuň göwrämde galanynam men dogrusy birnäçe günden soň, agzym bitagam bolup başlanda duýdum. Özümem näme üçindir, «gyz bolaýbilseýdir» diýip, dileg etdim. Aýdyşym ýalam boldy. Şol aralykda Çingiz handan iküç sany dagy hat geldi. Emma salgysy ýok. Şonuň üçin menem gyzyň boldy diýip, ýazyp bilemok. Göwnüniň bir ýerinde gelmek höwesi bardyr-da, «bararyn» diýip ýazýa. Ýöne, görşüňiz ýalam gelmedi. Şeýle-de bolsa, men ondan gaty göremok. Bu ýagty ýalançyda her kimiň öz ýüki özüne ýetik ahyryn.
― Roza agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly hopugyp-hopugyp dem aldy. ― Ine, eziz myhmanlar, görşüňiz ýaly men gyzymy size berip biljek däl. Sebäbi siziň ýigitleriňiz ýelýürek. Durumsyz. Bu gün bir zat diýýäler, ertir bolsa özlerini bütinleý başgaça alyp barýalar.
Omar tolgunmakdan ýaňa gorsanjyrap başlady.
― Siz biziň ýigitlerimiziň diňe birini görüpsiňiz. Şoň bilenem hemmesine baha berjek bolýaňyz. Emma beýle bolmaýar ahyry. Onsoňam men aňrymam gizlämok, bärimem. Salgymam bukamok. Öýlenmändigimem, çaga-çugamyň ýokdugyny görüp dursuňyz. Isleseňiz bile gideliň ýa Annuşka pasport alandan soň bile baryň. Hemme zady gözüňiz bilen görüň.
― Не знаю… не знаю… ― Roza näme üçindir aktam bolan ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. ― Galanynam görübiris...
― Meň kakam ýok. Ejemem bu ýerleri aşardan ejiz. Ýarty adam. Ýogsam men olary siziň ýanyňyza sawçylyga iberibem bilerdim. Ýene gelmelem bolsa men özüm gelmeli bolýan.
― Oňa zerurlyk ýok-la... Nesibäň çekip geldiň. Gördüň. Tanyşdyk. Muňa nesibe diýerler. Hudaý halasa soňam gowy bor... Ýöne, häzir belli bir zat aýdyp biljek däl.
Dil bilmänsoň Zerkäkil daýysy bilen Rozanyň gürrüňine goşulybilmedi. Özara söhbetiň gudaçylyk barada gidýäninem, Omaryň öz göbegini özi kesip oturandygynam aňdy. Goşulybilmeýänine, kömek edibilmeýänine gynandy. Şeýle-de bolsa, «ýatyp galmazlyk» üçin bir oky iki towşandan çenäp atdy.
― Roza daýza! Siz gudaçylyk, biz gudaçylyk. Siz horoşiý, biz horoşiý. Annuşka haraşo. Omar daýy haraşo. Nit-nit nynada. Da, da nada...
Roza Fýodorowna hezil edip güldi.
― Seniň şeýdip, gül ýaly açylanyňam her zada degýä, gyzym. Belki, ikiňiziňkem birden açylaýady-da.
Annuşka-da baryp ejesiniň arkasyndan gujaklady. Maňlaýyny çignine goýup aglady.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir