® Ýoluñ egriliginden gorkma, päliñ egriliginden gork.

© Ol ýoluna näler seretjekdi, arman garny oña basjak ýerini görkezmedi.

® Wezipesi ulaldygyça, adamyñ halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuñ wezipesi beýgeldigiçe, halkyn oña hyzmat etmek aladasy köpelýär.

© Käte käbir adamlara "Ol mert,zor, nähili ýagdaýa düşse-de, olaryñ aglanyny gören ýok"-diýýärler. Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl-de, aglaýandygyny bildirmeýändikleri üçin zordurlar.

® Sen meni bagyşla, Eşek! Käbir deýýus adamlary saña meñzedip, men seniñ mertebäñi peseldýärin.

°Şalaryñ halyna ýüregim awaýar. Şadyklaryna aşa gümra bolup, olar adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar.

© Hapa ýere kän barsañ, burnuñ hem hapa öwrenişýär.

°Iller "sen,sen" diýýän bolsa, saña "men,men" diýmegiñ geregi ýok.

© Sen il üçin ýaşabilseñ, il seniñ üçin ýaşabiler.

Internet sahypalaryndan.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir