13.

Gökböriniň gidenine köp wagt geçmänkä, Aksoltanyň köpden bäri galman ýatan agasy Aman ýogaldy.
Uruş ýyllary merhumy jaýlamaga erkek adam tapylmansoň, öwlüýä köplenç aýal-gyzlar, hatda çaga-çugalaryňam ekabyrraklary giderdiler.
Indi ýagşy. Frontçylaryň kem-kemden gaýdyp gelmekleri bilen, o ýagdaý kadalaşdy. Ýaramaz janyny ýarar edip, Aksoltanyň göwni üçin, Amanyň ýerine Towşanam geldi. Gündiz düşekde oturyp, gelen-gidenler saýpallaşyberensoň, Aksoltan gyzy bilen Towşanam alyp öz külbejigine geldi.
Ondan-mundan gürrüň edip oturdylar. Ahyram häliden bäri bir zatlar aýtjak bolup aýdybilmän zol-zol ýuwdunyp oturan Towşan çekine-çekine:
― Neme... Käkil jan, men senden razy, gyzym. Böri jan üçin erkek oglanyň edibilmejek aladalaryny etdiň. O-da senden müňde bir razy bolup gitdi. Ýöne... Möhlet uly. Sen bolsa ýaş. Böri janyň özem aýtdy. Sen garaşýaň...
— Öňem garaşdym, ýene-de garaşaryn... Haçan gelse-de garaşaryn. ― diýip, Towşanyň sözüni kesdi-de, Zerkäkil aglap başlady. ― Gelmese-de garaşaryn.
Şondan soň hiç kimden ses çykmady. Her kim oturan-oturan ýerinde ýanyny ýere berdi.
Ertesi «hykda-çok» başly-barat oýandylar. Zerkäkil çaý demledi. Göwünli-göwünsiz adama bir käse çaý içip, dişleriniň kirini açanlaryndan soň:
― Onda neme edeliň... — diýip, Towşan agşamky gürrüňini, ýöne, başga bir terzde dowam etdi. — Käkil jan, Aksoltan senem eşit, üçümizem bir ýüke baglanan betbagt bolduk, nädeli, kysmatymyzdyr-da, bizde otag kän, herimiz birinde bolsagam, barymyz birinde bolsagam ýetjek. Şoň üçinem şu günden şeýläk üçüjigimizem şol ýerde bileje bolalyň. Derdimiz bir. Birek-birege goltgy borus. Goldaw borus...
Aksoltan gyzynyň ýüzüne seretdi. Zerkäkiliň ýüzünde begenç alamatlary uçganaklady.
― Men razy. Ýöne, dagy-duwara agşamky sözüňizi agzyňyza almasaňyz bolýa.
Towşan başyny atdy. Hamsykdy.
― Bor, guzym.

* * *

...Wagtynyň golaýlanyny aňan ýaly, Hallygözel üç-dört gün öňünden baryp-ha Gandym bilen Çerkeziň jynazasyndan galan ýoňsuzja ürgün çägeden, hiç kime bildirmän, iki setil ýalysyny gijäniň birmahallary öýe salyp, üstüne köneräk köýnek ýapyp goýdy. Gaýçy, pyçak ýaly gerek bolaýjak zatlar bolsa öýde bar.
Onuň elbetde, bu zatlardan tejribesi ýokdy. Gören zadam däl. Ýöne, her niçik hem bolsa boýnuna alan işiniň soňuny dowam etdirmelidi. Tamamlamalydy. Amanady eýesine gowşurmalydy.
Gyssaga düşüp ugrandan ol keçäni serpdi-de, çägäni şol ýere dökdi. Keçäni arkasyna berer ýaly edip düýrledi. Kiçi köýnegini çykardy. Ýumşak ýerini çägäniň üstüne goýdy. Arkan düşdi.
Burgy ýygy-ýygydan gaýtalandy. Hallygözel çydabilmän gygyraryn öýdüp gorkdy. Elbetde Kully aga soňky döwürlerde ak it ýaly onuň bosagasyna ýassanyp ýatmasyny goýupdy. Gelniň agtygyny eline bermän gitmejekdigine ynanypdy. Çerkeziň aýaly bolsa iki öý aňyrda çagalary bilen uklap ýatyrdy. Käte bir iýer-içer ýaly zat getirip gidäýmese, ol Hallygözeliň ýatan jaýyna girmeýärdem, artykmaç habaram almaýardy. Gije-girim-ä asyl şo tarapa garabam bakmaýardy.
«Soňabaka çydaman Hallygözel ýygnap goýan demreň pyçagyny alyp iki dişiniň arasyna goýdy. Dişledi. Yňranda welin gygyrmady. Soňky gezeklerdäki tutgularda ol gapyrgalary aýrylyp, çatalbalary çat açandyr öýtdi.
...Birdenem «çagaçykardan», şaglap ep-esli suwuklyk gaýtdy. Şonuň bilen bilelikde çaga-da çägäniň üstüne çyrlap gaçdy.
Gelin birbada aljyrajak ýaly etse-de, basym özüni ele aldy. Öňi bilenem sandyrap duran, al-gana boýalan akja bilejiklerini gaýça uzatdy. Çaganyň göbegini kesdi. Başardygyndan düwdi. Eline ilen mata-marlyklara dolady-da, çagany goltugyna aldy. Öz kiçi köýnegini geýmänem unudyp, ýerinden turdy. Daş çykdy. Ony Kully aganyň ýatýan jaýynyň gapysyna eltip, emaý bilen bosagada goýdy-da, gapyny usullyk bilen açdy. Çagadan «jägildäp» ses çykandanam ol ürken mal ýaly arkan serpildi-de, ilerki derýa tarap ugrady. Ol hatda özüniň ogulmy ýa gyz dogurandygynam bilmedi. Iň bolmanda Kully aga bilen razylaşman gaýdandygynam obadan çykansoň bilip galdy. Şonuň üçinem, iň soňky öýüň deňinden geçensoň, tolgunmakdan ýaňa galyp-düşüp duran, gaba göwüsleriniň üstüne elini goýup, indi ýeke bir Kully aga däl-de, tutuş oba, hususan--da Peleň awçynyň öýüni nazarlap «Razy boluň...» diýdi.
...Çaganyň jägildisi yzly-yzyna iki gezek ýaňlanandan soň, Kully aga ýeke gözüni «ýalpa» açdy-da, böwrüne dürtülen ýaly «zöwwe» ýerinden turdy. Ylgap gapa bardy. Barşy ýalam çagany garbap aldy. Janyny barlady. Deminiň barlygyny bilip begendi. Eli gerekli zadyna degenden, ony ýokary göterdi-de, eýýämhaçan öz jaýyndan çykyp ylgaşlap gelýän uly gelni Tagansoltana tarap:
― Ogul! Eşidýäňmi, Tagansoltan, ogul! Hudaýa şükür, köküm kesilmedi! Nesil kerweni üzülmedi... — diýip, gygyrdy.
Tagansoltan şu çaka çenli Hallygözele-de, onuň entek dünýä inmedik çagasyna-da gyýa göz bilen, has dogrusy ýigrenç bilen garap gelenem bolsa, bu pursatda gaýnynyň garşysyna gidip ýa hyzmatyndan ýüz öwürjek bolup durmady. Çagany gaýynatasynyň elinden aldy-da, öýüne tarap ýorgalap gitdi.
Diňe şondan soň Kullynyň ýadyna çaganyň enesi düşdi. Ol obanyň içini ters aýlandy. Ilk-ä onda-munda garalyp duran ýykan-ýumruk harabalary, händeklerdir ― kül, hapa atylýan, zibil taşlanýan çukurlary gördi. Baraýjak ýerleri bolmasa-da, ätiýaç üçin Towşanlary, Amanlary we bile gazy gazyşan, orak oruşan joralaryny soraşdyrdy. Gördüm-bildim bolmady. Gaýtam: «Näm boldy-da näm bolşup, onuň üstüne sorag baryny ýagdyryp başladylar.
Oňa çenli jahan ýagtyldy. Hä diýmänem Gün dogdy. Kully ýanyna aýdanyny edäýjek, diline berk ýaş oglanlardan birini alyp, obanyň daş-töweregine aýlandy. Esasanam gurruk guýulara aýlandy. Agzyny içine tutup gygyrdy. O gün derek tapmansoň, kolhozdan bir at diläp alyp, düýnki oglanam bir ýaba mündürdi-de, Towşandan salgysyny alyp guma, Hallygözeliň atasy öýüne gitdi. Ol ýerdenem uç tapmady. Çünki, guýudakylar Hallygözeliň hossarlarynyň bir sowuk habar eşidendiklerini, şondan soňam, nirädiginem hiç kime bildirmän, bir gijäniň içinde zym-zyýat bolandyklaryny aýtdylar. Nämäniň-nämediginden onsuzam habarly bolsalar gerek, olar Kullydan hiç zat soramadylar.
Şondan soň Kully bolan işi hökümet işgärlerine duýdurdy. Olaram obany, onuň daş-töweregini torç etdiler. Goňşy etraplara, obalara habar etdiler. Demir ýol, awtomobil stansiýalaryny habardar etdiler. Daş görnüşini, eşiklerini salgy berdiler.
Üç günden soň welaýatlara, hatda Aşgabadam habardar etdiler. Şol wagt içi suwsuz ýatan derýanyň ýokarylygyna, akymyň ters ugruna tarap gitmek welin hiç kimiň kellesine gelmedi.
Ana, şol hem her hili gep-gürrüňleriň, çaklamalaryň ýaýramagyna sebäp boldy.
Kim şol tarapa gidip, çopan-çoluga duşandyr diýse, başga biri: gurt-guşlara şam bolandyr diýdi. Sallatlaryň eline düşendir, diýenlerem, Eýrana geçendir ýa-da serbazlaryň biri tapyp özüne heleý edinendir diýenlerem boldy.

* * *

...Gidenine alty aýdan-da gowrak wagt geçenem bolsa, Gökböriden hat-habaryň gelmezligi Zerkäkili ýene-de ynjalyksyzlandyryp ugrady. Bu işiň magadyna ýetmek üçin, ol hökümediň haýsy gapysyny açmandygy barada pikir edip ugrady. Ahyram ýadyna ho-ol, birwagtky «lagerli» meseläni salgy beren, şol zatlary gözi bilen görüp, egni bilen çekip gelen Handurdynyň ýanyna barmaklygy, maslahat soramaklygy makul bildi. Ejesinden soraşyp şähere gitdi.
Handurdy gyzy güler ýüz bilen garşy aldy. Habaryny eşidenden soňam:
― Sen gyzym arkaýyn bol. Men şu meseläňi kimden çözülýänem bolsa, anyklap bererin. Meniň pikirimçe türmelerem, lagerlerem MWD degişli bolmaly. Üýtgänem bolsa, men bilerin... Umuman, meň özüm saňa habaryny ýetirerin... ― diýdi.
Aý ýarym geçip-geçmänkä, «ýyrşaryp» Zerkäkillere bardy.
― Begendirerinmi, gynandyrarynmy, onçasyn-a bilemok gyzym, ýöne, Gökbörini üç ýyllap hat alyşmak hukugyndan mahrum edipdirler. Başda şeýle zat ýok ekeni, ýöne, kimdir biri aýakaldygyna ýazýamyşyn, işini sökdürýämişin, ýowuz-ýowuz jezalaryň berilmegini talap edýämişin. «Staliniň hut özüne ýazaryn» diýip, haýbat atýamyşyn. Şu hatly mesele-de şonuň işidir.
Zerkäkiliň gözleriniň öňüne sud wagty ala-gopgun turzan şlýapaly, galstukly, ak kitelli dolmuş «daýy» geldi.
Ol Handurda minnetdarlyk bildirdi. Ejesiniň işden gelerine garaşyp, çaý içip, nahar iýip gitmegini haýyş etdi.
Emma Handurdy oturmady. Köşeşdirmek üçin Towşana-da oglunyň ýagdaýyny ýuwmarlabraga-da, ýol meselesiniň kynlygy bilen düşündirdi. «Basym ýollar açylar, poçta işläp başlar, hat geler» geler diýdi.

* * *

...Hä diýmän, Handurdynyň aýdan ojagaz üç ýylam geçip gitdi. Gökböriden hat geldi. Ol özüniň Sloweskiý diýen ýerdäki lagerleriň birine gelip düşendigini, aýralyk diýäýmeseň, başga kem zadynyň ýokdugyny, edýän işleriniň bolsa Sibiriň ähli ýerlerine mahsus bolan şol bir tokaý çapmaklykdygyny, ýaşaýyş şertleriniňem oňuşmazça däldigini, hossarlaryny howpurgatmazlyk üçin, sypaýyçylyk bilen ýazýardy.
Zerkäkil Gökböriden hatyň gelenine edil onuň özi boşap geleniçe begendi. Ejesine, Towşana öwran-öwran okap berdi. Towşan ol haty körügişen gözlerine ýüz gezek dagy degrip çykdy. Hamala okaýan ýaly hatyň sagyna-soluna göz gezdirdi.
Ol ikisi ýatandan soň, Zerkäkil bagrynyň aşagyna ýassyk goýup, öňüne-de okuwçy depderinden goparyp alan bir tagta kagyzyny, syýasyny, galamyny çekip, hat ýazmaga oturdy. Obanyň ýagdaýlaryndan, adamlaryň gün-güzeranlaryndan, uruşdan soň kolhozyň kem-kemden aýaga galyp barşyndan jümle yzyna jümle ýazdy. Ejesi ikisiniňem olaryň öýüne gelendiklerini, içleriniň gysmazlygy üçin bile ýaşaýandyklarynam ýazdy.
Sud döwri Gökbörä kakasynyň ýogalandygyny duýdurmandylar. Şonuň üçin ol öz hatynda kakasynyňam adyny tutan, ýagdaýlaryny soran ekeni.
Şoňa görä Zerkäkilem dogaýy salam iberýänleriň arasynda Peleň awçynyňam adyny goşdy. Ýagdaýlaram erbet däl, edil, görüp gidişiň ýaly diýdi. Hatynyň bir ýerinde «Hudaýa şükür, eýýäm üç ýyl geçdi, galanam derrewjik geçer...» diýip, şükranalyk bildirdi. Asla terbiýeli gyz hatynda «söýýän», «köýýän» diýen ýaly suwjuk sözleri agzyna-da almady. Aşyk-magşuklyk barada hem aýtmady. Dodagyny kagyzyň bir ýerine degrip: «Senem şu ýere dodagyňy degir, şonda ogşaşdygymyz bolar» diýmedi. Edil bir ýakyn garyndaşyna, doganlarynyň biri ýazan ýaly iňňän salyhatlylyk bilen ýazdy.
Oba poçtalýonyna bermänem birhili töwekgelliräk görüp, hatyny ertesi ýörüteläp raýon merkezine gitdi we şäher poçta edarasyna baryp, işgärlere öz eli bilen tabşyrdy.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir