Söýme meni, eger oduň,
Doňumy çözmejek bolsa,
Söýme meni, seniň gämiň,
Deňzimde ýüzmejek bolsa.

Söýme meni, pikirleriň,
Ahwalym bilmejek bolsa,
Seni görüp didelerim,
Begenip gülmejek bolsa.

Söýme meni, seňýüregiň,
Zarym çekişmejek bolsa,
Garaňkyda- ýagtylykda,
Ýollar söküşmejek bolsa.

Söýme meni, seň söýgiňe,
Ulaşmaýyn, ýakjak bolsa.
"Söýen bolup" söýme meni..
Gözleň özgä bakjak bolsa.

Söýme meni, seniň söýgiň,
Ömrüme ýetmejek bolsa,
Döredip ertäme höwes,
Bagytly etmejek bolsa.
Söýme meni...
Duýma, meni...

Nartäç Ýusupdurdyýewa

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir