Adam ýeketäk jandardyr,
Söýülip hem söýüp bilýän.
Yşgy bilen ganatmazdan,
Öz gözlerin oýup bilýän.

Adam ýeketäk jandardyr,
Yşk hesretin duýup bilýän.
Aç ýatsa-da öz ýarynyň,
Didesinden doýup bilýän.

Adam ýeketäk jandardyr,
Arsyzlygy aýyp bilýän.
Emma ähli namysyny,
Ýar ýolunda goýup bilýän.

Adam ýeketäk jandardyr,
Ýar ýüregin gyýyp bilýän.
Giň äleme sygman özi,
Öz etini iýip bilýän.

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir