Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym "oýnajak däl! diýerdim.

Kerim Hally

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir