Tapagan 2. (Osman Öde)

Soňky döwürde aňkasy aşyp zat ýitirýän köpelipdir ýa-da Hudaý aňsat eklenjiň ýoluna düşen şu maňlaýygaralar aç ölmesin diýip öz jübüsinden bir zatlar eçilip gidip otyr. Ýöne beýdip eçilip otursa, Hudaýam bir gün jüt galar. Käte olaryň gazanjy bir aýlap işe gatnaýan adamyň birki aýlyk gazanjyçarak bolýar. Beýle gazanç barka kim eline pil alar? Kim b...

Dowamy »

338 0
Edebiýat, 1 year ago


Tapagan 1. Osman Öde

  ATDA TAPAGANY GÖREN HATAM TAÝ ÝÖNE BAŞYNY ÝAÝKAP DURMUŞ   Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar ýaşaýar. Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar söýüşýär. Bu dünýäde ynançlar gürleşýär, ynançlar düşünişýär. Bu dünýäde ynançlar garpyşýar. Adamlar — ynançlaryň isleglerini ýerine ýetirijiler. Ynanç söýgä-de, ýigrenje-de baha kesýär. Ynanjyň kesen gutarnyk...

Dowamy »

318 0
Edebiýat, 1 year ago


Metafizika 7. Hakyñ nury

Metafizika 7. Hakyñ nury

Bu bölümde aýtmak isleýän pikirlerimi, söhbedimi rowaýat bilen başlamak isleýärin. Çünki rowaýat nygtamakçy, bolýan pikiriňe öwüşgin berýär, pikiriňi has düşnükli edýär.Rabiýa hatyn hakynda çuň manyly bir rowaýat bar.Bir gezek agşam çagty onuň ýol üstünde bir zatlary gözläp, başagaý bolup oturanyny görüpdirle...

Dowamy »

288 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika 6. Hakyñ dergähi

Metafizika 6. Hakyñ dergähi


Haka golaýlaşmagyň ikinji menzili Hakyň dergähinde bolmakdyr. Munuň özi Haka barmagyň täze bir dialektiki öwrümidir. Hak ýadynda adam fiziki hem ruhy taýdan özüni Haka laýyklaşdyrýar. Munuň özi deslapky ädimdir. Hakyň dergähinde bolsa ol şu dünýäniň çäklerinden çykyp, özüni duýşy, dünýäni duýşy ta...

Dowamy »

279 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika 5. Hak ýady

Metafizika 5. Hak ýady

Beýik türkmen şahyry Nesiminiň çagalygy hakynda owadan hem manyly rowaýat bar. Owadanlyk taýdan ol akyl ýetirişiň esasy meseleleriniň birini çürt-kesik edýänligi bilen tapawutlanýar, manylylyk tarapdan bolsa Ylah hem adam gatnaşygyny gutarnykly açyp görkezýänligi bilen ähmiýetlidir. Aslynda bu sopuçylyk rowaýat...

Dowamy »

273 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika 4. Hakyda hakykaty

Metafizika 4. Hakyda hakykaty

«Bu dünýäde adam galmaz, at gezer».At gezer – dünýäde adamdan galan ýagşy işler we hakydadyr. Dünýäden öten adam barasyndaky hakyda möhüm zatlaryň biridir. Adamzat hakydasy ömürden soňky ýaşaýşyň bir görnüşidir. Men muny adamzadyň paýyna düşen bakylygyň bir mümkinçiligi diýip hasaplaýaryn. Özem bu şu dün...

Dowamy »

287 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika 3. Iman hakykaty

Metafizika 3. Iman hakykaty

Iman – ajal ýeli bilen öçürilen ömür çyragynyň deregine ýakylan gaýyplyk çyragydyr.Ömür berilýär, şonuň üçinem ol alynýaram.Iman gazanylýar, şol sebäpli ol alynmaýar.Iman meselesi diňe diniň çägindäki mesele däldir. Ol dünýäüze meseledir. Iman fiziki hem durmuşy ýaşaýyşdan ýokary galan, öz mazmuny we gurlu...

Dowamy »

297 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika 2. Gaýyplyk hakykaty

Metafizika -2:

Gaýyplyk hakykaty

Aýralyk derdinden, ajal şumlugyndan zor gelmek üçin adama kämillik gerekdir. Eýsem kämillik näme?!Kämillik hakykata paýhas gözi bilen seredip bilmekdir. Bikemal ýa-da gögele adam diňe jan gözi bilen seretmäge we görmäge ukyplydyr. Jan gözüne bolsa diňe hakykatyň ýary, özem deslapky ýary...

Dowamy »

269 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika 1. Aýralyk hakykaty

Metafizika: -1:
Aýralyk hakykaty

Adam Zeminde ýeke-täk başy ölümli jandardyr, çünki diňe adam ölümiň hakykylygyny bilýär, oňa akyl ýetirýär, diňe adam ölümiň bardygyny bilip ýaşaýar. Islendik aňlanylan zat hakykatdyr. Aňlanylmadyk zadyň hakykylygy ýokdur. Munuň özi, başgaça aýdylanda, ýaşaýşy bilýän ýeke-täk jandar adamdyr diý...

Dowamy »

280 0
Bilim, 1 year ago


Metafizika

Metafizika


Içki-daşky barlyklaryň o tarapyndaky hakykatlarÄlemiň wagt-giňişliginde Zeminiň aýratyn orny we ähmiýeti bar. Munuň özi Zeminiň öňünde goýlan aýratyn wezipeler bilen baglanyşyklydyr. Bize häzirlikçe mälim bolan älemleriň içinde diňe Zeminde ýaşaýyş diýilýän zat bar. Eýse bu nämäni aňladýar? Bu sözüň pelsepe manysyn...

Dowamy »

267 0
Bilim, 1 year ago


Injiliñ stili

Injiliñ stili

Mahal-mahal oýlanýarsyň, oýlaryň çöl ýodalary ýaly aýlanyp-aýlanyp çolalygyň, ýalňyzlygyň hem gam-gussanyň girdabyna alyp gidenini soň bilip galýarsyň. Aslynda, oýlanmak diýen närsede gam-gussanyň ysy bar. Hawa-da, Taňrynyň dünýäsinde ynsanyň diýeni bolup baranok. Munuň Taňrynyň dünýäsidigine-de kyrk ýaşap akyl ýetirdik...

Dowamy »

301 1
Bilim, 1 year ago


Akgoýunly türkmenleriniñ soltanlygy

Akgoýunly türkmenleriñ soltanlygy (1350 – 1502 ý.)

Akgoýunly türkmenleriň döwleti 1350-nji ýylda akgoýunlylar tarapyndan bina edildi. Akgoýunlylaryň ýurdy Anadoludaky Diýarbekir we onuň töweregi bolupdyr. Akgoýunlylar Oguz han Türkmeniň agtygy Baýyndyrdan gaýdýan neberedir. Akgoýunlylardan Gara Ýülük Osman beg merkezi Amid bolan döwl...

Dowamy »

423 1
Bilim, 1 year ago


Osmanly türkmenleriniñ rowaçly ýörişi

Osmanly türkmenleriniñ rowaçly ýörişi

5. Osmanly türkmenleriň rowaçly ýörişi
600 ýyldan hem uzak wagtlap dowam eden şu beýik döwletiň başlangyç döwri hakynda Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazýar: «1277-nji ýylda Söwütde, Anadolyda mesgen tutan türkmen toparlary özleriniň daşary ýurt duşmanlary tarapyndan her hili horluklara sez...

Dowamy »

327 0
Bilim, 1 year ago


Osman türkmenleriniñ soltanlygy

Osman türkmenleriniñ soltanlygy (1299 – 1922 ý.)

1. Türkmen göçi Türkmenleriň seljuk türkmenleri döwründäki Kiçi Aziýa ýörişini ilkinji ýöriş hasaplamak nädogrudyr. Kiçi Aziýa Oguz han eýýamyndan bäri türkmenleriň ata Watanyna girýär. Gypjak çöli hem türkmenleriň ata watanydyr. Gypjak çöli bolsa Aral deňzi bilen Gara deňziň aralygynd...

Dowamy »

456 0
Bilim, 1 year ago


Oguz taryhynyñ çeper ýazgysy

Oguz taryhynyñ çeper ýazgysy


 Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynda ata Watanymyzyň gadymy Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşip, ýakynu-alys ýurtlaryň biri-birleri bilen aragatnaşyk saklamaklarynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen diňe bir g...

Dowamy »

282 1
Edebiýat, 1 year ago


Hemme işiñ beýany Kurandadyr kuranda (Juma Ataýew)

"Hemme işiñ beýany Kurandadyr kuranda..."

 2014-nji ýyl türkmen halky üçin mübärek we şanly wakalara doly ýyl bolup taryha girer. Sebäbi Garaşsyz Türkmenistanyň milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen şu ýyl türkmen topragynda milletiniň gerçek şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň doglan ýylynyň 290 ýyllygy uly da...

Dowamy »

327 1
Edebiýat, 1 year ago


Ahal ili bir bolup

Ahal ili bir bolup

Ahal welaýatynyň täze merkezi barada oýlanma

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, gadymy Ahal sährasynyň gözel künjekleriniň birinde Garaşsyz Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi esaslandyrylýar.Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň esaslandyryl...

Dowamy »

269 0
Edebiýat, 1 year ago


Gorkunç öñden görüji porhanlar 2020-nji ýyl hakda nämeleri habar berýärler!?

Gorkunç öñden görüji porhanlar 2020-nji ýyl hakda nämeleri habar berýärler!?

2020-nji Täze ýyl Syçan ýyly

Täze ýylyñ gelmegine bu gün erte-de sanlyja günler galdy. 2020-nji ýylyñyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2020-nji ýyl ýurdumyz, maşgalamyz we hemmämiz üçin bagtly, şatlykly we üstünlikleriñ amala aşýan ýyly bolsun!

Dowamy »

2073 8
Täzelikler, 1 year ago


Täze ýyl bellemek hakynda

Täze ýyly bellemek hakynda



Allanyñ Resuly (s.a.w) baky dünýä göç etmezinden az salym öñ ymmatynyñ başyna geljek külpetler hakynda birnäçe alamatlary aýdypdy. Bulardan iñ ünsüñi çekýäni Ymam Buharynyñ ''Sahyh hadysynda'' geçen şu hadys-şerifi bolsa gerek. Hiç şübhesiz siz özüñizden öñki milletleriñ ýoluna ädim-ädim, g...

Dowamy »

568 1
Sorag-jogap, 1 year ago


Aýaz baba we Täze ýyl baýramy kimiñki?

Aýaz baba we Täze ýyl baýramy kimiñki?




Türkmenlerde gadym döwrlerden bäri bellenilýän baýramçylyklaryñ biri bolan Täze ýyl baýramyny sowgatlary bilen garşy alýan Aýaz baba hakynda biz nämeleri bilýäris aslynda?
Dogrudanam Aýaz baba kim? Ýaşap geçipdirmi? Hakykatdanam ol elmydama Hydyr ata ýaly diri, ýön...

Dowamy »

932 4
Täzelikler, 1 year ago


Jynsy gatnaşygyñ ýygylygy saglyk üçin zyýanlymy?

Jynsy gatnaşygyñ ýygylygy saglyk üçin zyýanlymy?

Adamlar jynsy islegi we işjeñliginiñ ýüze çykyş derejesi boýunça dürli-dürli bolup, ol ýagdaý beden aýratynlyklaryna baglydyr. Ýöne çenden aşa seksual işjeñlik, wagtyñ geçmegi bilen ruhy gamgynlylygyna, uky bozulmalara, gaharjañlyga, ýadawlyga, jynsy gowşaklyga getirip biler. Juda ýygy...

Dowamy »

765 0
Bilim, 1 year ago


Nohurlar hakynda

Nohurlar hakynda

Nohurlaryñ gelip çykyşy hakyndaky maglumatlaryñ köpüsi rowaýatlardan, aýdylýan kyssalardan ybarat bolup taryhy maglumatlara daýanýan ylmy maglumatlar bolsa azlyk edýär diýen ýalydyr.
Nohurlaryñ ýaşaýan ýerlerine il içinde aýdylmagyna görä ''Garry nohur'' diýip atlandyrylýar.
Meñ özüm 2007-nji ýylda şol...

Dowamy »

865 2
Bilim, 1 year ago


Muhammet pygamber hakynda

Muhammet pygamber hakynda

Türkmenleriñ we şol bir wagtyñ özünde dünýä halklarynyñ kämil ynanç-ygtykady bolan Yslam dinini, Allatagaladan wahy hökmünde getiren Gurhany Kerimini ýol görkeziji hökmünde bize goýup giden pygamberleriñ iñ soñkusy bolan Muhammet aleýhyssalamyñ ömür beýany hakda makala ýazmagy köpden bäri niýet edinip gelýär...

Dowamy »

1388 0
Edebiýat, 1 year ago


Jynsy gatnaşyklary haçan başlamaly?

Jynsy gatnaşyklary haçan başlamaly?

Şeýle sorag bilen gyzyklanyp, mekdep okuwçylary bilen geçirilýän duşuşyklarda bize has hem ýetginjek oglanlar ýygy-ýygydan ýüzlenýärler. Bu soraga her kim, her dürli jogap berer. Her ýurtda hem halkyñ medeniýetine, maşgala gymmatlyklarynyñ mizemezligine, dini garaýyşlaryna, eýeleýän sosiaı derejesi...

Dowamy »

1384 3
Bilim, 1 year ago


Tertipsiz jynsy gatnaşyklara ýykgyn etmek häsiýetine genler günäkär

Tertipsiz jynsy gatnaşyklara ýykgyn etmek häsiýetine genler günäkär

Bingempton uniwersitetiniñ amerikan alymlary adamlaryñ ikilik etmäge mejbur edýän geni tapdylar. Barlaglara 180 sany ýaş erkek adamlar gatnaşdylar. Olaryñ hemmesiniñ DNK-nyñ nusgalaryny alyp, seksual häsiýetliligi barada soragnama geçirdiler. Seljermeler DRD4 görnüşl...

Dowamy »

806 0
Bilim, 1 year ago