Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener.
Gurluş MateBook Fold Ultimate Design adyny alar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda çykarylan ilkinji üç bölekden ybarat eplenýä...
Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar
Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän körpelere hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar. Çagalar Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan...
Türkmenistanda Litwanyň ilçisi Kestutis Waskelewiçus işe başlady
15-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda diplomata ýurdumyzyň gyz...
Gemini emeli aňy indi sagatlarda, telewizorlarda we awtomobillerde peýda bolar
Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar.
Işläp düzüjileriň blogunda habar berlişi ýaly, Gemini şu ýylyň dowamynda Google TV ulgamyna goşular. Ulanyjylar,...
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýony hödürledi
Türkmensitan Tatarstan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisine Milli pawilýony bilen gatnaşýar.
Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurdumyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar b...
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” forumyna gatnaşýar
Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli...
HT Spor: Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Deslapky ylalaşyk gazanyldy
Tälimçi Žoze Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biler.
«HT Spor» neşiriniň habaryna görä, hünärmen Portugaliýanyň Futbol federasiýasy bilen deslapky ylalaşyga gelipdir. Iýun aýynyň başynda geçiriljek UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji duşuşyklaryndan soň, şertnama gol çekilmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda Por...
Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener.
UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Sy...
Lidarly döwrebap awtomobiller smartfonyň kamerasyny ýakýar
u/Jeguetelli atly Reddit ulanyjysy özüniň iPhone 16 Pro Max smartfonynyň kamerasynyň Volvo EX90 elektromobilini ýakyn aralykdan surata düşürjek bolan mahaly zaýalanandygyny habar berdi. Çünki, şol wagt awtomobile daşky dünýäni “görmäge” kömek edýän lazer sensory – lidar işjeň ýagdaýdady. Haçan-da lidar işlände, ol göze görünmeýän, ýöne smartfonyň k...
Bristoldan bir talyp “Ar alyjy” roboty ýygnady. Robot Rubigiň kubigini düzmekde rekord goýdy
Bristol uniwersitetiniň talyby Mett Pidden 4x4 Rubigiň kubigini düzmek boýunça dünýä rekordyny goýan roboty ýygnady. Taslama onuň diplom işi boldy.
Ozal robotlaryň arasynda rekord 1 minut 18 sekuntdy. Piddene bu görkezijini 45,305 sekunta çenli azaltmak başartdy – bu tas 33 sekunt tizdir. Netije garaşsyz hünärmenleriň we resmi wagt belleýjil...
Aýdan getirilen nusgalarda üýtgeşik monjuk tapyldy: ol Aýyň içki gurluşyny bilmäge kömek eder
Hytaý alymlary “Çane 5” missiýasynyň kömegi bilen Aýdan getirilen toprak nusgalarynda üýtgeşik himiki düzümi bolan çüýşe monjugy tapdy. Ol hemranyň içki gurluşy barada maglumat almaga kömek eder diýip, Space.com neşiri ýazýar.
Alymlar diametri birnäçe millimetr bolan bu monjugyň meteoritiň Aýyň jümmüşinden zyňylyp çykan jyns bilen çaknyşmagy...
Katar «Boeing» bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi.
«Bu Boeing-iň taryhyndaky iň uly uçar sargydy we bu gaty gowy. 200 mlrd dollardan gowrak we 160 uçar – bu ajaý...
Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi
Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady.
Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar. Gündiz düşürilen suratlarda iPhone-da asman has dr...
Google «Altyn aşygym alçy gop!» düwmesinden el çekýär. Onuň ýerine EA gözleg ornaşdyrylar
Käbir ulanyjylar Google gözleg hyzmatynyň baş sahypasynda «AI Mode» atly emeli aň botunyň peýda bolandygyny aýtdylar. X we Threads ýaly sosial torlarda peýda bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Google dürli görnüşlerde emeli aň gözlegine başlamak üçin, düwmäniň ýerleşişini synagdan geçirýär. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär.
Ula...
Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy
Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar.
Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi. Şeýle geze...
Steam-de 89 million hasabyň maglumatlary internete syzdy. Ulanyjylara parollaryny çalyşmak maslahat berilýär
Hakerler Steam platformasyndaky 89 million hasabyň maglumatlaryny ogurlady diýip, «XDA» portaly habar berýär. Muny «Underdark AI» atly kiberhowpsuzlyk kompaniýasy ýüze çykardy. Olaryň LinkedIn sahypasynda berýän maglumatlaryna görä, «Machine1337» lakamly ulanyjy bu maglumat bazasyny darknetde 5000 dollara satýar.
Eger-de bu maglumatlaryň dog...
Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi
Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar b...
Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar
Daniýaly «Novo Nordisk» farmasewtika korporasiýasy bilen «Septerna» amerikan biotehnologiýa kompaniýasy 2-nji görnüşli süýjüli diabete (süýji kesele) we semizlige garşy «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşini çykarmagy meýilleşdirýärler. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.
«Novo Nordisk» bu taslama 2,2 milliard dollar maýa goýmagy...
Türkmenistanyň DIM-nde Eýran bilen parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy
16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara...
Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler
2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Türkmenistandan Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygy...