Garwardda emeli aň başga planetalylary gözlemek üçin ulanylar
Garward uniwersiteti Ýerden daşary ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin “Galileo” taslamasynyň çäklerinde emeli aňy ulanar. Bu barada Bloomberg ýazýar.
Şeýle taslama doktor Lora Domine ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol “tutmak” we ýazga almak mümkin däl diýen ýaly elementar bölejikler – neýtrino bilen meşgullandy. Indi ol ünsüni kärdeşleri bilen bile...
Rianna 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze aýdym çykardy: ol “Smurflara” saundtrek boldy
Rianna “Smurflar kinoda” animasion filmine saundtrek bolan täze “Friend of Mine” aýdymyny çykardy. Bu onuň 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji relizi boldy, soňky gezek ol “Gara babyr: Wakanda baky” filmi üçin “Born Again” aýdymyny çykarypdy.
Täze multfilmde aýdymçy Smurfetta ses berdi we KHBS-iň maglumatlaryna görä, onuň taslama gatnaşm...
ABŞ-da daşary ýurtlulara baýrak hökmünde amerikan raýatlygyny berjek şüweleňi döretmek isleýärler
ABŞ-nyň Içeri goranmak ministrliginde “Amerikaly” ady bilen realiti-şouwy döretmek pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onda daşary ýurtlular amerikan raýatlygy ugrunda bäsleşip biler diýip, edaradaky çeşmä salgylanyp, The Daily Beast habar berýär.
Taslama şüweleňiň 35 sahypalyk meýilnamasyny taýýarlan kanadaly prodýuser Rob Uorsoff bilen bile...
Hyundai we Saud Arabystany täze ägirt awtomobil zawodyny gurýar
Patyşa Salman adyndaky awtomobil klasteriniň çäklerinde patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) Hyundai Motor Manufacturing Middle East (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen Hyundai Motor Company-nyň bilelikdäki kärhanasydyr.
Tas bir trillion dollarlyk akti...
Messi IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy futbolçy saýlandy, Ronaldu üçlükde ýok
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi.
IFFHS boýunça taryhda iň gowy 10 futbolçy:
Lionel Messi (Argentina)
Pele (Braziliýa)
Diego Maradona (Argen...
Lew Ýaşin IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi
SSSR-iň milli ýygyndysynyň we Moskwanyň “Dinamosynyň” öňki derwezebany Lew Ýaşin Futbol taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi.
IFFHS boýunça futbol taryhynda iň gowy 10 derwezeban:
Lew Ýaşin (SSSR)
Janluiji Buffon (Italiýa)
Manuel Noýer (Ger...
Italiýaly Massimo Stano sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy
Italiýaly türgen, Olimpiýa çempiony Massimo Stano 35 km-lik sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy. Çehiýada geçirilen Ýewropanyň toparlaýyn çempionatynda ol bu aralygy 2 sagat 20 minut 43 sekuntda geçdi.
Şeýlelikde, Stano 2006-njy ýylda 2 sagat 21 minut 31 sekunt netijäni görkezen russiýaly Wladimir Kanaýkiniň üstünligini täzeledi. Şol bir w...
Ýaş türkmen küştçüleri Duşenbede Günbatar Aziýanyň birinjiliginde bäş medal gazandylar
Türkmenistanyñ ýygyndy topary küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýaşlar çempionatynda bir altyn we dört bürünç medala eýe boldy. Ýaryş Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirildi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşa 12 ýurtdan 200-den gowrak oýunçy gatnaşdy. Türkmenistana bu ýaryşda 17 küştçi wekilçilik etdi, olar 8, 1...
Türkmen karateçileri Polşada fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda 21 medal gazandylar
Polşanyň Pulawy şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler jemi 21 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 47 ýurtdan 3 müň töweregi türgen gatnaşdy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlary: 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal.
Altyn medallaryň eýeleri:
Nurgeldi Annagurbanow
H...
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni giňden we dabaraly bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. Türkmen metbugatynda çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär.
Ilkibaşda bu ulag görnüşini Parižde geçirilen Olimpiada-2024-de synama...
Janni Infantino: FIFA-nyň girdejisi dört ýylda iki esse artyp, $13 mlrd boldy
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) girdejisi soňky dört ýylda 6,5 mlrd dollardan 13 mlrd dollara çenli artdy. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň Asunsýonda geçirilen 75-nji kongresinde eden çykyşynda habar berdi.
“Maliýe barada gürrüň edilende ýene bir zady bellemek gerek. Eger 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli býuj...
NASA 20 ýyldan gowrak ozal öçürilen “Woýajer-1” zondunyň hereketlendirijilerini işletmegi başardy
NASA-nyň inženerlerine 20 ýyldan gowrak wagt ozal öçürilen we häzire çenli düzedip bolmaýan hasaplanan “Woýajer-1” zondunyň ugrukdyryjy hereketlendirijileriniň işini dikeltmek başartdy.
2002-nji ýylda gyzdyryjylaryň öçürilmegi sebäpli olaryň işinde bökdençlik ýüze çykdy diýlip hasaplanypdy. Şol wagt bu alada döretmedi, çünki ätiýaçlykdaky he...
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda resminama gol çekdi
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geljek ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” kararyň tasla...
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24–25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly halkara sergisi we maslahatyny geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Annamämmedow 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, halkar...
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler
17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guralar hem-de onuň çäklerinde milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we käm...
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda iki sany aýdym-saz festiwaly geçiriler
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler. Bu barada wise-premýer B.Seýidowa şenbe güni Hökümet mejlisinde habasat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19–21-...
Türkmenistanda “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görülýär
17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2024–2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada ‘Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy...
“Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginde Awstriýa ýeňiji boldy
Awstriýaly aýdymçy JJ (Ýohannes Pitç) Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
“Wasted Love” (“Biderek söýgi”) aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçy 436 bal gazandy. Grand-finalda oňa hem professional eminler, hem tomaşaçylar birinji orny berdi.
Ikinji orny “New Day Will Rise” aýdym...
Režissýor Ari Asteriň “Eddington” filmi Kann festiwalynda 7 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy
Režissýor Ari Asteriň baş keşpleri Hoakin Feniks bilen Pedro Paskalyň ýerine ýetirmegindäki “Eddington” filmi Kann kinofestiwalynda 7 minutlyk el çarpyşmalara mynasyp boldy. Bu barada Deadline portaly habar berýär.
Tomaşaçylaryň haýran galmagy Feniksiň gözýaşyna sebäp boldy. Aster hem çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
“Bu hasyl bolan a...