Microsoft Windows 10 üçin täzelenmeleri çykarmagyny bes eder

Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion sistemasy üçin uly täzelenmeleri işläp düzmegi bes edýär. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanyp, TASS habar berýär.
“Häzirki wersiýa, 22H2, Windows 10-uň ahyrky wersiýasy bolar” – diýlip, kompaniýada görkezilýär. Şeýle-de bolsa, Microsoft sistemanyň tehniki goldawyny 2025-n...

Dowamy »

493 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Mark Sukerbergiň baýlygy bir günde $10 mlrd artdy

Meta Platforms kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Mark Sukerbergiň baýlygy 27-nji aprelde 10 mlrd dollar artyp, 87,3 mlrd dollara ýetdi diýip, Bloomberg hasaplaýar. Bu taryhda Sukerbergiň kapitalynyň ululygy boýunça üçünji bir günlük ösüşi boldy, işewür Bloomberg-iň milliarderler reýtinginde 12-nji orna geçdi diýip, quote.ru habar berýär....

Dowamy »

482 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Benzema Ispaniýanyň çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy

Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda dördünji bombardir boldy diýip, sportrbc.ru habar berýär.
35 ýaşly fransiýaly oýunçy 32-nji tapgyryň “Almeriýa” garşy oýnunyň birinji ýarymynda het-trik amala aşyrdy. Benzema bäşinji, 17-nji we 42-nji (penaltiden) minutlarda gol geçirdi.
Hüjümçi La...

Dowamy »

511 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Katarly şeýh “Mançester Ýunaýted” üçin $6,3 mlrd hödürled

Kataryň öňki premýer-ministri şeýh Hamad ben Jasim ben Jaber Al Taniniň ogly “Mançester Ýunaýtedi” 5 mlrd funt sterlinge (6,3 mlrd dollar) satyn almak üçin ahyrky teklibi öňe sürdi. Bu barada Bloomberg habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär. 28-nji aprelde topary satyn almak üçin arzalary bermegiň üçünji tapgyrynda ahyrky möhlet geçdi.
“MÝ...

Dowamy »

507 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

BMW i5 elektrik ulagyny bakyş arkaly dolandyryp bolar

BMW kompaniýasy i5 elektrik sedanynyň prototipleriniň täze suratlaryny çap etmek bilen birlikde täze önümiň aljak adaty bolmadyk aýratynlygy barada gürrüň berdi. Sürüjiniň kömekçiler toplumynda sürüjiniň nazaryny yzarlamak üçin kamera bolar: şeýlelik bilen, sürüji gözleri bilen «awtopilota» käbir buýruklary berip biler.
BMW i5-däki Highway A...

Dowamy »

659 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Marca neşiri okyjylaryň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndysyny düzdi

Ispaniýanyň Marca sport neşiri öz okyjylarynyň pikirine esaslanyp, dünýäniň simwoliki ýygyndy toparyny neşir etdi.
Dünýäniň iň güýçli oýunçylarynyň topary aşakdakylar:
Derwezeçi: Tibo Kurtua (“Real”);
Goragçylar: Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Ronald Arauho (“Barselona”), Eder Militao (“Real”), Alfonso Dewis (“Bawariýa”);
Merkezi...

Dowamy »

479 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Germaniýada 1894-nji ýylda çykan ulag guratlykdan geçdi

1894-nji ýylda çykan Benz Wiktoriýa №99 atly awtoulag Germaniýada TUV barlagyndan (Germaniýada awtoulaglaryň guratlyk ýagdaýyny barlagy) üstünlikli geçdi. Augsburger Allgemeine-niň ýazmagyna görä, seýrek duş gelýän awtoulaga, käbir çäklendirmelere seretmezden, jemgyýetçilik ýollarynda ýene iki ýyl hereket etmäge rugsat berildi.
Benz Wiktori...

Dowamy »

507 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Samsung I çärýekde arassa girdejisini 7 esseden gowrak azaltdy

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy birinji çärýekde arassa girdejisini ýedi esseden gowrak azaltdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 11,325 trln wona bilen deňeşdirilende, 1,575 trln wona boldy ($1,18 mlrd). Şol bir wagtyň özünde çip çykaryjy biznes 4,58 trl...

Dowamy »

503 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

IT kompaniýalar 2023-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde 183 müňden gowrak işgäri işden çykardylar

Layoffs.fyi portaly tarapyndan ýygnalan maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri dünýäde tehnologiýa pudagyndaky 183 müňden gowrak işgär öz iş ornuny ýitirdi. Şol bir wagtyň özünde görkeziji ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri ýedi esseden gowrak ýokarlandy diýip, Interfax.ru habar berýär.
Maglumatlar 2023-nji ýylyň jemi boýunça tehnologiýa pud...

Dowamy »

509 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Bloomberg Binance-yň ýolbaşçysyny täze “maliýe titanlarynyň” üçlügine goşdy

Binance-yň ýolbaşçysy Çanpen Çžao Bloomberg tarapyndan maliýe pudagyndaky iň baý adamlaryň sanawyna girizildi. Agentligiň maglumatlaryna görä, Çžaonyň baýlygy 28,2 mlrd dollara barabar. Bu barada rbc.ru habar berýär.
2023-nji ýylyň 23-nji martyna çenli maglumatlara görä, Çžao soňky on ýylda baý adamlaryň sanawynda ýokary çykan 25 sany täze “...

Dowamy »

434 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Italiýanyň Hökümeti ChatGPT çat-botunyň ýurtda hereket etmegine ýene rugsat berdi

OpenAI amerikan kompaniýasynyň ChatGPT çat-boty ýerli häkimiýetler tarapyndan böwetlenenden bir aý soň, Italiýada täzeden işläp başlady diýip, anna güni kompaniýanyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanýan Reýter agentligi habar berdi.
Onuň sözlerine görä, çat-bot OpenAI kompaniýasy italýan edarasynyň maglumatlary goramak gullugynyň soraglarlaryn...

Dowamy »

508 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmen dzýudoçylary Kuweýtde Aziýanyň Açyk Kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistandan 14 sany türgen 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçirilýän Dzýudo boýunça Aziýanyň Açyk Kubogyna gatnaşýar. Bu barada Dzýudonyň Halkara Federasiýasynyň resmi saýtynda aýdylýar.
Türkmenistanyň erkekler toparynyň düzümine: Aýbek Omirow, Mekan Ramazanow, Döwran Ýazkylyçow, Ali Agammämedow (ählisi 60 kg çenli agram derejede...

Dowamy »

469 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistan bilen döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassyklaýan Kanuna gol çekdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gazak-türkmen döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky» Kanuna gol çekdi.
Gazagystanyň Prezidentiniň edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, şertnama 2021-nji ýylda Aşgabatda gol çekilipdi...

Dowamy »

415 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Bloomberg: Hindistan aprel aýynda Ýewropanyň iň uly nebit üpjünçisi bolar

Hindistan şu aýda Ýewropany arassalanan nebit bilen üpjün ediji iň uly ýurt bolar. Bu barada anna güni Bloomberg habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, Hindistandan Ýewropa arassalanan nebitiň eksporty aprel aýynda bir günde 360 müň barrelden geçer, bu bolsa Günorta Aziýa ýurdunyň Saud Arabystanyndan öňe geçmegine we arzan rus nebitini reko...

Dowamy »

424 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Beýik deňleýji 3» filminiň ilkinji treýleri çykdy (Великий уравнитель 3)

Sony Pictures studiýasy «Beýik deňleýji 3-iň» ilkinji treýlerini çykardy. Denzel Waşingtonyň gatnaşmagynda düşürilen ekşn trilogiýanyň tamamlaýjy bölümi 1-nji sentýabrda ekranlara çykar.
Filmiň jemleýji bölüminde hakyna tutma Robert MakKoll (Waşington) ýerli mafiýa garşy göreşmek üçin Italiýa gidýär. Şeýle-de, filmde Dakota Fanning hem oýna...

Dowamy »

422 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Oskar — 2024» baýragynyň senesi yglan edildi

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy «Oskar» baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Dabara 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriler.
ABŞ-da 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda çykan islendik film baýraga dalaş edip biler. Dalaşgärleriň gysga sanawlary 21-nji dekabr...

Dowamy »

461 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Nokia häzirki zaman Nokia 105 4G düwmeli telefonyny çykardy

Finlýandiýanyň Nokia markaly gurluşlary öndürýän we satýan HMD Global kompaniýasy häzirki zaman düwmeli telefonyny çykardy. Bahasy bary-ýogy 29 dollar bolan Nokia 105 4G simsiz nauşnikler üçin goldaw aldy diýip, Gizmochina habar berýär.
Model 1450 mA/s kuwwatly akkumulýator, Bluetooth 5.0 aldy, Migu music we Himalaya funksiýalaryny goldaýar....

Dowamy »

496 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Microsoft III maliýe çärýeginde arassa girdejisini 9% ýokarlandyrdy

Microsoft Corp. 2023-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 9%, girdejisini 7% ýokarlandyrdy, görkezijileriň ikisi-de analitikleriň çaklanyndan has gowy boldy.
Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,728 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,22 dolla...

Dowamy »

498 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistana Airbus A330-200 kysymly täze ýük uçaryň ikinjisi gelip gowuşdy

Şu gün, 27-nji aprelde Aşgabadyň Halkara howa menziline «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçary gelip gowuşdy.
Täze howa gämisi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransi...

Dowamy »

466 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistana Airbus A330-200 kysymly täze ýük uçaryň ikinjisi gelip gowuşdy

Şu gün, 27-nji aprelde Aşgabadyň Halkara howa menziline «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçary gelip gowuşdy.
Täze howa gämisi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransi...

Dowamy »

450 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago