ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň 92 ýaşly ýaşaýjysy suw lyžasynda typýan iň garry türgen hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Dwan Ýakobsen sportuň bu görnüşi bilen 1961-nji ýyldan bäri meşgullanýar. Aýalyň maşgalasynyň Ber kölünde öýi bar, bu ýerde türgen öz ýakynlary bilen her tomus lyžada typýar. Aýaly Rekordlar kitabyna girizmek üçin arzany ony habardar etmezden Ýakobseniň agtyklary tabşyrdy we ol tiz wagtdan hünärmenler tarapyndan kabul edildi. Şatlykly habary türgene onuň agtyklary we çagalary Roždestwo agşamlygynda habar berdiler. Türgen henizem muňa ynanmaýandygyny aýdýar. Suw lyžasynda typmakdaky duýgulary barada gürrüň bermek bilen, Ýakobsen her gezek suwa girende özüni şadyýan duýýandygyny we gowy görýän sporty bilen şeýle uly ýaşda meşgullanyp bilýändigine begenýändigini aýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir