1. Wahhabiligin düybüni tutujy Muhammed bin Abdulwahhab (XVIII asyrda yaşap geçen) bolup, bu taze ‘dini akym’ Arabystanda dörapdir. ‘Wahhabilik’ ady hem bu ‘taze akymyn’ düybüni tutan adamyn adyndan gelip çykyar. 2. Wahhabiligin döremegi we şu günki Saud Arabystanynyn we gonşularynyn territoriyasynda yayramagy üçin Beyik Britaniya hökümeti gaty uly tagalla edipdir. 1700-nji yyllarda inlislerin ‘Koloniyalar Ministrligi’ bolupdyr we şol ministrlik Beyik Britaniyanyn koloniyalaryny dolandyrmakda uly rol oynapdyr, öz golastynda bolmadyk döwletlerde bolsa ‘başagaylyk, bulam-bujarlyk’ döretmek üçin elinde baryny edipdir. Şo döwürler Osman İmperiyasyna degişli bolan Arabystana-da ‘Hemper’ yaly mekir içalylaryny (agent) iberipdir. İne şu Hemper diyilyan inlis içalysy Wahhabiligin döremeginde we Arabystanda ornaşmagynda gaty uly rol oynapdyr (Bu barada has ginişleyin maglumatlar ‘Hemper Syrlaryny Açyar’ atly kitapda beyan edilyar, şo kitap 1999-njy yylda Türkiyede Hakykat Neşriyat-Hakikat Kitabevi tarapyndan türkmen diline-de terjime edilipdir). 3. Muhammed bin Abdulwahhab öz ‘pikirlerini’ 1730-njy yylda Nejdde (şu wagty Saud Arabystanynyn bir şaheri) yayyp başlapdyr. Şol döwürler, Wahhabilige uyyanlar, taze yayradyp başlan ‘akymlaryna mezheplerine’ girmeyanlere ‘kapyr’ diyip olary öldüripdirler, öldüren adamlarynyn öy-öwzar we goşlaryny bolsa talapdyrlar. Muhammed bin Abdulwahhab ölenden son hem, bu ‘taze akymy’ onun yzyna eyeryanler dowam etdiripdirler. 4. Wahhabiligin syyasy tarapy-da bardyr. ‘Saud Arabystanynyn düybüni-de Wahhabilige uyyan adamlar tutdy’ diysek yalnyş bolmaz. Hali-hazirem bu döwletin resmi dini ‘Wahhabilikdir.’ Wahhabilerin Ynançlary b/n Baglanyşykly Kabir Maglumatlar - Wahhabiler Kurany Kerime nahili düşünyan bolsalar, şon yaly hem many çykaryalar. - Dine Kurany we sünneti kabul edyaler. Ashaby Kiram we beyleki Yslam alymlarynyn bize yetiren ‘zatlaryny’ kabul etmeyarler. Meselem, 4 hak mezhebi (Hanefi, Şafi, Maliki we Hanbeli) kabul edenoklar. Yöne Wahhabiligin ilki döran döwürleri bu ‘taze dini akyma’ giryanler, daş-töweregine özlerinin Hanbeli mezhebine uyyandygyny aydar ekenler. -Öwülya (gabyr) zyyaratyny Wahhabiler ‘haram’ kabul edyaler, şol sebapli-de ine meselem bir musulman Muhammet Pygamberin gabryny zyyarat etse-de ‘haram’ iş etdigi bolar! -Pygamber ya-da beyleki ‘uly’ şahsyyetlerin hatyrasyna diyip doga eden bir musulman Wahhabilere göra ‘kapyr’ bolar. Meselem men Bayramalydaky sahabalary zyyarata gitsem we Yaradana, ‘Ey Biribar, şu yerde yatan söygüli bendelerinin hormatyna menin günalerimi bagyşla…’ diyip doga etsem, Wahhabilere göre ‘kapyr’ bolyan! -Wahhabilere göre, namaz okamayan adamlar-da ‘kapyr’ bolarlar. -Merhumlaryn ruhlaryna sadaka beryanler hem Wahhabilere göra ‘kapyr’ bolar. İne meselem, bir ‘türkmen aga’ öten-geçenlerime diyip sadaka berse sadakasy kabul bolmaz, dinden çykar! (Toba-toba, adam ölmese her hili zat eşitjek eken!) Garaz, Wahhabiler ‘adaty musulmanlara sahelçe zat üçinem kapyr diymegi hiç zatça-da görenoklar’ diysek kan bir öte geçdigimiz bolmaz.

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir