söýýän mahalyň unutmak diýmek näme? örän güýçli we jogapsyz söýen pursatyňda? haçanda özüňi dolulygyna oňa sowgat bermek islän pursatyňda. ol hakda elmydama pikir edeňde: “nähilika ol şuwagt? näme bilen meşgullanýar? oňa kyn däldirda herniçik? sen hakda iň bolmanda birje gezek ýatlaýarmyka?..”. ol hakda sen elmydama pikir edýäň: ir bilen oýanaňda, huşuňda, ýatjak bolaňda, sebäbi ol ýekeje, mähriban, aýratyn... onuň ajylary seňki bolmagyny isleýäň, sebäbi ol şeýle ajaýyp adam, ol hiç hili jebir-jepa mynasyp däl ahbetin, ol diňe bagtly bolmaly we diňe bagtly...şeýle adamy nähili unudyp bolar? saňa herkim bu hereketleriň bir akmaklyklyk, nädogrydygyny ýaňzydýarlar, çünki ondan başgada dünýäde millonlarça gyzlaryň barlygy, olaryň mundan hem ýaş hem gözeldigi, iň esasy zat hem olaryň seni edil seniň ony söýüşiň ýaly söýjekligidir... nähili unutmaly? her kimde onuň keşbini tapjak bolmaklygy, oňa umydigär garaşmaklygy nädip kalpdan ýok etmeli... elbetde hemme pikiriňi işe ýa-da okuwa gönükdirseň, özüňi surnukdyryp hemme zada biparh seretdirseň, ol duýgulary kalbyň iň içki bölegine itekläp ol ýerde ýerläp bolar... emma bu çykalga däl ahyryn... bu diňe seniň ýok bolmagyňdyr... aladalar seni ýekeligiňden halas etmän, gaýtam hasam ony çylşyrymlaşdyrarlar... ine bir gün sen başardyň, unutdyň, söýgini ýerlediň, gutuldyň diýip pikir eden mahalyň, sende giden bir boş wagt peýda bolýar... mysal üçin keselhana düşýärsiň we saňa meşgullanara zat bolmaýar... şol pursat kalbyň iň içki böleginden öten duýgularyň ýuwaş yuwaşdan, has batlanyp, möwç alyp täzeden alowlanýar. gaýgy-hasrat, ejir-jepa ýene seniň kalbyňy gurşap alýar, we ýene ol... ol ýene seniň pikirleriňe eýe bolýar... diňe şol we başga hiçkim... sen ýatlaýarsyň, syzýarsyň, hasrat çekýärsiň, söýýärsiň we... we sen arzuw edýäň... ikiňiz bile bomagyňyzy arzuw edýärsiň, hijem bolup bilmejek geljek hakda meýiller gurýarsyň. ýüregiň iň içkin tarapynda sen bu hakykaty syzýarsyň, düşünýärsiň we muňa akyl ýetirip, hasrat çekýärsiň, öran agyr hem sitemli hasrat.. ol seni içiňden ýakýar, bogýar. seniň ajap gözleriňden akýan ýaşlar seniň teniňi syryp geçýär, sen aglaýarsyň we näme üçin aglaýandygyňy aslynda özüňem düşünmeýärsiň... ýaşlar boýur-boýur ýöneje akýar, saňa ezýet baryn çekdirip...sen tukatly, kalbyň para-para, ýalňyz... her salym sen onuň gözlerini, näzik ellerini we tenini, onuň örän mähirli, ýakymly, ýa-da tersine örän islegli we alowly posalaryny ýatlaýarsyň. sen diňe onuň ýanynda oturaňda, özüňi şeýle ajaýyp duýandygyňy, ýanandygyňy syzýarsyň we ýatlaýarsyň... indi bolsa bularyň hijisem ýok... sen bu giden dünýäde ýalňyz we hiç kime gerekli däl... ýürek paralanyp iňleýär bu pursat... daş-töweregi gaýgy, geljege umytsyzlyk, hasrat gaplap alýar. söýýän adamy neneň unudyp bolar?...

Köneler, imperator tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir