Salam talyplar.com agzalary, sag aman çydap otyrsyňyzmy?)) Şu wagt açylan bloglary görüp bir zat ýadyma düşdi, esasanam bu ýagdaýy talyplar.com köne agzalaryna gowy tanyş bolmaly. Ýagny, biraz geçmişe gideliň. Ýadyňyzda bolsa, ertir.com saýdy açyk döwründe-de Ertiriň Adminleri birini banlaýsa gutardy, şol agza eýýäm Talyplar.com saýtynda Ertir palan ertir pisdigan diýip agzyna geleni sögýärdi we gargynýardy. Soň ertir ýapyldy emma kesel galmady, ýazgylar şol öňki äheňde emma diňe saýt salgylary üýtgäp dürli wagtlarda dürli yzygiderlikde, dürli saýtlar gargaldy😁 meniň ýadymdaky yzygiderlikdäki spisok:

1. Ertir.com
2. Akdepe.ru
3. Yurekdeshler.ru
4. Dostluk.ru
5. Kitapcy.com
6. Garagum (domeni yadymda dal yone gowja forum saytdy)
7. Sorag-jogap.com
8. Duralga.ru
9. Halypa.ru
10. Ulgamda.pw
11. Yeketak.ru
12. Alem.su
13. Yurekdesh.ru
14. Okeey.ru
15. Ertir.net
16. Hazyna.ru
17. Islenen.ru

Ine şu saýtlar barada gaty köp erbet bloglar açyldy, adminlerine sögünçli sözler aýdyldy we ş.m.
Belkide maňa diýersiňiz, senem bara içinde şolaryň, ýöne ýalňyşýaňyz. Men hiç haçan saýdyň adminine sögmedim ýada bular ýaly edip, parahat oturan adamlara azarym ýetmedi. Men diňe adminler saýtyny reklama edende ýa-da saýdy barada blog açanda, şol saýdy analizläp tapan kemçiliklerimi ýazýardym, ýazarynam!!! Olary ýazmak bilen meniň maksadym saýdy masgara etmek ýa-da Adminleri kemsitmek däl!!! Gaýtam tersine, kellesi bar admin ýazan kemçiliklerimi düzedip saýdyny has kämilleşdirer we gorar. (Häzirlikçe kelleli çykan adminler, mobkinchik.net, ertir.net, islenen.ru)

Indi esasy meselä geçsem, meni bir zat gyzyklandyrýar. Ýagny näme sebäpden siz imo, instagram we tiktok ýaly saýtlarda anketaňyz banlanyp ýapylanda ala goh edip, meselem hytayyň bir saýtynda çu çi lahooo tiktok admin porhooo, diýip yzly yzyna blog açaňzok??? Ýa güýjiňiz diňe özüňiziňkä ýetýämi?

Näme üçin imo, instagram we tiktok ýaly saýtlarda banlanandan soň, indikide düzgün pozmajak bolup akuratnyja ulanýaňyz? Gelip Türkmen saýtlaryny bulaýaňyz we adminlerini sylaňyzok!!!

Gaýrat ediňde saýdy hapalaman arassaja ulanaýalyň we kwazimoda 1 sapar ýazsaňam okalýa mowzugyň 2000 sany açmak hökman däl.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir