Ymamy Agzam (A'zam) Ebu Hanyfeniň hakyky ady Numan. Kakasynyn ady bolsa Sabit. Şonuň üçin onuň hakyky ady Numan bin Sabit . Hijri 80-nji yylda Kufe(Yrakda bir şaher) dogulyar we yene-de Yragyn Bagdat şaherinde hiçri 150. yylynda wepat bolyar. Mazary Bagdatdaky "Haýruzan" mazarlygyndadyr. Ymamy Agzam Hanefi mezhebinin ymamy. Ymamy Agzam diymegin ozi "Uly ymam" diymekdir. Ol Hanefi mezhebiniň gurujysy we beýik Yslam alymlaryndan biridir. Ol sahabalardan, tabiin we tebe-i tabiinlerden ýygnan köp sanly hadyslary beýan edipdir. Onuň ýüz müňlerçe şägirdi bolupdyr. Ymamy Agzam barada kop maglumat bar. Ymamy Agzamyn ýetişdiren üç sany ägirt şagirtleri bar. Hanefi mezhebine uyyanlar, bir mesele yuze çyksa, birinjiden bu mesele barada Ymamy Agzamyň name diýenine seredýärler we şonun bilen amal edyarler. Eger şol mesele barada Ymamy Agzamdan hiз-hili maglumat yok bolsa, onda onun şagirdi bolan Ymamy Ebu Yusuf bu barada name diyipdir, şona seredyerler. Eger Ymamy Ebu Yusufdan hem bu mesele barada hiçzat gelip gowuşmadyk bolsa, onda Ymamy Agzamyn beyleki bir şagirdi bolan Ymamy Muhammedin pikirlerine salgylanylyar. Eger Ymamy Muhammeddenem bir maglumat gelip gowuşmayk bolsa onda, Ymamy Agzamyn beyleki bir şagirdi bolan Ymamy Züferin pikirlerine salgylanylyar we şolaryn pikirlerine gora hereket edilyar. Gysgaça şeyle: Ymamy Agzam, Ymamy Ebu Yusuf, Ymamy Muhammed, Ymamy Züfer(rayýallahu anhum ejmaýyn)

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir