Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!
Haçandan bäri tehnologiýa hakda blog açman ýördüm. Bu günem ýene Nokia ulanyjylaryna bir super habar ýetireýin diýdim. Internetden iñ soñky tehnologiýa habarlary okap ýörkäm, gulak galdyrýan habara dushdum. Siz bilen paýlashaýyn diýdim:
Londonly dizaýner Patrik Haýland Nokia shereketi üçin adamyñ bedeniniñ gyzgynlygyndan zarýad alýan jübi telefonynyñ taslamasyny döretdi. Bu barada www.ecofriend.org saýty habar berýär. Täze Nokia E-Cu jübi telefonynyñ dashy misden ýasalýar. Onuñ
arkasy guran topragy ýatladýan nagysh bilen bezelipdir.
Telefonyñ içinde termogenerator bar (gyzgynlygy elektrige
öwürýän enjam), ol islendik gyzgynlygy eletkrige öwürmäge
ukyply bolup, adamyñ bedenindäki ýaly, kän bir ýokary bolmadyk gyzgynlykdan hem peýdalanyp bilýär. Bilermenleriñ aýtmagyna görä, täze telefon öndürilip bashlansa, her ýyl 51 müñ tonna zibiliñ emele gelmeginiñ öñi alnar. Begendirýän ýagdaý bolsa, indi
“telefonymyñ zarýady duýdansyz gutaraýsa näderkäm?!” diýen aladamyz bolmaz.
Bu habar Nokianyñ fanlaryny begendirse gerek. Näme diýsegem Nokia jübi telefonlarynda elmydama öñde. S.E, iPhone, Motorola, Samsung, LG, BlackBerry ýene-ýeneler Nokianyñ öñüne hiç-haçan geçip bilmezler diýip pikir edýän.
Bu ýerden habary:
Türkmençe> http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54095
Rusça> http://infuture.ru/article/3678
Iñlisçe> http://www.ubergizmo.com/15/archives/2010/10/nokia_e-cu_concept_charges_in_your_pants.html
Habar hakda pikirleriñi beýan edip bilersiñiz!
Çeshme: http://rowshen-jm.blog.ru/99162595.html
Bedeniñ gyzgynlygyndan zarýad alýan Nokia
-
kaya tm
15 years ago
- bize hachan yeterka bu telefon:))))
-
Cwetocek
15 years ago
- gelerle garrayanchak:-) nesipbolsa!
-
Rahip
15 years ago
- bula gecen asyryn tazeligi! Bashga gowja tazeligin yokmay?
-
Goool
15 years ago
bula gecen asyryn tazeligi!
bashga gowja tazeligin yokmay?
rahip | 2010-10-13 07:44:33
hay aldadynay, gecen asyr turkmenistan telefonyn ysynam alanoklay. Thanks rowshen, on okapdym (teswirlerde)
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- @Rahip, sen yazay has tazesini.
-
Ayylganch
15 years ago
- bet ekenay bu
-
Rahip
15 years ago
- HTC T8290 max 4G Yota
set bilen ishlemage niyetlenilen. Tv programmalaryny gorup bolyar. Sensorny displey, 3,8 dyumlyk 800x480 nokatly. Prosesory528 megagers , yady 8gb . Ishjen yady 288 mb . Bolyan cip SD . AHLI TAZE SWYAZLARDA ISHLEYAR.
-
Cris
15 years ago
- Tuweleme copy paste etmage okde ekenin.
Cwetocek 15 years ago- salam rowshen jm! Gowy habaryn ucin minnetdar! Bula gaty yakymly tazelik zaryatnik goterip yadadayanda:-(