I Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler, Günler ömrüñ eleginde elener. Yza dönmek islär däli göwünler, Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere. Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar, Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar, Meniñ bar ruhumy direlden serwim. Ýolumyzyñ çatak düşeni üçin, Gam çekme. Bu derdi götergin merdem, Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn, Has kyn halas bolmak ýatlamalardan. Düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli, Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly. II Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly, Solgun ýatlamalar giripdir köñle. Uçurdyñ eliñden arzyly ýary, Indi bir ýatlamañ söhbetin diñle. Köpler kimin duşmasam-da ýara men, Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. Päklige düşündim şo duýgy bilen, Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş. Duýmadym şoñ bilen gussa-gaýgyny, Soradym halyñy her bir geçenden. Öñde-soñda iñ päk – asyl duýgymy Alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden. Ýollar kimin uzap barýar bu günler, Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler. III Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary. Gysdy penjesine ölümli günler, A men, näme üçindir, ýene-de diri. Buguñ eteginde ýazyldym ýere. Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri. Berliniñ öñünde öldüm men ýene. Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri. Señ bilen ýylyndym çygly zeminde, Señ bilen, eý, meniñ şatlygym, görgim. Ähli ölümleri öldürdim şonda, Özüm üçin, hemem señ üçin, serwim. Töwerek gümmürdi, töwerek däri. Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. IV Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary, Özi bolsa gidip otyr ummana. Indi seni baky dünýeden bäri Görüp biläýjegim örän gümana. Ýöne mahal-mahal iñrik garalyp, Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar, Azaşan ýolagçyñ geýmine girip, Meniñ söýgim meniñ gapymy kakýar. Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada: Mydam köñül arzuwyna ýetme ýok. Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok. Her günüñ – bir ömür, bir uly sene - Söýgi günleriniñ adaty, ine. V Söýgi günleriniñ adaty, ine: Her günüñ – açyşdyr, her günüñ – şatdyr. Onuñ algebrasyn çözersiñ. Ýene Birini ýazansyñ, ikisem ýatda. Meniñ söýgim şeýle kämil çykypdyr, Eger sen dönäýen bolsañam daşa, Söýgim gursagyña girip, diýerdi: “Sen meni ýaratdyñ. Indem sen ýaşa!” Bir gösem-ä, saña elim ýetenok. Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý. Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly, Ikimize welin, ýeterlik olar. Ýatlama-da sary, gussa-da sary. Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy. VI Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy, Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Baglañ pyntyk ýaryşy deý mart aýy, Ähli duýgularyñ pyntygyn ýarar. Şeýdip, mana düşer ýigdekçe, ine. Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar. Düşüner ol Aýyñ gözelligine, Lukman bolup güller bilen sözleşer. Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn: Şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn. Demigip gürrüñ biýr saña günuzyn, Ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn. Köñül öwşün atmaz yşkyñ nuruna, Aşyklar duşmasa biri-birine. VII Aşyklar duşmasa biri-birine, Bir deñze guýmasa ol goşa derýa, Ähli umyt siñer ýeriñ şoruna, Ähli geljek göni geçmişe barýa. Men seni soraglap gezýän dünýäni, Seni tapjak bolýan şamu-säherden. Bu gün bu şäherden otla münýärin Taparyn diýp başga oñat şäherden. Sorag belgisi deý garañky gökde, Egri aý soragly bakýar gözlerme, ...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda, Uzaklygy çalym edýär gözlerñe. Ýürekler almasa söýgüden paýy, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. VIII Dogmajak ýalydyr güni hem aýy, Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan, Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy? Bu ýeke-täk ýolmy ýollañ baryndan? Söýgi hasrat däldir. Ýürekde dörän, Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak. Men söýgini belent göterdim örän, Misli maña tabşyrylan al baýdak. Men ölerin. Şeýdip mazarym dörär. (Alaç barmy – tebigatyñ emri bu). Söýgim gelip mazaryma büdürär Hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi. Söýgim gözýaş döker üstümde günde, Her hal säher tüm çetinden jyklanda. IX Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin dañ atar. Şeýdip, ýarym, dünýe gezen ykmanda, Günüñ mis naýzasy zemine ýeter. Sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym? Bagtymmy? Gaýgymmy? Ony kim bilýär. Seslen sen, seslen sen, eý meniñ söýgim, Saña oñat sözler aýdasym gelýär. Men sensiz şatlykda ýaşadym, arman, Örän köp şatlykdan ýadadym-irdim. Seni tapsam, şat şäherde ornuñ bar. Gussa şäherimi bagta öwirdim. Şonda bagtym üste uly gün dogar, Rugsat berenden soñ haýbatly horaz. X Rugsat berenden soñ haýbatly horaz, Başlar baky urşy “ýok” bilen “baryñ”. A men sen barada ýazaryn gazal, Oñarsam gussamy ilden gizlärin. Öterin men ähli deñizden, otdan, Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym. Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan, Seni söýüp, soñra mertlik gazandym. Döredi öñümde gomlaryñ beýgi, Ýeñdim men olary ýeñşi deý gämiñ. Belki, myradyna ýetmedik söýgi Ýeten söýgülerden kämildir kämil. Bu dünýe jemidir (oý ediñ, barlañ!), Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ. XI Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ Dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä. Duşanlary – bir ýassykda uklarlar, Duşmadyga – bir ýassyk az görünýä. Şu gün köçämizden bir gözel geçdi. Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden? Ol saña şeýle bir gaty meñzeşdi, Señ adyñy tutman saklandym zordan. Sen sesimi eşden bolsañ eger-de, Ýüregñi gyýardy ol misli päki. Men nirde ýansam-da, doñsam-da nirde, Seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky. Seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger, Üstünden lowurdap tylla Gün dogar. XII Üstünden lowurdap tylla Gün dogar, Oñatlygyñ hemem erbet pälleriñ. Onuñ örän uly aladasy bar – Olam aladasy uly şarlaryñ. Ýogsa onuñ özem men diýen aşyk, Şol ylgap ýör. Oña pellehana ýok. Her günde bäş sany materik aşyp, Şindem Aý ýaryna duşup bilenok. Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary, Aýa duşman, edýän ahmyrna derek. Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary Öz nurumyz bilen gizlemek gerek! Oñatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty. Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty. XIII Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty, Sekiz elli gussañ manysy ýokdur. Iru-giç päk bolsa ynsanyñ bagty, Başda söýýän wagty ýüregi päkdir. Söýgiñ bilen maña beren päkligiñ Bu başymy belent göge ýetirdi, Meniñ ykbalymda seniñ ýoklugyñ Maña juda tämiz gussa getirdi. Seniñ gussañ bilen galdym belende, Seniñ gussañ bilen ömrüm abatlyk. Gussa söýgi bilen dörän bolanda, Dünýede iñ tämiz şatlykdyr şatlyk. Guramaz dünýede söýgiñ daragty! – Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty. XIV Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty: Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün. Siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ, Goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin. Söýüp – peslik, pislik köküni gyryñ! Söýgi bilen söýüñ! A söýgi giñdir. Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym, Çünki meñ geçmişim – seniñ söýgiñdir. Seniñ aýdyp ýetişmedik sözleriñ, Ýañakda gijeden yz galan halyñ, Seniñ meni gözläp ýören gözleriñ – Şudur ähli geçen, geljek ykbalym. Gör, eýýäm iñrige gark bolupdyr ýer, Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler. * * * * * * * Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler, Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly. Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. Söýgi günleriniñ adaty, ine: Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy, Aşyklar duşmasa biri-birine, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Rugsat berenden soñ haýbatly horaz, Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ Üstünden lowurdap tylla Gün dogar! Söýülse, Gün – dogsa dogmaly wagty, Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty!

Köneler, hallboy tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir