Вред курения orslary halamyzok. bu yazgy gunça eşegin buyrugy bilen ayryldy.

Köneler, kaya tm tarapyndan 13 years ago
    poseluy 13 years ago
  • Bolupdyr has gowy özùn u.n
    poseluy 13 years ago
  • Bolupdyr has gowy özùn u.n
    NB 13 years ago

  • El götergin beýle nähak talaşdan

    “El götergin beýle nähak talaşdan,
    Puluň köýer, janyň ýanar bu işden,
    Erte garnyň doldurarlar ataşdan,
    Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş!”
    Magtymguly.
    Nikotin 1828-nji ýyllarda ylym dünýäsinde adygyp başlady. Şol ýyllardan bäri bu maddanyň üstünde dürli barlaglar geçirilip gelinýär. Bu barlaglaryň netijesinde, farmakologiki madda bolan nikotiniň nerw öýjüklerine ýetirýän täsirleri barada ummasyz köp maglumat ýygnaldy.
    Nikot kislorod bilen reaksiýa geçireninde, mawy reňke çalymdaş tüssä öwrülýär. Çilim çekýän adamlaryň nerw ulgamynda wagtyň geçmegi bilen nikotiniň täsiri güýçlenýär. Ahyry nikotin adamyň erkini elinden alýar we adam şondan soň çilimi aňsat taşlap bilmeýär. Belli ýazyjy Mart Twain bu barada: “Çilimi taşlamak aňsat. Sebäbi durmuşymda köp gezek synap gördüm” diýýär.
    Nikotin häzirki wagtda adamlaryň ulanýan iň güýçli zäherli maddalaryndan biri hasaplanýar. Nikotiniň 60 milligramy bir adamy öldürmäge ýeterlikdir. Çilimde nikotiniň mukdary näçe azaldylmaga çalyşylsa-da, adaty filtirli çilimlerde azyndan 20-30 milligram nikotin bar. Çilim çeken we tüssäni içine dartan adam munuň takmynan 10% göterimini sorýar. Bu bolsa, damara 1 milligram nikotin sanjym eden ýalydyr. Öýkene sorulyp, tüsse bilen bedene giren nikotiniň 90% göterimi adama zyýanlydyr.
    Adam nikotinden çakdanaşa zäherlense, dem almagy sazlaşykly halda saklaýan mysşalar ysmaz bolýar. Bu bolsa dem almagy düýbünden peseldýär we adam üçin ölüm gutulgysyz bolýar.
    Her gün belli mukdarda we belli wagtlarda çekilen çilim, deri gyzgynlygynyň azalmagyna we gan damarlarynyň daralmagyna sebäp bolýar. Gandaky “karboksihemoglobin” mukdary adatkysyndan köpelýär. Onsaň hem çilimiň tüssesi bilen sorulyp alnan uglerod oksidi (CO), ganda kislorod daşaýan hemoglobiniň kislorody bilen birleşýär. Uglerod oksidiniň hemeoglobiniň kislorody bilen birleşmegi esasynda ganda kislorod emele gelýär. Çilimiň bu zyýanly täsiri zerarly ganyň kislorod daşaýyş ýygdamlygy azalýar we adam ýygy-ýygydan haşlap dem alýar.
    Çilim çeken adam açlygy unudýar. Sebäbi nikotin aşgazanyň açlyk zerarly ýygrylmagyna päsgel berýär. Bu sebäpli köpden bäri çilim çekýän biri çilimini taşlaýsa semreýär. Barlaglaryň birinde günde bir gutudan köp çilim çekýän adamlar çilimi taşlanlarynda, ýürek uruşlary minutda üç uruş azalypdyr. Ýürek uruşlarynyň azalmagy, bedeniň energiýa zerurlygyny azaldýar. Ýüregiň yzygiderli urmagy bilen gandaky iýmitler kislorod bilen ýakylýar. Ýürek uruşy azalanda welin, iýmitiň mukdary we şol sanda-da, kislorod ulanylyşy azalýar. Soňra alynýan artykmaç iýmit ýag halynda tygşytlanýar we netijede semremek hadysasy bolup geçýär.
    mero12 13 years ago
  • Her zadyn oz keypi bar
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri