Geliň Dinimiz boýunça we beýleki taraplardan şu temada gürrüň edeliň: Erkek adam(ýa-da aýal) özüne ýanýoldaş haýsy zatlara seretmeli? Size nämelere seredip saýlarsyňyz? Esasanam öz deňiňi tapmaly diýilýär welin... Şeýle pikirler bar: 1. Baýlyk. (a)Maddy deňlik-Özüňden baýy alsaň, seni sylamazlygy mümkin. Ýagdaýy perägi alsaň üýtgemegi mümkin w ş.m. ,b)Bilim baýlygy- Düşünäň deň gelmesede däl. ýa-da kitaby gowy görýän bilen kitapdan näme peýda bar diýýän.) 2. Dine garaýşy(Pygamberimiz "dine ýykylýanyndan" saýlaň diýipdir. Onsoňam käbir adamlar dini zatlara biparh garaýar. "O dünýe gidip gelen barmy?" we ş.m.(daş etsin) 3. Owadanlyk. 4. (+/-)Ýyldyz oňuşyklyklary(Goroskop. Muňa köp kişi garşy çykýar. Ýöne men hakykatdan şol oňuşyksyzlyklaryň bardygyna düşündim. Emma şeýle pikirem bar: Nikadan soň bu aradaky zynjyr aýrylýarmyşyn.) 5. Şäherde ýaşaýan we obada ýaşaýan(Deňsizlik bolup biler) 6.Arassaçylyk(Bu eýýäm podtema girýär). 7.Agzybirliligi(Agzybir maşgalada önüp ösen adam soňlgy bn-em agzybir bolýar) Men hiç obada ýa-da garyp ýaşaýany bärde kiçeltjek bolmak. Ýöne deňiňi tapmaly diýýärler. Başga nähili taraplar bar? Her kim öz pikirini aýdaýsa?

Köneler, owreniji tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir