''Söygi oynuny'' oynap gördüñizmi?! Megerem, görensiñiz. Söygi hem daragt mysaly. Onuñ bir baldagyndan yolup alarsyñ-da, sanamaga ba$larsyñ: ''söyyär, söyenok, söyyär.....''. Ony sanadygyñca, yüregiñ süyjüje gürsüldisi artar. Bu oyun köplenc, gyzykly hem. Bu oyun durmu$da-da bar. Hemmämiz ol oyny oynayarys. Ondan kimler üstün cyksa, kimler utulyar. Ol seniñ ''oynay$yña'' bagly. Onda ya utmaly ya-da utulmaly. Ba$ga yol yok. Iñ esasy-utmak, onsañam bu oyunda kimiñ utulasy gelyändir öydyäñ. Bu oyunda köplenc, sen jyzardyñ. ''söyemok'' diyerdiñ-de yeñsäñi el yaly edip giderdiñ. Sen ol oyny ''oyunjaga'' döndürerdiñ. Yöne, barybir, syryñ acylardy. Sen özüñem bilmezden, söyyändigiñi duydurardyñ. Käte sözüñde durup bilmänem, ''ay, bolyar-da söyyärmi$im'' diyip, öz-özüñi yuwmarlan bolardyñ. Bu maña diyseñ lezzet bererdi. Meniñ sanawymda ''söyenok'' sözi asla yokdy. Yogsam sen öykelärdiñ. $onuñ ücinem, köplenc, men saña görä bolyadym. Durmu$da $eyle pursatlar bolyar. Ol, isleseñ-islemeseñ, seniñ boynuña münyär-de, müdümilik saña baglanyp galyar. Yüregime agram salan söygi derdinden-ä asyl-ha saplanma yokdur. Söygi-hojayyn. Oña tabyn bolmakdan gayry cäre yok. Seniñ söygüñ meni aparypdy. Köplenc, ''söygi oynunda'' tereziniñ senli tarapy agyrrak gelerdi. Göyä ceküw da$y öz eliñde yaly, sen meni özüñe kökerip, y$gyñda birneme örtärdiñ. ''söygi oynuny'' oynap yör$ümize indi kän wagt bolupdyr. Oynuñ hem ceni yag$y. Indi söygi daragtynyñ ähli yapragyna cenli bize wepaly bolup galjakdygyny aytsam ynanarmyñ?! Onuñ yapraklary hic mahal tükenmeyär. Ol gutarnyksyz. Daragt yene-de yazda gül acar. Daragt güllerini yañy düwen badyna, biziñ söygimiziñ hem ba$y ''düwüler''. Daragt bilen birlikde biziñ hem y$kymyz gül-gül acylar... Bu söygi oynuny oynamayan barmyka?! Ömür dowam etdigice, ol hem dowam eder. Söygüniñ ömri ömürlikdir. Yöne bu ''oynuñ'' bir $erti bar. Durmu$da gapma-gar$ylyklaryñ bol$y yaly, bu oyunda-da $ol bir düzgün gaytalanyar: '' söyyär, söyenok, söyyär.....''.

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir