Sag bol, durmush!
Sag bol bereniñ uçin.
Shukur, saçagymda kemenok çorek.
Yone adam çorek bilen, adam dal,
Oña bashga-da kan, kan zatlar gerek.

Sag bol, durmush!
Sag bol bereniñ uçin.
Yagyshlaryñ uçin, garlaryñ uçin.
Yone yagysh, gara juda howrugip,
Adamyñ hasratdan olmegi mumkin.

Sag bol, durmush!
Sag bol bereniñ uçin.
Il deñinde yar yerinde yar berdiñ,
Yone yaryñ saçyn yassyk edinip,
Yatmak gylygyna syganok merdiñ.

Dahana soz berdiñ waspyñ diyere,
Dost berdiñ,
shol dosta mynasyp sayyp.
Dost kyn gunuñ gerek,
Dushmanam berdiñ
Shat gunumde aglap biljek ajayyp.

Saglyk berdiñ, duygy berdiñ koñlume,
Dozduñ meni gyshyñ añzak yeline.
"Shu zatlaryñ ashagyndan çyk" diyip
Iñ soñunda galam berdiñ elime.

Bu baglaryñ goni, egri hatary,
Gulleriñ, gunleriñ muñ hili reñki
Adamlaryñ sary ayralyklary,
Elwan dushushygy - bary meniñki.

Gije-gundiz galamymy oynatdym,
Habar sorap gulden, yagyshdan, gushdan.
Ashagyndan çykar yaly dal eken
Kan zat alan ekenim men durmushdan.

Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir