Siz Jynlar barada eýýäm köp zatlary eşden bolsaňyz gerek? Ýöne müň gezek eşdeniňden, birje gezek göreniň ýagşy, şeýle dälmi? Eger jynlary göresiňiz gelýän bolsa mawy ekrana serediň. Jynlary bize eýýäm bir näçe gezek görkezdiler. Golliwudyň düşürýän filimleriniň käbirinde jynlar barada wagyz edilýär. Mysal üçin "Wenom" atly kinofilm jyn bilen adamyň baglanşygy barada gürrüň berýär, elbetde oreginal sýužetda bar zat başgaça bolup geçýär, emma ideýaň özi jyn bilen ykbalyny baglaýan adamyň güýçlenýändigi barada gürrüň berýär. Jynlara gönümel degişli sýužetleriň ýene biri "Pokemonlar" baradaky multifilmdir, hawa, pokemonlaryň barsy jynlar we olary adamlaryň dünýäsinde keşiplendirjek bolmaga ymtylyş. Eger jynlary görüp bolýan bolsa, olar çyndan hem pokemon mulfilimdäki ýaly sypatda bolmaklary ahtymal? Biziň dünýämizde jynlaryň keşipleri azda kände aýan bolsa, biz adamlar jynlaryň dünýäsinde nähili sypata eýe bolýarys? Adamlara Jynlaryň dünýesinde seretseň, adamlaryň barsy ol ýerden ösüp otyran agaçlary ýadyňa salýar. Biz jynlaryň dünýäsinde hiç ýerik bytnap bilemzok, biz şol bir duran ýerimizde durus. Jynlar bolsa biziň aramyzda edil gür tokaýlykda ýaly gezip ýörler. Adam nirä ýöresede, haýsy ýurtda bolsada, oňa jynlaryň dünýäsinden seretseň, ol hiç ýerik bytnamok. Sebäbi jynlar "Pikirler ummany" diýen dünýäde ýaşaýarlar. Şol sebäpden tutuş adamzadyň pikirleri jynlara aýan. Dogrysy pikirler ummany diýilýän ýerde bolýan zatlaryň barsy ähli janly jemende aýan. Ol ummandan käbir bilgiçler informasyýa almaga ukyply, haýwanlaryň köpüsi şol ummanyň üsti bilen öz ara gürleşýärler. Adam nirede bolsada, şol ummandan aýrylyp hiç ýerik gidip bilenok. Jynlar hem adamlary diňe olaryň pikirleriniň üsti bilen görüp bilýärler. Şonuň üçin adamlar jynlaryň dünýäsinde edil ösüp duran agaçlar ýaly bolup görünýär. Adam real dünýäde nirä ýörese ýöräbersen, oň bir ýerik ýöräp barýanyny jynlar diňe adamyň kellesindäki üýtgeýän pikirleriň üsti bilen bilip bilýärler. Jynlaryň dünýäsinde welin adam hiç ýerik bytnananok, sebäbi adam nirede bolsada oň pikirleri jynlara gelip dur.

Jynlara "pikirler ummany" ýakyn bolany üçin, olarda diýseň informasyýa kän. Jynlara biziň materiýal dünýämiziň ähli ylymlaryny bilýärler, sebäbi adamzadyň taryhynda ýaşap geçen alymlaryň barsy, öz pikirleri bilen "pikirler ummanynda" ýazgylaryny galdyryp gitdi. Jyn sözini azajyk başgaça ýazsaň "Geni" sözi emele gelýär. Sebäbi "G" herpy "Jy" diýip hem okalýar. Eger Geni sözüni "Jini" diýip okasaň bar zat öz ýerine otyrýar. Jynlar özlerini akyldar hasap edýärler, emma olaryň adamdan beter samsykdyklaryny köp ýerde görseň bolýar. Jynlar bilen adamlaryň arasynda o diýen köp tapawut ýok. Jynlaryň elinde materiýal dünýäň kanunlary barada köp informasyýa bar, ol hem ähli umumy "Pikirler ummany" zerarly. Jynlaryň "tupoýrakdygy" barada Keramatly Kuranda hem bir näçe gezek aýdylýar. Mysal üçin Şeýtan hem jynlaryň maşgalasyndan, emma ol özüni Perişde ýaly saýýar. Beýik Allah eýýäm näçe gezek Şeýtanyň işiniň nähili gutarjagyny ähli kişä aýtdy, şeýtanyň özinede aýtdy, Pygamberlere we adaty adamlarada aýtdy. Bar zat gutaranyndan soň Şeýtanyň aýtjak sözlerine çenli gürrüň berdi. Seň gutaran tupoý bolmasaň barybir utuljagyňy bilip, dalbaýop ýaly şol bir diwara kelläňi urup durmarsyňa? Şeýtan özi barada näme diýsede, ol bolsa Golliwudyň we çeper edebiýadyň üsti bilen diýseň köp ögünýär. Şeýtan adaty hatarçy jyn, ýöne diýseň köp öwünýär we diýseň köpbilmiş. Şeýtanyň şu wagyda çenli özi barada döreden keşbine sersalsaň ol hamala Allahyň özine garşy giden Perişde syraýar. Hamala ol älemjahanda ýeke özi şeýle daýaw, perişdeleriň gürläp bilmedik ýerinde ýeke özi orta çykyp adamyň ýalňyş ýerini aýdyp bilen jandar. Hamala tutuş älem jahanda ol ýekeje ekzimplýarda we oňa meňzeş başga hiç kim ýok. Hakykatda bolsa şeýtan ýaly miliýon jandarlar bar, ýöne olar adamzat bilen işleri ýok. Olar öz başyna, diňe şeýtan näme üçindir diwary süsýän dalbaýop goýyn ýaly şol bir zady gaýtalyp utyr. Şeýtandan müň esse akylly we kuwwatly jynlar bar, ýöne olar öz mertebelerini gaçyranoklar. Şol jynlaryň birine Kerimi Kuranyň 72-nji bölüminde söz berýärler, we ol şeýle diýýär: —Biziň içimizde bir samsyk barda, biz näme edeýli, bize şol samsykdan bizar boldyk, Allahada dil ýetirip ýatyr, adamlar bilen köne dawwasyny goýup bilenok, aklyndan azaşanmy nämemi? Bizä ol samsyga jynlardan diýmägede utanýas. Şonuň üçin hawa ol Perişdelerden diýen bolaýýas, biz näme edeli?

Her gezek şu süräni okamda öz dalbaýop jigsi üçin ötünç soraýan parasatly bir oglan göz öňüme gelip gidýär. Jynlar barada temany açaňda şeýtanly meseläni goýup bolanok, sebäbi jynlaryň taýpasynyň abraýyny ýere gaçyrýan şol dik-düşdi dalbaýop. Elbetde ol ýeke däl, oň ýanynda aýratyn bir banda bar. Olaryň diňe käbirleriniň atlary bize aýan. Azazel, Bal, Set we şuňa meňzeş.

Arada Youtube kanallaryň birinde bir garry adamyň Kerimi Kurana sögüp otyran wideosyny gördüm. Ol adam ýeke özi gürlänok, oň agzyna sözleri dikdüşdi jynlaryň biri salgy berýär. Iň soňynda ol jynyň kimdigi hem aýan boldy. Ol adam başda "men geni, men geni" diýip gygyryp başlady. Biziň dilimizde bolsa "men jyn" diýmegi aňladýar. Soň bolsa jynyň ady hem aýan boldy. Soň ol adam men ýarag sungatyny gowy görýän diýdi. Ýaragyň hudaýy bolsa Azazel atly çölüň jyny. Şol jyn adamlara ýarag ýasamagy öwretdi, gyzlara kosmetikany peşgeş berdi. Jynlar ölenoklar we olarda ylym toplamaga mümkinçilik diýseň kän. Ýöne olaryň toplaýan ylymlarynyň barsy diňe materiýal dünýä degişli bolmaly. Sebäbi jynlar Allaha we dine gezek gelende örän "tupid" edip başlaýarlar. Sebäbi ýene şol 72-nji sürede, jynlaryň biri ýa-da jemendesi, Allahyň nýetine biz düşünemzok diýip boýun alýarlar. Ondan başga ýene bir mysal: Beýik Allah Suleýman Pygamberiň eline Jynlary hem berdi, (başga zatlaryň daşyndan). Suleýman Pygamber ýogalanyndan soň bolsa, Jynlar epesli wagt oň ýogalanyny bilmän, ony taşlamaga gorkyp durdylar. Suleýman Pygamber öz hasasyna söýenip dik durup jan berdi. Ol ýere ýykylmasa diridir diýip bir giden jynlaryň dünýäsi hiç ýerik bytnaman oň daşynda durdylar, eger Suleýmanyň ýogalanyny bilen bolsalar, olar birje sekunt hem eglänmän ol ýerden gaçyp gitjekdiler görgüliler, emma ol ýykylynça bytnamadylar.

Jynlaryň ösüşde adaty adamlardan känbir öňe gitmedigini bize mukaddes kitaplar subut edýär. Käbir ýagdaýlarda bolsa, jynlaryň örän dikdüşdidigi hem görnüp dur. Mysal üçin ýene şol gargyş siňen şeýtany alaly. Allahyň hut özi gönümel teks bilen iň soňynda seni näme etjegini aýdyp otyr, seň iň soňky gün aýtjak sözleriňi we dowzahyň gradusyna çenli görkezdi, gazanyň markasyna çenli aýtdy, ol bolsa samsyk totyguş ýaly şol bir zady gaýtalap otyr, men adamlary azdyrjak, men adamlary azdyrjak.

Şeýtan Golliwutda kino düşürýär we dünýewi edebiýatynyň baş redaktory. Şeýtany aklaýan kitap ýazsaň ol çyny bilen saňa pul töleýär, emma beýle hereketden soň uzynda durmak kynrak. Meň ýadymda şeýtandan pul alan awtorlaryň biri M. Bulgakow. Şeýtan ol oglana oň "Master we Margarita" eseri üçin gowja töleýär. Eger kim okan bolsa eserdäki Master atly ýazyjy latareý utanyny gürrüň berýär, şol hem şeýtanyň awtor üçin tölegi. Kitaby okanlar şol eserde şeýtanyň ýagşyzadaň keşbinde görkezilendigine göz ýetirip biler. Ýöne kitabyň taryhy entek gutaranok, şol kitaby kino öwürmäge gatnaşan adamlaryň köpüsi ölüme sezewar bolýarlar, eger ynanmasaňyz internetde okap görüň. M. Bulgakowyň özi hem soňky günlerini agyr keselde geçirdi. Gepiň gysgasy şeýtany beýik keşipde şekillendirmek, hiç wagt gowlyga eltenok. Şeýtany ýarym fantastiki şahly we toýnakly sypatda göz öňüne getirmän, ony hakyky şahsyýet hökmünde göz öňüne getirmeli.

Sorag-jogap, Adalat19 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir