Salam dostlar, meni dostluk.ru saýtyndan bäri bilýän we meni yzarlaýanlar bilýändir, men filmlerdäki gizlin salgylanmalara we 11 sanyna köp üns berýärin, men düýn ýene şoňa meňzeş bir salgylanma şaýat boldum.
2016-njy ýylda ýazyjy Den Braunuň eseri esasynda düşürilen Inferno (Jähennem) atly filmi ilkinji görkezilişi bolupdy üç ýyl soň Koronawirus pandemiýasy başlandy. Filmde dünýäniň ilatyny azaltmak üçin wirus oýlanyp tapylşy we gahrymanlaryň wirusyň öňüni almak üçin göreş beýan edilýär. Täsin ýeri filmdäki wakalar Italiýada başlanyp Türkiýede gutarýar.
Düýn 11-nji iýun güni Ýewro 2020 futbol ýaryşynyň açylyş oýuny, Rim şäherinde Türkiýe we Italiýanyň arasyndaky duşuşyk bilen başlandy. Täsin ýeri futbol her toparda 11 oýunçy bolup oýnalýar we Iň meşhur ,,Penalti" jerime urgusynyň aralygyda 11 metr. Oýun Italiýanyň peýdasyna 3:0 bilen tamamlandy.

Täzelikler, Khanture tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir