(Gök böri ýa-da gurt göwünli türkmenleriň ruhy seždesi hakda söhbet)

Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada ikinji eýýämyň oňonynyň gök böri-boz gurt bolandygyny ýazýar. Munuň bilen baglanşykly maglumatlar tutuş taryhymyzyň hem edebi ýazuw ýadygärliklerimiziň süňňüne ornan eken. Hatda türkmenleriň ýönekeý durmuş senetleridir adatlarynyň içinde hem gök böriniň goýan yzlary tagma ýaly görünýär.

– Asmandaky ýyldyrymlap inýän Gök böri ikinji eýýamymyzdaky ylahy oňonymyz.
Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan".

Dürli medeniýetleriň, dinleriň galtaşýan çatrygynda mekan tutan ata-babalarymyzyň gadymy durmuşynda kuwwatlylygy we howandarlygy aňladýan böri mukaddes jandar we ruhy tagzym hökmünde taryhyň bütin dowamynda uly mana eýe bolup gelipdir. Mälim bolşy ýaly, böri Oguz-hun türkmenleriň, Göktürk(men)leriň guran döwleti (552-745 ýyl) döwründe mukaddes oňon haýwany, tagzymy bolup orta çykypdyr. Hytaý çeşmelerinde ýazylyşyna görä, gurt neslinden bolandyklary üçin, Göktürkmenleriň baýdaklaryna altyn-zerden tikilen möjegiň kellesi gelşik beripdir. Gadymy turanlylaryň gurt kelleli baýdaklary dogrusynda Ferdöwsi hem özüniň meşhur «Şanamasynda» agzap geçýär.

Gadymy ata-babalyrymyzyň taryhyny öwrenen we «Gadymy türkler» diýen kitaby ýazan L.N.Gumilew oguzlaryň durmuşynda möjegiň uly ähmiýete eýe bolandygyny ýazýar. Nemes taryhçysy U.Holmberg «Şaman lybaslary we olaryň aňlatmalary» diýen hytaý çeşmelerine salgylanyp ýazan ylmy işinde «Göktürkmenleriň döwletinde we Altaý daglarynda mesgen tutan tardut türkmenleriniň nesil atasy möjek kelleli bir ynsanmyş» diýip ýazýar. Akademik W.A.Gordlewskiý öz işinde: «Gadymy türkler üçin möjek-mukaddes janawer, ol türkleriň ata-babasy, taýpabaşysydyr» diýip ýazýar.

Türki halklaryň arasynda nesilbaşy ata ýa-da on ogly dogran we eklän ene möjek bilen baglynyşykly rowaýatlarbar. Olaryň aglabasy VII asyra degişli hytaý ýazuw çeşmelerinde saklanyp galypdr. Türkşynaslar özleriniň ym işleriniň çeşmeleriniň esasy böleginde rowaýatlara salgylanýarlar. Taryhçy alymlar şol rowaýatlaryň üçüsine köp ünsi çekýärler.

Birinji, ikinji rowaýatlar barada ylmy iş ýazan F.Ependi birinji rowaýatyň hytaýlar bilen bagly bolup, onuň biziň eramyzdan öňki 119-njy ýyla degişlidigini nygtaýar. Ikinji rowaýat oguzlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky gapma-garşylyklaryň, olaryň döwletiniň dargan, goňşy Çin döwleti bilen oguzlaryň arasynda uruşlaryň gazaplaşan döwründe döräpdir. F.Ependiniň belleýşi ýaly, üçünji rowaýat has soňky döwürlere degişli bolup, ol taryhçy N.Ýa.Biçuriniň işinde giňişleýin beýan edilipdir.

Göktürkmenleriň döwletiniň milli nyşany, tagzymy bolup orta çykan möjek ýuwaş-ýuwaşdan jemgyýetiň içki bitewi ruhuna täsir edip başlapdyr. Onuň sypaty, tötemi oguzlaryň ruhy häsiýetine gabat gelipdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz möjege hossarlygy, howandarlygy we halasgärligi başanýan milli häsiýet beripdirler. Gök böri esasy söweş oňony bolup, goşuny edermenlige, ruhubelentlige çagyrýan eýe hökmünde çykyş edipdir. Onuň ady watançylyk çagyryşlarynda, söweş kasamlarynda batly ýaňlanypdyr. Biz muňa aşakdaky gadymy ýazgylarda doly göz ýetirýäris. Göktürkmen döwletiniň beýik serkerdesi Kül Tegin özüniň daş-bina ýazgysynda: «Taňry güýç berendigi üçin atam ýurdunyň esgeri böri kimin, duşman goýun kibidir» diýýär. Gurduň şahsyýetine tagzym edilýän döwürlerde, dörän diýlip hasaplanylýan «AlpÄr Töňňe» dessanynda: «Gurt sürüsine (ordasyna) meňzeş türk ordasynyň garşysyna Çin esgeri taý-çanakdan we düýeden parhsyz bir zatdyr» diýip beýan edilýär.

Serdarymyzyň Ruhnamasynda «Gurduň tüýleri, ýallary gök asmanyň reňkindenemmawy reňkdir» diýip belleşi ýaly, oguz türkmenleri möjegiň tebigy güýjünden, sagdyn ruhundan gaýry, onuň gök ýallaryna, tüýlerine aýratyn ähmiýet beripdirler. Gök, mawy reňki ýaşaýşyň manysyna öwrüp, ony mukaddes saýypdyrlar. Mawy boşluk içre aýlanyp duran Zemini döreden Beýik Taňrynyň nyşany, perdesi hem çyraýy gök reňk diýip hasap edipdirler. Şu ýerde türkmenleriň gadymy dinleriniňyslamyýet bilen has ýakyndygyny bellemek ýerlikli bolar. Çünki «Taňry» sözüniň manydaşy bolan gök, ýaşyl reňke yslam dinine wajyp orun berilýär.
Türkmen halkynyň gök böri, onuň mübärek reňki bilen baglanyşykly tagzymly ynançlaryna gadymy «Oguznamalarda», «Ergenokon», «Bozgurt» dessanlarymyzda, beýleki edebi miraslarymyzda duş gelýäris. «Gorkut ata» dessanymyzda «Gurt ýüzi mübärek, gara başym gurban bolsun gurdum saňa!» diýen ýakymlyjümleler gaýtalanýar.

Elbetde, mukaddeslik Beýik Taňrynyň özüne mahsusdyr. Asmanyň reňkine bürenen gök böriniň reňki ikuçsyz mübärekdir, çyraýlydyr.

Şonuň üçin ata-babalarymyz heniz daşary ýurtlarň medeniýetleriniň täsirine düşmänkä, il içiniň paýhasly gojalaryna «gökçenler» diýipdirler. M.Kaşgarly öz kitabynda «gökçen», «gökşin» sözüniň gök reňki aňladýandygyny ýazypdyr.

Beýik Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde «gök» sözüne köp orun berýär. Onuň «Doga kylyp elim gögegaldyrsam» diýen ýaly goşgy setirleri muňa şaýatlyk edýär. Gök reňke hormat goýmak däbi beýleki türki halklaryň edebi eserlerinde hem köp gabat gelýär. Gyrgyzlaryň meşhur «Manas» dessanynda uly ýaşly, tejribeli, ýurduna köp hyzmat bitiren paýhasly adamlara «gök sakally», «gök böri soltanym» diýip ýüzlenilýär. Bu gadymyeserde her zaman gök sakally birkişi duýdansyz çykyp, adamlara kömege gelýär.
«Ergenokon» dessanynda gök böri gaýalarda durup, ynsanlary azatlyga, erkinlige ýagtylyga çagyrýan, bagtly durmuşa ýol görkezýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Bu gadymy eseriň gyzykly söhbeti özünde beýan edilişi ýaly, «Türk illerinde Göktürküň oky ýetmeýän, Göktürküň goly ýetmeýän» döwürlerinden, türkmenleriň mukaddes ýer hasaplaýan Demir daglaryndan başlanýar. Eserde «Ýeriň göbegi» diýlip hasaplanan Demirdagynyň (käbir maglumatlarda ol Taňry dagy diýlip, atlyndyrylýar – B.Ç.) etekleri, onda oguz türkmenleriniň dört ýüz ýyllap parahat, asuda ýaşaýşy beýan edilýär. Taňrynyň emri bilen örňäp-köpelen Göktürkmenleriň öňünde bu dagyň ýowuz gaýalaryny böwsüp, magdan eredip, gök böriniň ýol görkezmeginde giň jahana, täze ýaşaýşa, owadan dünýä çykmak synagy keserýär. Olar gök ýally möjegiň ýol görkezmeginde maksatlaryna-da ýetýärler.
Şu ýerde ata-babalarymyzyň magdan eredip, Demirdagynyň ýowuz gaýalaryny böwsüşlerinde, demirçilik senedini ele alyşlarynda adamzadyň ilkinji siwilizasiýa geçmeginiň alamaty bar diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Biziň bu buýsançly pikirimiz türk taryhçysy Faruk Sümeriň«Oguzlar-türkmenler» diýen taryhy kitabynda gabat gelýär. Alym: «Olaryň döwlet gurmazlaryndan öňürti Altaý daglarynda ýaşap, demir gurallar ýasandygyny bilýäris. Döwlet guranlaryndan soň bolsa hemme ugurlar boýunça uly başarnyklar görkezipdirler» diýip belleýär. Köp taryhy maglumatlaryň tassyklamagyna görä, VI-VII asyrlarda oguztürkmerileriniň arasynda tebigatyň önümi-magdana, demre bolan mukaddes garaýyş tagzymlyk derejä çenli baryp ýetipdir.

Olaryň ruhy we maddy durmuşynda uly mana eýe bolan demirçilik, magdançylyk örän mukaddes hünärsaýylypdyr. Şol döwrüň nesilleri demre «Gök demir», «Demir ata» diýipdirler. XI asyr alymy Mahmyt Kaşgarly şeýle diýýär: «Köktemür, kerü turmas». Manysy: «Gök demir boş durmaz», «Gök demirýerdeýatmaz».

Asylly maksatlar bilen gök börini özleriniň milli ruhy, ynanjy, oňony hasaplap ýaşan Göktürkmenleriň soňky ykbaly milletimiziň taryhynda uly orun tutupdyr. Şol döwrüň beýik serkerdesi Kül Tegin şeýle diýýär: «Ondan soňra Taňrynyň ýalkamagy bilen, özümiň bagtymyň barbolany üçin, nesibäm bar bolany üçin, ölüp barýan halky baý etdim».

Yslamdan öňki arslan ýürekli, gerçek ärlerimiz bolan Bumyn hany, Alp Bilgäni, Gür Şady we başgada onlarça şahsyýetleri orta çykaran Göktürkmenlerdir.
Olaryňhyzmaty, zehini,paýhasy esasynda Göktürkmenleriň milli döwlet gurluşy kämilbolupdyr. Göktürkmenleriň döreden milli elipbiýi, edebi mirasy,ösen heýkeltaraşlyk, magdançylyksungaty döwürdeş goňşy halklaryňösüşine bat beripdir.
«Ergenokon» dessany, ýokarda belleýşimiz ýaly, taryhda ilkinji Göktürkmen döwletini guran ata-babalarymyzyň döreden milli eseridir. Ol pederlerimiziň ýüzlerçe ýyllap ýurt tutan, messan gezen mukaddes birtopragynyň ady hökmünde mälimdir. Dessanda:

«Ergenokon ýurduň ady,
Börteçene gurduň ady»

diýen sözler hem muny doly tassyklaýar. «Ergenokon» sözüniň manysy «ergene» – dag guşagy, «kon» – dik diýmekdir. F.Reşideddiniň we Abylgazy Bahadyr hanyň ýazyp galdyran maglumatlarynda bu söz «ergenek» hem «kän» diýen sözlerden emele gelipdir, diýilýär. Ergenokondan çykanlarynda Göktürkmenleriň baştutany Börteçene diýen gaýratly, edermen är kişi eken. Käbir taryhy çeşmelerde «Börteçene – gurduň mogolça atlandyrylyşy» diýip beýan edilýär. Bu kiçijik esere Göktürkmenleriň uç-gyraksyz dünýäsi we taryhy ýerleşipdir. Onda aýratyn taryhy tagam bar. Türkmen halkynyň gadymy ruhy çeşmesi, paýhas çuňlugy bolup hyzmat eden bu eser Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy nesliniňem watançylyk hyjuwlaryny goşalandyryp goýberýär. Ata-babalarymyzyň owalbaşky ynanjy bolan mukaddes oňonymyz gök böri, Göktürkmenleriň täze güne, täze eýýama gadam basyşlary bilen baglanyşykly däp-dessurlar, toý-baýramlar, yrymlar halkymyzyň durmuşynda häzirem gabat gelýär. Olar täzeden göz açan çeşmelerýaly çogyp-gaýnap çykyp başlady.

Anadoly türkmenleriniň arasynda «ýylbaşy» «täze gün» diýlip atlandyrylýan Ergenokon baýramy her ýyl buýsançly, ählihalk milli baýramy hökmünde bellenilip geçilýär. Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilýän bu baýramda, toý dabarasynda halkyň hakydasynda saklanyp galan milli däp-dessurlarulanylýar. Bu mukaddes baýramda anadoluly türkmenler Ergenokon baýramynyň şanyna bir bölek demiralyp, ony otdagyzdyryp, çekiç bilen urup döwmekdäbini ýöredýärler. Şol toýdabarasynyň tutulyşy «Ergenokon» dessanynda şeýle suratlandyrylýar: «Her ýyl şol gün gelende, uly toýlartutulypdyr.

Bu toýlarda bir bölek demir alyp, otda gyzdrylypdyr. Soňra gyzdyrlan demri ilki Göktürküň hany gsaç bilen tutup, sandalyň üstündegoýup, çekiç bilen urupdyr. Ondan soňra beýleki türk begleri, ähli il-ulus ýaňky hereketi gaýtalap, baýramçylyga başlapdyrlar».

Merkezi Aziya türki halklaryň arasynda Ergenokon-Nowruz baýramy wagtyň geçmegi bilen dürli häsiýete, dürli röwşe, dürli hili atlara eýe bolupdyr.

Ergenokondan çykan günlerinden milli sene ýazgylary, aý-gün hasabatyny ýöredip başian oguz türkmenleri, bu baýramy «Gurt baýramy» diýip belläpdirler. Gagauzlarda «Gurt baÝramy» diýen toý çäresini geçirmek häzirem ýörgünli.
Bu gadymy milli baýramda türkmenler at üstünde oýnalýan «Gökböri» oýnuny ürç edip oýnapdyrlar. Durmuşa çykjak gyz toý eşiginde ata münüp, toklyny ýa-da geçini alyp ýigitden gaçýar. Kim gyzyň elinden toklyna alyp bilse, gyza şol öýlenýär eken. Gökböri oýnunyň türkmen adatynda has ýörgünli bolandygyny A.Wamberi hem belläp geçipdir. «Gökböri» oýnunyň ady ýüzlerçe ýyllaryň geçmegi netijesinde «owlakgapdy» diýen at bilen çylşyrylypdyr.

Belli bolşy ýaly, geçmişde oguz türkmenleriniň milli söweş tilsimleriniň arasynda «Gurt oýny» diýen söweş emeli ýörgünli bolupdyr. «Gurt oýny» diýen söweş emelinde türkmenler duşman ordasyndan gaçan bolup, garşydaşyny bir amatly ýere, çemine getirip, çar tarapdan güpbasdy edip dargadýar ekenler. Şunuň ýaly söweş emelini türkmen-seljuk soltany Alp Arslan hem Malazgirt söweşinde (1071 ý.) ulanypdyr.

«Görogly» şadessanymyzda Görogly begiň ordasy gurtlara meňzedilipdir. Bu milli eseriň «Serwijan» diýen şahasynda Sapar Köse Öweze garap pederiniň uruş emelleriniň biri «Gurt oýnuny» şeýle beýan edýär: «Öwezjan, biz ikä bölünmeli, ýarymyz şu dagyňarasyndaky ýoda bilen ýagynyň yzyndan kowupýetmeli, ýeten badyňa ýagy bilen gaça urşa başlamaly, ýagynyň ýüzi yzyndan ýetenlere baka öwrüler, şol wagt onuň ýeňsesinden dökülmeli, ine, Göroglynyň «Gurt oýny» şoldur, Öwezjan!»
Türkmen halkynyň arasynda «Gurt ýüzi mübärek», «Gurt geldi – gut geldi» diýen ýaly ajaýyp pähimler duş gelýär. Şonuň ýaly-da, biziňçarwalarymyzyň arasynda «Möjek daran sürüde keselçilik bolmazmyş» diýen yrym bar. Şol ýyl goýun sürüsi köpelgiç, sagdyn bolýarmyş. Möjegiň dişi, dyrnagy, tüýi erbet ruhlardan, göz degmeden, bela-beterden goramaga ukyplymyş. Olaryň adamlar ugur-ýol oň bolsun diýip ýanlarynda göteripdirler. Halk içiniň ýorgudyna görä, ýolda-yzda gurda sataşmak gowulykdan nyşan. «Gurduň gözleri haýyrlydyr» diýlen gepem bar. Türkmen çomrularynyň arasynda «gurduň agzyny baglamak» diýen däp bar. Çopanlar bardy-geldi harasatly ýa-da ümürli (günlerde) howada mal sürüsi ýitende goýunlara möjek daramaz ýaly doga edipdirler. Dogany ýörite molla okadyp ýa-da ýazdyryp, ony ulanypdyrlar. Şeýle hem çarwalaryň aýtmaklaryna görä, möjek ýaralan goýun eti halal hasaplanylýar. Ynançlara görä, möjegiň agyz uran goýun etini, göwreli aýal iýmeli däl. Eger ol iýäýse, onuň göwresindäki çaga gurduň häsiýetine eýe bolýarmyş.

Köp ýyllap goýun yzynda gezen çopanlaryň aýtmaklaryna görä, möjek daran sürüdäki bogaz goýunlargorkanda, olardan bolan guzularyň baganasy buýradan owadan bolýar. Il içinde çagasy bolmaýan aýallara möjegiň pilçesinden suw akdyryp içirseň, önelgesizlikden açylýarmyş diýen yrym bar. Şonuň ýaly-da, çagasy durmaýan aýallaryň ýaňy dünýä inen bäbegini möjegiň bitewi sypyrylan, ýyljak derisine dolap, oňa Böri, Gurt, Möjek, Ogulgurt, Ýazgurt ýaly atlar dakylsa, ol duragan bolýarmyş. Geçmişde ata-babalarymyz şeýle atlary hormat bilen göteripdirler. Olar taryhyň sahypalarynda duş gelýär. Mysal üçin, Alp Arslanyň oglunyň ady Böribarsdyr. Salyr Gazanyň nesil daragtynda Böriçi Gazy diýen ada duş gelýäris.

Häzirki wagtda türkmen halylarynyň gadymylygy hakynda, milli medeniýetimiziň gözbaşy dogrusynda şüweleňli gürrüňler, söhbetler köp gozgalýar. Bu gowy zat. Gadymy hunlaryň halysy diýlip tanalýan Pazyryk halylaryna we nagyşlaryna türkmen milletiniň gadymy ruhy ynançlarynyň şekilleriniň ussatlyk bilen siňdirilmegi diýseň gyzykly zat. Suwuň tolkunlaryna meňzedilip salnan nagyşlaryň aňyrsy mukaddes düşünjelerden gözbaş alyp gaýdýar. Muny 1947-nji ýylda rus arheology Rudenkonyň ýolbaşçylygynda Pazyrak depeliginden tapylan tapyndylaryň arasyndaky möjek şekilleri doly tassyklaýar.

Gadymy, oguz türkmenleriniň halylarynyň gyralaryna möjegiň dişlerine meňzedilip salynýan diş-diş, uçly nagyşlary ýerleşdirmek haly sungatynda iň ýörgünli däp bolupdyr. Şol däpler häzirki döwür türkmen halylarynda, kilimlerinde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň içinde bolup, milli mirasymyzy öwrenen rus alymy W.S.Zaletaýew «Türkmenistanyň gadymy we täze ýollary» diýen işinde dagdan aga-jyndan ýonulyp ýasalan möjegiň kellesine baha berip, ony haýran galmak bilen beýan edýär. Ol türkmen zergärçiliginde duş gelýän möjek şekilleriniň gözbaşynyň gadymy ruhy ynanjymyz-oňonlar bilen baglanyşyklydygyny tekrarlaýar. Türkmen aýal-gyzlarynyň boýna dakylýan bukawynyň nagşynda möjegiň gudratly şekili saklanyp galypdyr. Ol häzirki döwürde hem ýörite daşjagazlar bilen gazma usulynda haşamlanyp ýasalýar.

Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylaryň arasynda möjegiň keşbi (şekili) çekilen her-hili şekiller örän köp. Ol tagzymlyk düşünjäni aňladýandygy üçin gadymy sungatyň merkezine öwrülipdir. Meşhur Fizuly Baýatlynyň doglan ýeri Demirgazyk Yrakda türkmenler öz guran metjidini «Gökböri» diýip atlandyrypdyrlar. Bu metjit häzirem yrakly türkmenleriň iň gelim-gidimli ýeri. Şeýle mukaddes metjidi Garagoýunly türkmenleriniň soltany Şajahan Türkmen «Gök metjit» ady bilen Töwrizde gurdurypdyr.
Şeýle hem gadymyýetde oguz türkmenleri mukaddes oňon şekillerini ýarag esbaplaryna, sanjak-tuglaryna, binagärlikde dürli hili nagyşlar bilen utgaşdyryp salypdyrlar. Gadymy oguz hökümdarlary özleriniň harby güýçlerini, döwletini we döwlet eýesiniň hökümdarlyk hukugynyň berkdigini mukaddes oňon şekilleriniň (öküz, möjek bürgüt, goç) üsti bilen alamatlandyrypdyrlar. VII asyryň taryhy maglumatlarynyň söhbetine görä, Göktürkrnenlerde döwlet baýdagyny goramak ynanylan nökerler «böriler» diýip atlyndyrypdyrlar. Döwrüň ruhy siňen baýdagy göterijiler keremli ynsanlar saýylypdyr.

Hawa, bireýýäm geçip giden wakalaryň sessiz şaýatlary möjek şekilleri şu günki nesillere köp zat hakynda gürrüň berip, geçmişiň öçüşen sahypalaryny aýdyňlaşdyryp gidip otyr. Düýnüň we şu günüň ruhy lowurdap duran Ruhnama türkmen jemgyýetine gowşup, ata-babalarymyzyň öçügsän ruhuny ýene-de direltdi. Onuň sahypalarynda bellenilişi ýaly: «Atalaryň ruhy meniň ruhumda direlýär. Ruh ruhdan döräpdir. Ruh ruhda-da gaýtadan döreýändir».

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir