Geldim ýene saňa, görkiň görmäge.
Görkiň görip, munda rahat ýörmäge.
Sensiz höwesim ýok, galdym alaçsyz,
Çünki men taýýar däl, sensiz ölmäge.
***
Kysmata kaýyl däl diýseňde bolmaz,
Çünki kysmat senden bagyny üzmez.
Kör ynsan dünýäniň gyzygny görmez,
Käbir gözliler hem körçede bolmaz.
***
Diýýäler: “seniň üçin ölmäge taýyn!”
Beýle uly gürleme, goýsana daýym.
Ölmäkäň bir minut pikir edip gör-
Ömrüňden bersene, käbäň hem paýyn!
***
17.05.2021.ý.

Çerkez BAÝLYÝEW

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir