Ýurdumyzyň Ahal futbol topary AFK kubogynda geçiren iki duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp indiki tapgyra çykdy. Birinji oýunda olar Täjigistranyň Rawşan toparyny 3:1 hasabynda ýeňen bolsa, ikinji oýnunda Gyrgyzystanyň Dordoýyny 2:0 hasabynda ýeňdi.
Bu ýaryşda başga toparda çykyş edýän ýurdumyzyň Altyn Asyr topary bolsa indiki tapgyra çykmak üçin, indiki turda Özbegistanyň Nasaf topary bilen garşylaşar. Oýun 20-nji maý güni 17:00 da başlanýar. Nasaf topary 2011-nji ýylda AFK kubogyny eýeläpdi (Şol wagtda Nasaf toparynda ildeşimiz Artur Geworkýan çykyş edýärdi), Altyn Asyr bolsa 2018-nji ýylda AFK kubogynyň kümüş medalynda eýe çykypdy. Altyn Asyr birinji oýunda Täjigistanyň Hojand topary bilen 2:2 deňlikde oýnapdy, Ikinji oýunda bolsa bugün Gyrgyzystanyň Alaý toparyny kynlyk bilen 5:4 hasabynda ýeňdi.

Sport, Khanture tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir