Ine barýaň umydyňa büdräp, Egniň horlugyňa utanyp çala, Uzakda orkestr joşup titräp, Tans edýär owadan gyzlar bilen. Hor elleriň çykaraňok ýeňiňden, Olar birden ýere ýetäýjek ýaly, Geçip barýaň ýigitleriň deňinden, Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň, Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň, Geçip barýan bir syratly oglanyň, Mylakatly söz aýdaryny isleýäň. Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar, Ýörite ýag bilen saçlaryny darap, Olar wagtdanam ozup barýarlar, Özleriniň owadan gyzlaryna tarap. Ah horja gyz, horlygyňdan horlanýaň, Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede, Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar, Seni öýe ugradanok biri-de... Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip, Owadan gülşip ýüregine düşýär, Olar görmegini artdyrjak bolup, Gezegine seniň bilen tirkeşýär. Öýe gelýäň, gyýýar ýüregiň ünjiň, Hasratdan çekilýär iki owurdyň, Aglaýarsyň, "Ah ejejan näme üçin", Meni beýle betgelşik dogurdyň Emma goňşy gelin bir görmegeý dul, Atasyz oglana günäli bakýar, Hem seniň tersiňe gussa-gam çekýär, Owadan dogulma, bagtly dogul. Aglama gyz, uýajygym gam çekme, Bilip bolmaz ykbalyň öňünden Bu howlukmaç ýigitlere at dakma, Kim geçenok öz bagtynyň deňinden. Käte şeýle bolýar, görkdir-görmek, Gidip otyr il-içinden at alyp, Ýöne nämeüçindir tylla-ýüzek dek Ýolda gum içinde galýar sadalyk... Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek, Sada bol aýlaryň doguşy ýaly Şeýle ýigitler bar, olar bar entek Sen dek gaýalarda olaň hyýaly...

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir