Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Ýokary okuw mekdebimde ýashy 70-den geçen mugallymym bar. Pensiýa döwri gelsede ol uly höwes bilen ishleýärdi. Nähili samsyk talyplar bolsada ýaltanman düshündirjek zadyny düshündirip bilýär. Günortan arakesme jañ kakyldy. Talyplar begenip klasdan çykýardylar. Hatda "talyplarym geljekde hor bolmasyn" diýip ylym berýän mugallymada "sagboluñ" diýen sözünede gysgandylar. Mugallym meniñ ýüzümde aladanyñ bardygyny bilip ýanyna çagyrdy-da ýönekeýje tejribe geçirdi. Tejribe ýönekeý bolsada meniñ hijem ýadymdan çykmaz. Tejribe: mugallym çüýshäni suwdan doldurdyda partanyñ üstüne dökdi. "baýram! Seret, çüýshedäki suw döküldi diýip näçe alada etseñem suw çüýshä gaýdyp girmez. Boljak zat boldy. Indi näme üçin alada etýäñ?! Alada etmek ýürek kesellerine, ashgazan ýarasyna (ýazwa) we aýak rewmotizimine getirýändir. seniñ garyndashlaryñ 40-45 ýashyna ýetmänke, 100% bolmasada 95% anyk aýdyp biljek, ýagny olar ýokardaky keseller bilen kesellediler." hormatly agzalar! Dogurdanam boljak zat bolansoñ alada etsek hiç zat yzyna gaýdyp gelmeýär. Ýene-de mugallym maña dünýäniñ beýik shahsyýetlerini (bethowen, benzhamin franklin, enshteýin) beýiklige çykaran söz aýtdy. Ine ol sözler: "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa" akylly adam sözler bilen ýörärmish, samsyk bolsa tersine. Samsyk adama limon düshse (kynçylyk) "men nähili nalaçedeýin, men hiç zat edip bilemok, bu meniñ durmushum". Ol adam terki dünýä bolýar, kellede diñe alada. Durmushuñ gözelligini görmän dünýäden ötýär. Eger-de akylly adama limon düshse ol: "men shu kynçylyklardan nädip çykyp bilerkäm? Geljekde maña nähili sapak bolarka?" diýer. Durmushuñ kynçylygyny limonad eden adamyñ durmushy hakda mysal getireýin. Mary welaýatynyñ baýramaly shäherinde ýashaýan daýhan (adyny gizlin saklamagy makul bildim) daýhançylyk üçin ýer satyn alýar. Ýer beýiklikde bolany ü/n ol ýerä añsat suw çykanok eken. Ýer shorlapdyr, diñe ýandak bitipdir, üstesine ýylanlaram kän eken. Daýhan ýylda ýerinden 20müñ$ girdeji alýar. Nädip bashardyka? Ýylanlary köpeldip dersini aýakgap çykarýan dashary ýurt firmalaryna satýar, ýylanyñ etini restoranlara berýär, zäherindenem derman ýasaýar. Hormatly agzalar! Shu ýazgyny ýaltanman soñuna çenli okan bolsañyz, geljekde azyrak bolsada kömek eder diýip umyt etýän. "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa"

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir