hormatly talyplar,gadyrly agzalar! maňa bir tanyşymdan hat geldi we şu yerde bir blog açyp ol haty bolşy ýaly ýerleşdirmegimi haýyş etdi.hatyň awtory päk ýürekden bize sala salýar,maslahat soraýar. ynha, indi bolsa, haty gylyny gyşartman dikkatyňyza ýetirýärin: "men şu haty size ýazmak bilen siziň berjek maslahatlaryňyza garaşýaryn. men goňşy obadan bir ýigit bilen halaşýaryn.ol bilimli we görmegeý ýigit.ol meni gowy görýär,menem ony oňat görýän.ýöne näme üçindir şol ýigit heniz meniň bilen durmuş gurmanka, maňa: "seni işletjek däl,öýde oturarsyň,okuwyňyda taşlaý..." diýýär.men oňa şunça wagt okabam işlemesem bolmaz-a,onsaň ýaşaýyşam ýeňil däl, iki bolup işläbem günüňi görmek kyn diýip şunça düşündirjek bolýan,emma ol şol özünkini sürüp dur.hazir iş tapsa diplomlam diplomsyzam işlejek.eýsem näme üçin men diplomum bolup işlemeli dälmişim.men olara baryp diňe öý işi bilen,mal-gara bilen meşgullanyp çaga eklemelimişim.dogry, men bu zatlary etjek däl diýemok,ýöne işläbem edip bolýara ol işleri. gadyrly deň duşlar! siz şu ýigidiň pikirlerini nähili görýärsiňiz? deň-duşlar,boýdaşlar, maňa özüňiziň gymmatly maslahatlaryňyzy bermegiňizi haýyş edýärin.

Köneler, mazmun tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir