Bize näme boldy beýle? Şeýle üýtgäýdikmikäk? Öňler ýene gowudy (öňler nämüçindir hemişe göze gowy görünýär). Öý telefonlaryň ýüpsüzi beti hasaplanýan 2000-nji ýylyň başyna dolanalyň. Maşgala bolup üýşüp otyrys, bazar güni, telewizorda seriýal gidip dur, birden reklama başlaýar we obadan jaň gelýär. Ilki ejemiz alar trupkany. Salamlaşyk 5 minut, ýagdaý soraşma 5 minut, öý-içeriň gurgunçylygy 10 minut, soňam täzeliklere geçilýär. Könelerem ýatlanyp bolansoň kakamyz alar. Maşyndan tut walýuta çenli “erkeklere degişli” gürrüňleri şol jaňyň dowamynda degişli daýy-agalar bilen gürrüň ediler. Oňa çenli çagalar ýakadan asylşyp “menem gürleşjek” diýip ýüpüni towlap üzere getirerler. Yzy ýany çagalaryň gezegi. Ýaňy gürläp başlan birine tutduryp, gep baryny goşduryp gyk-wak bolarlar. Myhman gelen bolsa olara çenli öz gepleşme paýlaryny alarlar. Şeýdibem arkaýyn 1,5 sagatdan artyk jaň amala aşyrylar. Seriýal ýatdan çykar.
Ýolda-yzda jaň gelse-de alyp, awtobusda uly-ili bilen içini döküp oturandyrlar. Iki ellerinde goş, şonda-da bir zatdan galyp barýan ýaly gürleşerler.
Häzir ýagdaýlar dramatik ýagdaýda üýtgedi. Internediň, hususan-da smartfonlaryň we wi-fi torunyň elýeterliliginiň netijesini ýaşap ýörüs. Ýa-da almytymyzy alyp ýörüs diýsekmi?!
Jogapsyz jaňlar agdyklyk etmäge başlady. Munuň sebäbini adamlaryň aşa başagaýlygy, multi-iş edişi, telefonyň içindäki software programmalara siňip gidişi, köpçülik ýerlerinde şahsy gürrüň etmekden has-da çekinjeň bolup başlamagy, sosýal media platformalarynda ýüzüşi, sms ýazmagy aňsat görüşi we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýan islegsiz-bilgeşleýin-göwniçökgünliligi zerarly alasy gelmezligi bilen düşündirse bolar.
Jaň gelen wagty ýüzüne sereder, sessize goýar; “häzir keýpim ýok, soň aýlaryn” diýýän tanyşlaryma az gabat gelmedim. Ýada sms’laşyp başagaý bolşup durandyrlar. Dogrusy, hemmämizde azda-kände bu endik bar.
Şahsy özüm, iň köp biri bilen 2 minutdan artyk gürleşmän, aýlyk “sowgat” pakedimiň 500 minudyndan 300+ minudy isrip bolýar. Ilki gutarýany internet, soň sms, emma jaň galýar. Artykmaç gürläp başlasa kişini asyl meselä (point of call) itekläp başlaýan. Bu biziň üns bermeýän emosional kesellerimizden biri bolup biler.
“Y” nesli — (20–40 ýaş aralygyndaky kişiler) ykjam, öndürijilikli, wagtyna buýruk berýän we häzirki işçi güýjüniň aglaba bölegini düzýär. Telefon jaňlaryna jogap bermek bu häsiýetlere laýyk gelmeýänligi sebäpli, iň azalýan aragatnaşyk görnüşine öwrülenliginde geň göresi zat ýok.
1. Jaňlar üns bölüji. Bir mowzukdan beýlekä böküp pikir akyşyny böwsüp bilýärler. Proýektiň üstünde işläp durkaň, jaňda gürleşip bolansoň azyndan ünsi jemlemek üçin 20 minudyňy sarp etmeli bolýar.
2. Telefon jaňlary ulumsy. Kimdir biri size jaň etse, azyndan iki zady göz öňünde tutýar:
· Olaryň zerurlyklary siziň islegleriňizden möhümräk.
· Wagtyňyz bar we bimaza edilmegine garşy däl.
Köp halatlarda bu çaklamalaryň biri ýa-da ikisi hem dogry bolup biler. Emma jaň edýän kişi möhümdigini bildirmek üçin sms oklamaly bolýar. Birnäçe minudyň dowamynda okaljagy ikuçsyz we şoňa görä wagty sazlap bolar.
3. Sms’da pikirlenmäge wagt bar. Jaňlaşylanda bolgusyz zatlary gaýta-gaýta aýtman, çürt-kesik jogaby sms’da ibermek hem wagt tygşytlaýar, hem howadan-suwdan gürrüňleriň öňüni alýar.
Häzir öýjükli telefonlar wi-fi çatuwy üçin ulanylmakdan we çüňkde suwenir hökmünde durmakdan başga wezipe ýerine ýetirmeýär. El telefonlar hemme zadyň ýerini tutmagy başardy. Her haýsymyz öz otaglarymyzda internet gurujylarynyň bize döredip beren ägirt mümkinçiliklerini peýdalanýarys. Jaňlar bolsa gelip ýatyr…jogaplanmajagyny bilselerde…
Bu ýagdaýymyza gynanmalymy, begenmelimi, ýa robot ýaly duýgusyz çemeleşmelimi ony siz özüňiz saýlaň. Ýöne şonda-da öňki döwür gowudy, gyzgalaňlydy…

Taýarlan: Arslan Alaýew

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir