gadyrly yaşlar, hemmangize dünyadaki gowulyklary arzuw edip söze başlayaryn. pöeziya bilen gyzyklanyanlara, onung inçeden inçe dünyasine düşünyanlering dykgatyna aşakdaky goşgyny hödürleyarin. bu goşgyny okanyngyzda beyik missiya, ynsanlyk diyilen beyik ideala çakylyk duyarsyngyz.bu missiya her şahyr bir aheng bilen yüzlenyar. magtymguly: adam bolup adam gadryn bilmeyen, ondan ki otlap yören mal yagşy - diyse, omar hayam: dünya tegelegi bir yüzük bolsa, ynsandyr bezegi zynaty gaşy - diyyar. bu goşguda hem bu mesela başgaçarak çemeleşme duyulyar. hany bir okap görüng,song jogaplaryngyzda baha berersingiz Bolmady. Ýüzüme urdular meniñ, Ümdüzime tutdum tasan mal ýaly. Mähelläñ içinde, göýä bir çölde, Gezdim adam gözläp, suwsan mal ýaly. Nirden geldi oglan başa bu höwes? Men adam gözledim, biçäre kör deý, Agyr mähelleden eşdilmedi ses, Ýogsa men gygyrdym: ”Kim bar bu ýerde?!” Birdenem mähelläñ akymna düşdüm, Ýitdim gitdim, başky höwesim gaçdy. Ejizledim. Menden zor çykdy müşgül, Ynam syndy. Şübhe gözümi açdy. Gan sowady. Karar tapdy ýürek hem. Göwräm oýa dolup ölüp galdym men. Şuny az görmäliñ birek-birekden. Mahal-mahal adam boljak boldum men.

Köneler, galam tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir