Her bir döwletiň milli ideýasy bolmaly, ideýasyz döwlet tokaýda azaşan gyzjagazdan gowy däl. Milli ideýaň näme aňladýanyny gowy düşüner ýaly käbir döwletlerde mysal getireýin:

ABŞ-larynyň milli ideýasy demokratiýa, hususy eýeçilik we kapitalizm.

Ýewropa ýurtlarynyň milli ideýasy adam hukuklaryny goramak, şahsýete sylag. Şol sebäpden Ýewropada geýlaryň hereketi ösýär.

Musulman ýurtlaryň milli ideýalary Yslam dini bilen baglanşykly. Muhammet Pygamberiň ýoluny dowam etmek, Uslam dinini ýer ýüzüne ýaýmak.

Ýewreýlaryň milli ideýasy Ezraýyl ýurdyny dikeltmek, öz watanlatyny gaýdyp almak, ol ýerden araplary kowmak.

Ruslar barada aýdaňda olar şu wagt milli ideýalaryny ýitirdiler we şol ideýaň gözleginde.

SSSR döwletiniň milli ideýasy köplere belli bolşy ýaly komunizm jemgiýetini gormakdy, eger başa barsa başga komuna döwletlerine goldaw bermek we kapitalyzmy ýok etmek.

Nemyslaryň milli ideýasyny öz wagtynda Adolf Gitler ýazyp berdi. Ol ideýalar hem köpümize mälim bolsa gerek?

Meň bilýänje milli ideýalarym şulardan ybarat. Elbetde bulardan başga maňa Eýranyň we turkiýaň milli ideýalary gyzykly, ýene bilip bolsa Hytaýyň milli ideýasy hem gyzykly. Eger bilýän bolsaňyz teswirlerde ýazyň.

Milli ideýa ýok bolanda döwlede nähili zyýan ýetýär? Milli ideýa ýurduň ösüş ugryny aňladýar, eger ösüş ugry ýok bolsa, diýmek oň ters tarapy bar. Ýurtda çykýan ähli kanynlar edilýän işleriň barsy, milli ideýa hyzmat etmeli. Milli ideýa ýoklygynda çykýan kanunlar bir birinden bolgusyz we manysyz bolýar, beýle ýagdaýlary Rusýa federasyýasynyň mysalynda görse bolýar. Ondan başga milli ideýa watançylyk duýgularyny güýçlendirýär, halky bitewileşdirýär.

Sorag-jogap, Zulfikarow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir