Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

Biri eneň, biri uýaň ,biri ýar,
Olarsyz durmuşda many bolmaýar.
Bahara meňzeş, gül görkli gözeller,
Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

Siz bilen başlanýar baharyň başy,
Siz zeminiň zynaty, göwher gaşy.
Dileýärin ak bagt, abraý, ýüz ýaşy,
Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

###

Zenan diýmek ýaşaýyş hem ýylgyryş,
Zenansyz çolaryp galar heňňamlar.
Öýleriň diregi, buýsanjy, bagty,
Şükür barlyňňyza mährem zenanlar.

Şagül Dowadowa

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir