Ata-babalarymyz tarapyndan ir dowurlerden bari peydalanylyp gelinyan, ady rowayatlara giren osumliklerin biri sowutdir(tal).Sowutlerin arasynda ir dowurlerden bari kop ekilyan gornusinin biri hem leylisacdyr. Sowudin bu gornusinin name sebapden basyny asak salap, aglayan yaly gamgyn halda oturany barada iki hili rowayat bar. Rowayatda aydylysyna gora, tal, derek, tut, kerkaw yaly sayaly, alma, erik, garaly, ulje yaly ir-iymisli agaclaryn arasynda osup oturan wagty, cygly yeri, suwy gowy goryani sebapli, yanynda osup oturan agaclara berlen suwlaryn ahlisini, olardan onurti ozi icip, yanyndaky agaclaryn guramagyna sebap bolupdyr. Agaclar indiki yyl yany osup baslan wagty, taly ara alyp, eden isinin nadogrudygyny aydyp, ona kayapdirler. Sonda ol oz eden isinin nadogrudygyny boyun alypdyr, ona okunipdir. Sondan bari"Leylisaç" oz eden isine utanyp, sol yuzuni salkap, asak bakyp oturysyna galyberipdir diyyarler.
Ikinji bir rowayatda bolsa, bir suwly yabyn gyrasyna biri-birini soyyan iki sany yas juwan dususyga geler ekenler. Bir gunden bir gun bu yere gelen yaslar ozara gurrunlesip otyryp howa yssy bolany ucin, suwly yabyn gyrasyna baryp, el-yuzlerini yuwupdyrlar we yzyndan bir-birlerine suw sepisip oynap baslapdyrlar. Sol barmana, birden gyz suwa yykylypdyr. Ol suwda yuzup bilmeyanligi sebapli, her nace jan edip cykjak bolsa-da suwdan cykyp bilmandir. Suw ony kem-kemden asak basyp, oz akymy bilen alyp gidipdir. Oglan derrew suwa ozuni oklap, gyzy halas etjek bolupdyr. Ol nace jan cekse-de, peyda bermandir. Gyz gark bolupdyr. Oglan suwun icinde ony tapjak bolup, kop sermapdir. Yone gyz girdaba dusup yitip gidipdir. Sondan son oglan basyny asak salyp:"Hacan gyz bir yerden cykayarka?!" diyip, her gun yabyn gyrasyna gelip, gyzy gozlar eken. Ol ahyr gyzy taparyn umyt bilen, sol yabyn gyrasyndan gaytman, sol yerde omurlik galypdyr. Rowayatda aydylysyna gora, suwly yabyn gyrasynda osup, sol suwdan oz soyguli gyzyny gozlap oturan gamgyn yigit, suwun icinden gyzy tapjak bolup, basyny asak salyp, aglap, suwy sermelap oturan sowude-tala owrulipdir. Sondan son ol agac "Leylisaç" ya-da "Aglayan tal" adyny alypdyr diylip aydylyar.
Maral Akyyewa
4.03.2021 15:00

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir