" Bu gûn garyndaşlarymyz toŷ edýár. Táze kóýnegimi geýip bezenip nesip bolsa toýa giderin" içimi gúrledip toýa taýynlyk górúp ýórdúm. Táze kóýnegimi geýdim, ýúzime, saçyma serenjam berişdirdim. Toýa dakynýan altyn şaý seplerimi dakyndym, soñra toýa gitmek úçin daşky jaýa çykdym.


Ejem meniñ gelenimi bildi-de:


- Bolduñmy gyzym, ýór hany bol gideli, toýdan gijá galaýmaly - diýip mańa seretdi-de ýylgyryp birdenem bilmedim guwançmy ýa buýsançmy gózi ýaşdan doldy.


-Wah gyzymjan Allam seni ýaman gózden, dilden gorasyn - diýip mañlaýymdan ogşady. Menem ejeme seredip ýylgyrdym, gujakladym.
Biz ejem bilen şáherde ýaşaýardyk. Kakam men 6 ýaşymda entek mekdebe gitmákám aýrylypdy. Kakamyñ ýúz keşbi ýadymda, ol asla meñ ýadymdan çykmazam, ol meñ ýúregimde mydamalyk ýaşar...


Men enem atamyñ ýekeje çagasydym. Menden óñem soñam hiç çagalary bolmandyr. Ýeke bolsamam ózúmi hiç ýeke duýmaýardym, sebábi meñ doganoglan 3 sany doganlam bardy. Kakam aýrylan soñ kakamyñ dogany Ata kakam ejem ikimize gózegçilik etdi. Ata kakam Altyn gelnejem ikisem gaty gowy adamlardy, Ata kakam meñ kakamyñ ýoklugyny bildirmedi. Kâwagt mekdepde ene atalar ýygnagy bolýa "ene atañyz gelsin" diýenlerinde ejem işde bolsa Ata kakam giderdi. Mugallymlara men şu gyzyñ kakasy diýende men gaty buýsanardym.


Ata kakamyñ 3 sany çagasy 2 gyz 1 ogly bardy. Gyzlary uly bolansoñ olary ýokary okuw jaýyna okuwa salyp soñam toý edip óz halaýan ýerlerine durmuşa çykardy. Ogly bolsa menden bir ýaş uly bolansoñ ikimiziñ ýaşymyz deñirák bolany sebápli mydama basdaşdyk. Ol mekdebi tamamlansoñ Ata kakam Magtymguly adyndaky Uniwersitete okuwa saldy. Şonda menem " Rówşeniñ giren okuwyna girjek diýip aglapdym")). Ol házir 2 nji kurs talyby.


Mekdebi tamamlamsoñ meni hem şol ýokary okuw jaýyna okuwa saldy. Házirem ynha Ýurdumyzyñ iñ gózel " Magtymguly adyndaky Uniwersitetiniñ 1 nji ýyl talyby).
Kiçi wagtlarym men Ata kakamlara kóp barardym, doganlarym bilen oýnap şolarda ulaldym diýen ýaly. Ulalamsoñ olara barmamy azaltdym, sebábi mekdepden gelip óýúñ işleri, tikin işleri bilen başagaý bolup geçýárdim. Ýokary okuw jaýyna girip há asylam bar zady unutdym. Ejem káwagt "Ata kakañlara gitjek ýór senem" diýip ákidýárdi.


Ejem iş bilen men okuw, tikin çatyn bilen óz gúnimizi ózúmiz górjek bolýardyk, Ata kakam náme kem zadyñyz bolsa aýdyñ diýse-de ejem azar bermejek bolup:


- Seni okuwa saldy, şu wagta çenli kómek etdi, Hudaýa şúkir, olarada añsat dál. Gyzy bar, ogly bar túweleme agtyjaklary bar olaryñam ýúki ýetik. Gyzymjan óz gúnimizi ózúmiz górjek bolaly - diýýárdi.


Káwagtam:


- Señ bilen arkaýyn oturyp gúrleşip bilemokda hiç. Men işden gelsem sen mydama tikin bilen başagaý ýanyńda-da mydama gelin gyz. Túweleme gyzym ediber şeýtde el işinden saña zyŷan gelmez hiçem, okuwyñam unutmagyn ýóne.


Gyzmjan birini halaýan bolsañam aýt şo oglana góni ejesini meñ ýanyma ugratsyn, ugratmasañ gúrleşjek dál diý, kakañ sarpasyny Ata kajañ ýúzini ýere etmegin balam - diŷip sargaýardy.
Hawa mańa eýle bol, beýle bol diýip sargaýan ýeke ejem dáldi. Ata kakamyñ ogly doganym Rówşenem:


- Leýli saña kim azar berse maña aýtgyn men ózúm çáresini górerin, ýóne agyz ózúñ ŷylgyryp seredáŷmegin birinede bilsem ýemşik ýúziñi óñkidenem beter ýemşerderin - diýip gúlýárdi.


Klasdaşlam toý etse Rówşen bilen gidip gelýádim. Men nirá gitjek diýsem, edip oturan işini taşlap gelýádi meni âkidip getirmek úçin. Dogrusy káwagt maşyny remontda bolaýmasa, meni sypdyranok. Okuwdanam gaýdamyzda bilerák gaýdýas, káwagt oglanlar bilen gúýmense "bar ózúñ gaýdyber, men soñ gaýtjak" diýýádi. Oglanlaryñ kópúsi ikimiz dogandygymyzy bilýárdi, bilmeýánlerem bardy arasynda. Bir gezek Rówşen maña "bar gidiber men soñ gaýtjak" diýende ýanynda duran oglanlañ biri:


- Dost ózúñá gowja gyz tapynypsyñ, mañada tapaýalyda gowjasyny, şolar ýaly betje zat, jorasy zady ýokmy - diýende oñ bilen uruşmañ bári ýany bolupdyrlar, dostlary, beýleki oglanlar zordan aralaşdyrypdyrlar....

Dowamy bar....

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir