7 aýlyk arakesmeden soňra, Türkmenistanda demir ýol gatnawlary bölekleýin ýagdaýda dikeldilip başlandy.

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berşi ýaly, gatnawlar hepdede bir gezek Aşgabat ― Türkmenabat we Türkmenabat ― Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Saýtdaky maglumatda hem görkezilişi ýaly, otly Aşgabatdan Türkmenabada her hepdäniň çarşenbe güni ýola düşer. Penşenbe güni bolsa ol yzyna ― Türkmenabatdan Aşgabada ugrar.
Jemgyýet welaýatlara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň şu ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygyny habar berdi.
Biletler häzirki wagtda diňe kassalarda satylýar.

Täzelikler, Mister X tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir