Baglar pyntyk yaryp, acyp gullerin,
Begres yasyl dona burenip collerin.
Heyjana getirip, ulus-illerin,
Busluk, bizin ile bahar gelipdir!

Bilbil perwaz urup, gulun yskynda,
Gosa ganat yayyp, konul kosgunde.
Ysky paylap gulaleklen muskunde,
Busluk, bizin ile bahar gelipdir!

Her oy garsy alyar myhman geleni,
Eneler gazana atyar semeni.
Yaz gulunden sowgat edip cemeni,
Busluk, bizin ile bahar gelipdir!

Owlak-guzy sesin gosup car yana,
Bokjeklesyar bayyrlarda her yana.
Turkmen yaylasyny getirip jana,
Busluk bizin ile bahar gelipdir!

Gocgunli setirler yurekde dynzap,
Gozellige melul bolyar ezizlap.
Turkmenin owadan kalbyna menzep,
Busluk, bizin ile bahar gelipdir!
1.03.2021 00:00

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir