Öýüni täzeden remont etmek islän bir ýapon,öýüň diwarlaryndan birini döwýär.Bu diwaryň arasynda darajyk bir boşluk bolup, bu boşluk iki tagtadan ybaratdy.Döwmek netijesinde daşyndan kakylan çüýe,aýagy gapjalan hažžyga gözi düşýär.Ýapon hažžygy görüp ýüregi bulanýar,emma şol wagt ol,bu barada çuňňur oýa batýar.Hažžygyň aýagyny gapjan çüý,on ýyl mundan ozal kakylypdy.
Şunça ýyl,hiç hili hereket etmezden,bu hažžyk,nähili ýaşap bildi?Bu nähili bolup biler?Sowallaryň jümmüşünde galan ýapon,işini bir çete goýup,hažžygy synlamaga başlaýar.Şol wagt diwarlaryň arasyndan başga bir hažžyk çykyp geldi we agzyndaky iýmit bilen...Ýapon bu görnüşe haýran galdy.Bu nähili söýgi?Aýagy çüýlenen hažžyk on ýyl dowamynda,başga bir hažžyk tarapyndan bakylýardy.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir